Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Forum 18" dini ynanjy sebäpli harby gullukdan ýüz öwren raýatyň iki ýyllyk düzediş işine höküm edilendigini aýdýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Maryda Ýegowa şaýatlarynyň wekili dini ynanjy sebäpli harby gullukdan ýüz öwrendigi üçin iki ýyllyk düzediş işlerinde işlemäge höküm edildi. Bu, 2021-nji ýyldan bäri Türkmenistanda dini ynanjyna görä harby gullukdan ýüz öwürýänleriň höküm edilmegi bilen bagly bilinýän ilkinji wakadyr. Bu barada düýbi Norwegiýada ýerleşýän dini habarlary çap edýän “Forum 18” guramasy habar berýär.

“2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Baýramaly şäher kazyýeti Ýegowa şaýatlarynyň 21 ýaşly wekili Arslan Wepaýewi dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrandygy üçin iki ýyl azatlykdan mahrum etdi” diýip, neşir 8-nji ýanwarda çap eden maglumatynda bu barada özlerine kazyýet resmisiniň maglumat berendigini belleýär.

Maglumata görä, Wepaýew bu karary welaýat kazyýetine şikaýat edýär. Şondan soňra, 2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Mary welaýat kazyýetinde üç kazydan ybarat topar Wepaýewiň şikaýatyny diňleýär.

“Ertesi güni [8-nji ýanwarda] yglan edilen kararda şikaýat kazyýeti [Wepaýewiň iki ýyl azatlykdan mahrum edilmegi baradaky] kararyny iki ýyllyk düzediş işlerinde işletmek kararyna üýtgedip, gazanjynyň 20 göterimini hem režime bermelidigi barada karar çykardy. Wepaýew bu karardan soň, tussaghanadan boşadyldy” diýip, neşir kazyýet resmisine salgylanyp ýazýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurduň raýaty bolan her bir erkek adamdan harby borçlulyk talap edýär.

Ýurduň Jenaýat kodeksiniň “Harby gulluga çagyrylyşdan boýun gaçyrylmagy” baradaky 241-nji maddasynda “harby gulluga çagyrylyşdan boşadylmagy üçin kanuny esaslary bolmadyk ýagdaýynda şeýle gullukdan boýun gaçyrana, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasynyň berilýändigi” aýdylýar.

“Forum 18” guramasyna görä, 2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda tussag edilen Wepaýew öz şikaýat arzasynda Harby gulluga çagyryş edarasyna harby gulluga gitmekden boýun gaçyrmagynyň dini ynanjyna esaslanýandygyny we alternatiw raýat gullugyny ýerine ýetirmäge taýýardygyny ýazmaça düşündiripdir.

“Ýegowa şaýatlary ynançlary sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrýarlar we haýsydyr bir ýurduň goşunyny goldaýan hiç hili iş alyp barmaýarlar. Ýöne olar halkara adam hukuklary kanunlaryna laýyklykda, ynançlary sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrýan beýleki adamlar ýaly alternatiw, gullugyň bütinleý raýat görnüşini berjaý etmäge taýýardyrlar” diýlip, maglumatda bellenýär.

Türkmenistanda Ýegowa şaýatlarynyň yzarlanmagynyň, dini azatlyklarynyň bozulmagynyň uzak taryhy bar. Bu, esasan Ýegowa şaýatlarynyň dini ynançlary sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrmagy bilen bagly.

Ýöne bellesek, Wepaýewiň höküm edilmegi, 2021-nji ýylyň martyndan bäri Türkmenistanda dini ynanjyna görä harby gullukdan ýüz öwürýänleriň höküm edilmegi bilen bagly bilinýän ilkinji wakadyr.

Eýse, bu waka türkmen hökümetiniň Ýegowa şaýatlaryna garşy basyşlaryny gaýtadan güýçlendirýändigine yşarat edýärmi?

“Forum 18” guramasynyň redaktory Feliks Körli (Felix Corley) 9-njy ýanwarda Azatlyga beren interwýusynda türkmen hökümetiniň dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrýan adamlara alternatiw gulluk hödürlemegiň deregine, olary türmä ibermäge gaýtadan başlandygyna çalym edýändigini aýtdy. Şol bir wagtda-da, ol häzirlikçe anyk bir zat aýdyp bolmajakdygyny hem belledi.

“Olar [türkmen häkimiýetleri] Arslan Wepaýewden başga-da, dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrýan Ýegowa şaýatlarynyň ýene bir wekili Agabek Rozbaýewe garşy hem jenaýat işini gozgadylar. 6-njy ýanwarda gozgalan bu jenaýat işi hem Jenaýat kodeksiniň 241-nji maddasyna esaslanýar. Rozbaýewiň kazyýet işi tamamlananda, biz munuň täze tendensiýamy ýa-da däldigine has gowy düşüneris. Bu ýagdaýda başga adamlaryň bardygyny hem bilýäris. Ýöne şuňa meňzeş kazyýet işleri bolan bolsady, onda biz bular barada eşiderdik” diýip, Körli belledi.

Şol bir wagtda, ol soňky ýagdaýlaryň, Ýegowa şaýatlary bilen bir hatarda, beýleki dini akymlaryň wekilleriniň arasynda hem dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrýanlar üçin türkmen häkimiýetleri tarapyndan jeza beriş çäreleriniň gaýtadan güýje girizilip başlanmak ähtimallygy baradaky aladalaryň artmagyna getirip biljekdigini hem nygtady.

Bellesek, bu maglumat, Türkmenistanyň käbir sebitlerinde Ýegowa şaýatlaryna garşy basyşlaryň güýçlenýändigi barada Azatlygyň çap eden habaryndan iki aý çemesi soňa gabat geldi.

Geçen ýylyň noýabrynda Lebap we Balkan welaýatlaryndaky habarçylarymyz Ýegowa şaýatlarynyň listowkalary paýlaýan wekilleriniň tussag edilip, soraga çekilýändigini we polisiýa işgärleriniň öýlere reýd geçirýändigini habar berdiler.

Din azatlyklaryny iň gödek depeleýän ýurtlaryň hatarynda agzalýan Türkmenistanyň hökümeti özge dinlileriň, hususan-da, Ýegowa şaýatlarynyň ýanamalara sezewar edilýändigi barada aç-açan gürrüň gozgamaýar.

Türkmen wekilleri adam hukuklary boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişi barada berýän döwürleýin hasabatlarynda ilatyň din azatlygynyň berjaý edilýändigini hem öňe sürýärler.

Ýöne ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça çap edýän ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistan soňky onýyllyklarda "aýratyn alada döredýän" ýurtlaryň arasynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG