Sosial ulgamlaryň özbek segmentinde prezident Şawkat Mirziýoýewiň giýewi Otabek Umarowyň suraty barada gyzgalaňly gürrüň edilýär. Blogger Sanjar Hoja tarapyndan goýlan fotosuratda, prezidentiň howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň orunbasary Richard Mille RM UP-01 Ferrari goşar sagady bilen görkezilýär. Ol sagadyň bahasy 1,8 milliondan, iki million dollar aralygynda durýar. Sosial media ulanyjylary döwlet gullukçysy Umarowyň haýsy girdejiniň hasabyna özüne birnäçe milliona durýan sagat satyn alyp bilendigini maslahat edýärler.
«Döwlet gullukçysy Otabek Umarowyň goşaryndaky sagadyň bahasy adaty salgyt töleýjiler tarapyndan tölenýär. Sagadyň bahasy 1 million 880 müň dollara barabardyr. Bu bolsa 32 müň 932 pensioneriň ondan-oňa zordan ýetirinýän aýda alýan pensiýasydyr. Aýlyk bilen ýaşaýan salgyt töleýji döwlet gullukçysy nädip şeýle sagady satyn alyp bilýär?» diýip, blogger Sanjar Hoja sorag goýýar.
Richard Mille UP-01 Ferrari sagatlary çäkli derejede öndürilip, ondan jemi 150 nusga satuwa çykaryldy.
«Prezidentiň giýewi haýsy serişdä satyn aldy we onuň girdeji deklarasiýasy barmy, salgytlary tölenipmi?» diýip, blogçy ýene sorar goýýar. Ne-hä Otabek Umarowyň özi, ne-de administrasiýanyň beýleki resmi wekilleri Sanjar Hojanyň goýan sowallaryna henize çenli jogap bermediler. Ýöne bu post barada pikir alyşýan we ony paýlaşan ulanyjylary köp.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň ozalky geçiren barlaglary Mirziýoýewiň hökümetiniň goldamagy bilen Umarowyň töweregindäki adamlaryň, şol sanda onuň doganynyň uly kapital toplandygyny we köplenç öz girdejilerini gizlemek üçin, çylşyrymly korporatiw gurluşlaryň üsti bilen hereket edendigini görkezdi.
Umarow köplenç Özbegistanyň syýasy we ykdysady elitalary üçin, çal kardinal diýlip atlandyrylýar. «Özbegistan korrupsiýanyň, garyndaşparazlygyň we häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanylmagynyň ýokary derejede bolmagy bilen häsiýetlenýän, awtoritar döwlet bolmagynda galýar» diýlip, Transparency International golaýda geçiren hasabatynda aýtdy. Şol bir wagtda, Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda "syýasy we ykdysady özgertmelerde käbir öňe gidişlikleriň gazanylandygyny" hem belledi.
Resmi taýdan orta derejedäki resmi bolsa-da, Umarow soňky ýyllarda Özbegistanda meşhurlyga eýe boldy. Ol belent mertebeli myhmanlar we arap şeýhleri bilen aragatnaşyk saklaýar, şeýle hem özbek sportunyň howandary hökmünde, öz täsirini işjeň ösdürýär.
Umarow prezidentiň kiçi gyzy Şahnoza Mirziýoýewa bilen durmuş gurdy. Şahnoza Özbegistanyň Milli sosial üpjünçilik edarasynyň müdiriniň birinji orunbasary bolup işleýär. Ondan öň ol Bilim ministrliginiň mekdebe çenli irki çagalyk bilim syýasatynyň emele getirilmegi we durmuşa geçirilmegi bölümine başlyklyk edipdi. Bu är-aýalyň üç gyzy bar.
Umarowyň derejesini kämilleşdirmegiň esasy şerti onuň 7Saber şahsy haryt bazary bolup durýar, ol ýurduň milli olimpiýa ýygyndysy üçin, egin-eşik öndürýär. Umarowyň 2021-nji ýylda işe başlan harytlar markasy mundan üç ýyl öň birdenkä Özbegistanyň gaz şertnamalarynda aralykçy hökmünde orta çykan, Ultima Group kompaniýasynyň ulgamy bilen gös-göni aragatnaşykda boldy.
Ultima Group kompaniýasynyň bu duýdansyz maliýe üstünlikleriniň ählisi korporatiw fantom, ýagny aýratyn alamat bolup durýar. Ol kompaniýanyň iş saýty ýa-da beýleki bir jemagat öňündäki açyklamasy ýok, onuň resmi eýeleriniň biri bolsa, hiç haçan biznes işine gatnaşygy bolmadyk pensioner aýaldyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum