Biz ýaňy-ýakynda on iki ýyllyk bilimiň kämilleşdirilen okuw meýilnamasyny makulladyk diýip, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji iýunda Ylymlar akademiýasynda geçiren maslahatynda aýtdy.
Prezidentiň bu çykyşy Türkmenistanyň orta mekdeplerinde gaýtadan 10 ýyllyk bilime geçilmek ähtimallygynyň ýokary wezipeli bilim resmileri derejesinde gürrüň edilýändigi barada Azatlyk Radiosyna gelip gowşan maglumatlaryň yzýanyna gabat geldi.
“Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary we Döwlet umumybilim edaralary hakyndaky Düzgünnamalary tassykladyk. Bu bolsa milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde möhüm ädimdir” diýip, döwlet baştutany bu düzgünnamalaryň jikme-jiklerini aýdyňlaşdyrmady.
Ylymlar gününe bagyşlap geçiren maslahatynda türkmen lideri çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek üçin Bilim ministrligine mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlap, Ministrler Kabinetine seretmek üçin bermegi hem tabşyrdy.
16-18 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň zähmet çekmäge höwesiniň, durmuşda we jemgyýetde öz ornuny tapmaga isleginiň artýandygyny nazara alyp, on iki ýyllyk orta bilimiň umumybilim basgançagynda orta bilim bilen bir hatarda, okuwçylara işçi hünärlerini hem öwretmeli diýip, Berdimuhamedow aýtdy.
“Etrap, şäher häkimlikleri sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine laýyklykda, orta mekdepleriň okuwçylarynyň işçi hünärlerine eýe bolmagy üçin okuw-önümçilik merkezlerini döretmeli” diýip, döwlet baştutany aýtdy.
Türkmenistanyň bilim ulgamynda mundan beýläk bäş basgançak binýatlyk esas hökmünde bellenilýär:
•mekdebe çenli bilim (şol sanda başlangyç bilime taýýarlyk);
•orta bilim (başlangyç bilim, esasy bilim, umumy orta bilim);
•orta hünär bilimi;
•ýokary hünär bilimi;
•ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi.
Häzirlikçe bu basgançaklaryň haýsy ýaş aralygyny öz içine alýandygy, şeýle-de olaryň haýsylarynyň hökmany we haýsylarynyň hökmany däldigi aýdyňlaşdyrylmaýar. Şeýle-de, 16-18 ýaş aralygyndaky okuwçylara işçi hünärlerini öwretmek düzgüniniň anyk nähili boljakdygy barada hem jikme-jik maglumat berilmeýär.
Türkmen häkimiýetleriniň bilim ulgamyna degişli kabul eden täze kararlary, ýurduň orta mekdeplerinde 12 ýyllyk bilimi gaýtadan 10 ýyllyga geçirmek ähtimallygy barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi derejesinde gürrüň edilýändigi hakda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň we ygtybarly çeşmeleriniň beren maglumatlarynyň yzýanyna gabat geldi.
“Soňky döwürde orta mekdepleriň 10 ýyllyk boljakdygy baradaky gürrüňler güýçlendi. Ahal welaýatynyň bilim bölüminiň bir işgäri bilim ulgamyny üýtgetmek meselesine seredilýändigini aýtdy. Ýöne entek ähli zat bulam-bujarlyk. Ýurduň Bilim ministrliginde täze okuw shemasyny taýýarlamak barada hem gürrüň edilýär. Ýöne heniz 12 ýyllygyň 10 ýyllyga geçiriljekdigi ýa-da geçirilmejekdigi barada anyk bir netije ýok” diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri bu barada baryp maý aýynyň başynda habar beripdi.
Şonda habarçy Türkmenistanda diplomy kabul edilýän daşary ýurt uniwersitetleriň sanawy yglan edilenden soňra, türkmen häkimiýetleriniň “bolup bildiginden az studentiň ýurduň daşyna okamaga gitmegini gazanmaga çalyşýandygyny” hem belläpdi.
“Orta mekdepleriň ýokary klas okuwçylary üçin bilimiň tölegli bolmak ähtimallygy barada hem aladalar, gürrüňler bar. Ýagny, häkimiýetler bu usul arkaly doly orta bilim alýan ýaşlaryň sanyny azaltmak isleýär. Şeýle-de, bu daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almak isleýän studentleriň sanyny hem awtomatik görnüşde azaldar. Sebäbi köp maşgalalaryň hem orta mekdepleriň soňky ýyllary, hem-de ýokary bilim üçin töleg tölemäge maddy mümkinçiligi ýetmeýär” diýip, habarçy aýdypdy.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde 12 ýyllyk bilimi 10 ýyllyga geçirmek ähtimallygynyň gürrüň edilýändigi barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki biri-birinden garaşsyz habarçylary mundan öň hem habar beripdiler. Ýöne Azatlyk Radiosyna bu maglumaty degişli resmilere ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.
Çarşenbe güni geçirilen maslahatda prezident tölegli esasda okadylýan ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we giňeltmek üçin, olary doly hojalyk hasaplaşygyna tapgyrlaýyn geçirmeli hem diýdi.
2010-njy ýyldan bäri Türkmenistanda bilim we ylym ulgamlaryny, şol sanda akademiki, ýokary, orta hünärmen we umumybilim berýän mekdepleri özgertmek wezipelerini durmuşa geçirmek üçin ylym we bilim ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge 16 milliard amerikan dollaryna golaý serişde goýberildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.