Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň polisiýasy hususy ulaglara jerime ýazmak işini güýçlendirdi


Aşgabadyň köçesinde polisiýa işgäri. (Illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň köçesinde polisiýa işgäri. (Illýustrasiýa suraty)

Aşgabatly awtoulag sürüjileri ýene-de polisiýa tarapyndan köp saklanýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaý ýylyň başyndan bäri dowam edýär.

Aşgabadyň köçelerinde polisiýa işgärleriniň sany adatdakysyndan has köp. Azatlygyň paýtagtdaky habarçysynyň maglumatyna görä, ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerini köçelerde, çatryklarda, bazarlarda alyjylaryň ulaglary üçin niýetlenen duralgalarda, seýil baglaryň girelgelerinde, ýangyç beketlerine sowulýan ýollaryn gyralarynda görse bolýar.

"Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärleri eli ala taýakly, geçip barýan esasan hususy ulaglary saklap, sürüjilik şahadatnamasyny we ulagyň tehniki pasportyny soraýarlar" diýip, çeşmeleriň biri 9-njy ýanwarda Aşgabatdaky ýagdaýy suratlandyrdy.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan paýtagtly sürüjiler polisiýa işgärlerini görende örän birahat bolýandygyny, sebäbi polisiýanyň saklan awtoulagdan bahana tapyp, hökman jerime salýandygyny aýtdy.

"Ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine we hereket howpsuzlygyna gözegçilik etmäge borçly polisiýa işgärleriniň işi sürüjileriň düzgünleri berjaý edişine gözegçilik etmek däl-de, olara jerime ýazmakdan ybarat. Sürüjiler polisiýadan iňňän nägile" diýip, aşgabatly awtoulag sürüji aýdýar.

Polisiýa işgärleri ýollarda saklaýan ulaglarda başga kemçilik tapmasa onuň daşky görnüşini, şol sanda hapalygyny bahana edip, 100-200 manat aralygynda jerime salýar.

Soňky günlerde jerimä sezewar bolan sürüjileriň sözlerine görä, awtoulag eýesiniň elinden sürüjilik şahadatnamasy alynýar we jerimäni tölemek üçin kwitansiýa berilýär. Sürüji kwitansiýany töläp polisiýa eltip berýänçä oňa sürüjilik ygtyýarnamasyna derek, wagtlaýyn bir kagyz berilýär.

Polisiýanyň bu hereketi garly, ýagynly we tozanly howada tebigy ýagdaýda hapalanýan awtoulaglaryň eýelerini agyr güne salýar.

Polisiýanyň jerimeleri sürüjilerde nägilelik döredýär we açyk garşylyk görkezýänler hem bolýar.

"Ýol gözegçilik gullugynyň işgäri sürüjiniň hususy ulagyny Aşgabat şäheriniň ýol gözegçilik gullugynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän howlusyndaky jerime duralgasyna gabady. Ulagyň sürüjisi öz hukugyny talap etmek maksady bilen, ýol gözegçilik gullugynyň işgäriniň üstünden prokuratura arza ýazdy" diýip, çeşme gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýazylan arza sürüjiniň garşysyna ulanylypdyr.

"Prokuratura arza ýazan sürüjiniň 2024-nji ýylda näçe gezek ýol hereketiniň düzgünlerini bozanlygy barada maglumat toplady, ol ýol gözegçilik gullugynyň işgärine paýyş sözleri aýtmakda we öz wezipesini ýerine ýetirýän polisiýa işgäriniň şahsyýetini kemsitmekde günälendi. Sürüjiniň işi Bagtyýarlyk etrabynyň kazyýetine geçirildi" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk aladalary sebäpli çeşmeleriň we sürüjiniň atlaryny agzamakdan saklanýar.

Anonimlik şertinde gürleşen çeşme suduň karary bilen sürüjiniň 15 gije-gündizlik wagtlaýyn tussaglyga höküm edilendigini gürrüň berdi. Çeşmäniň sözlerine görä, polisiýanyň işgärleri bu ýagdaý "başga sürüjilere garşylyk görkezmez ýaly sapak bolar" diýip hasap edýärler, sürüjiler bolsa oňa polisiýanyň eden-etdiliginiň ýene bir mysaly diýip seredýärler.

Türkmenistanda raýatlaryň kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan edilýän basyşlara we bikanunçylyklara garşy durmak mümkinçiligi çäkli bolmagynda galýar.

Azatlygyň ýurt içindäki habarçylarynyň ençeme maglumatyna görä, raýatlaryň kanun esasda hukugynyň goralmagyny sorap, Içeri işler ministrligine, prokuratura we suda ýazýan arzalary köplenç kanagatlandyrylmaýar, käwagt özlerine garşy ulanylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG