Gaz pudagynda tejribesi bolmadyk özbek kärhanasy gaz üpjünçiligi üçin, nädip 100 million dollardan gowrak bolan döwlet şertnamalaryny aldy? Biz kärhananyň eýeleri barada barlag geçirdik we olaryň ýurduň prezidentiniň giýewi bilen gatnaşyklaryny tapdyk.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan geçirilen barlagda, az tanalýan kompaniýanyň Özbegistanyň prezidentiniň maşgalasy bilen baglanyşygy bolansoň, 100 million dollardan gowrak bolan gizlin hökümet şertnamasyna, şol sanda ýurduň iň uly sement zawodyna gazy ýokary bahadan üpjün etmek boýunça millionlarça dollarlyk şertnama gol çekdi.
Ultimo Group Limited kompaniýasy bilen baglaşylan girdejili hökümet şertnamasy, hususan-da, prezident Şawkat Mirziýoýewiň we onuň egindeşleriniň ýurduň syýasy ýolbaşçylary bilen iň ýokary derejelerdäki aragatnaşyklaryndan, girdeji gazanýandygyny görkezýär.
Geçen ýyl Mirziýoýew gaz ýetmezçiligi sebäpli dörän dartgynlygyň netijesinde, ýurduň ýangyç-energetika pudagynda dörän korrupsiýany köki bilen ýok etmegi häkimiýetlere tabşyrdy. Ol Özbegistanda açyklygy we dürli öwrümleriň bes edilmegini gaýta-gaýta talap edipdi. Merkezi Aziýadaky ilat sany boýunça iň iri döwletiň (37 million adam) uly gaz gorlary bar. «Şu günki günde hiç kimiň düýnki ýaly işlemäge haky ýok. Siziň hemmäňiziň bilşiňiz ýaly, häzirki döwürde jemgyýetiň ähli ulgamlarynda, aç-açanlyk we aýanlyk bar. Gizlinlik, aýdyň bolmazlyk, garyndaşparazlyk indi ýol almaz» diýip, Mirziýoýew 2019-njy ýylda aýtdy.
Emma Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan geçirilen barlagda, Mirziýoýewiň giýewiniň Ultimo Group bilen gös-göni baglydygy anyklandy. Öň näbelli kompaniýa 2021-nji ýylda, ýurduň iň uly sement öndürijisi “Qizilqumsement” zawodyna tebigy gazy satmak boýunça döwlet kontraktyny aldy. Şertnamada gazyň bahasy artdyrylyp, azyndan 36 million amerikan dollaryna barabar bolan möçberde düzülipdir. Şol bir wagtda Ultimo Group öň bu hili iş bilen meşgullanmandyr.
“Ozodlik” Radiosy tarapyndan alnan resminamalarda, döwlet eýeçiligindäki monopoliýa bolan "UzTransGaz" kompaniýanyň Ultimo Group hasaplaşyklaryna 66 million dollardan gowrak geçirilendigini we bu kärhananyň goňşy Türkmenistandan, milliard kub metre golaý gaz import edendigi görkezilýär.
Geçirilen barlagdan görnüşi ýaly, Ultimo Group Nýu-Ýorkdan Dubaýa we Hoňkoňda çenli uzalyp gidýän kompaniýalaryň garyşyk ulgamy bilen baglydyr. Bu kompaniýalar Mirziýoýewiň giýewi Otabek Umarowyň egindeşleri tarapyndan dolandyrylýan, bezemen harytlary hem teklip edýär. Otabek Umarowyň özi sport gullukçysy bolup, Mirziýoýewiň howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň orunbasary.
Bu ulgamyň esasy dolandyryjysy, Umarowyň ynamdar adamy saýylýan Azizjon Komilowdyr. Ol Özbegistanyň Judo Federasiýasynyň başlygy we ýurduň Milli olimpiýa komitetiniň başlygynyň orunbasary.
Azatlyk radiosynyň ozalky geçiren barlaglary Mirziýoýewiň hökümetiniň goldamagy bilen Umarowyň töweregindäki adamlaryň, şol sanda onuň doganynyň uly kapital toplandygyny we köplenç öz girdejilerini gizlemek üçin, çylşyrymly korporatiw gurluşlaryň üsti bilen hereket edendigini görkezdi.
Umarow köplenç Özbegistanyň syýasy we ykdysady elitalary üçin, çal kardinal diýlip atlandyrylýar. «Özbegistan korrupsiýanyň, garyndaşparazlygyň we häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanylmagynyň ýokary derejede bolmagy bilen häsiýetlenýän, awtoritar döwlet bolmagynda galýar» diýlip, Transparency International aýtdy. Şol bir wagtda, Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda "syýasy we ykdysady özgertmelerde käbir öňe gidişlikleriň gazanylandygyny" hem belledi.
Umarow resmi taýdan orta derejeli resmi bolsa-da, soňky ýyllarda Özbegistanda meşhurlyga eýe boldy. Ol belent mertebeli myhmanlar we arap şeýhleri bilen aragatnaşyk saklaýar, şeýle hem özbek sportunyň goragçysy hökmünde, öz täsirini işjeň ösdürýär.
Umarowyň derejesini kämilleşdirmegiň esasy şerti onuň şahsy haryt bazary 7Saber bolup, ol ýurduň milli olimpiýa ýygyndysy üçin, egin-eşik öndürýär. Umarowyň markasy 2021-nji ýylda açylyp, birdenkä Özbegistanyň gaz şertnamalarynda aralykçy hökmünde, Ultima Group kompaniýasynyň ulgamy bilen gös-göni aragatnaşykda boldy. Kompaniýanyň iş saýty ýa-da beýleki jemagat maglumatlary ýok, onuň resmi eýeleriniň biri bolsa hiç haçan biznes işine gatnaşmaýan pensioner aýaldyr.
Azatlyk Radiosy Umarowdan, Ultimo Group kompaniýasyndan we Özbegistanyň ençeme döwlet edaralaryndan, täze döredilen kompaniýanyň on millionlarça dollarlyk gaz şertnamalaryny nädip gazanyp bilýändigini sorady. Makala çap bolýança, hiç hili jogap almady.
Şawkat Mirziýoýewiň administrasiýasyna ýollanan ýazmaça haýyş hem jogapsyz galdy.
Birleşiginiň 50% paýyna eýe bola Tuhfat Anwarhujaýew Ultimo Group bilen Umarowyň hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny aýdýar. Özüniň Kamilow bilen gatnaşygyny bolsa "dostluk" diýip atlandyrýar. Onuň sözüne görä, Umarow bilen Kamilowyň Ultimo Group bilen "hiç hili gatnaşygy ýok".
Gizlin gaz şertnamasy
Ultimo Group Limited 2021-nji ýylyň mart aýynda, Özbegistanyň paýtagty Daşkentde 9500 dollarlyk ygtyýarly kapital bilen hasaba alyndy. Kompaniýanyň hukuk adresi hökmünde, ýaşaýyş kwartirasy görkezildi.
Kompaniýanyň esaslandyryjylary we bilelikdäki eýeleri hökmünde, prezident Mirziýoýewyň daşary ýurtlardaky goldaw toparynyň agzasy Dilor Kaýumow we Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň öňki işgäriniň ogly we häzirki Özbegistanyň Türkiýedäki ilçisiniň ýegeni Tuhfat Anwarhujaýew görkezildi.
Olaryň hiç biri özbek korporatiw hasaba alnyşynyň maglumatlaryna görä, başga hiç bir kärhananyň eýesi hökmünde bellenmändir. Şol bir wagtda, Kaýumow ozal nebit we gaz pudagynda işläp,döwlet nebit we gaz monopoliýasy «Uzbekneftegaz» kompaniýasynyň öndürijilik netijeliliginiň meseleleri boýunça Kanadanyň "RLG International" kompaniýasy bilen maslahatçysy hökmünde hyzmatdaşlyk edipdir.
Täze döredilen Ultimo Group çalt depginde ýokarlandy.
“Qizilqumsement” zawodynyň ýyllyk tebigy gaz zerurlyklary 2021-nji we 2022-nji ýyllarda 375 million kub metre barabar bolupdyr. Kanunda zawod üpjünçiligi saýlamak üçin, tender geçirmäge borçludyr.
Gelşigiň jikme-jiklikleri belli däl, ýöne 2021-nji ýylyň 13-nji aprelinde, “Qizilqumsement” bary-ýogy bir hepde şondan öň öý kwartirasynda hasaba alan Ultimo Group bilen gaz üpjünçiligi boýunça şertnamana gol çekdi.
Şertnama we oňa soňky girizilen goşmaçalara laýyklykda, Ultimo Group azyndan 36,6 million dollara barabar “Qizilqumsementi” 379 million kub metr gaz bilen üpjün etmek boýunça iş alyp barmaly, ýagny öňki göz öňünde tutulandan birneme köpräk.
Häzir hususy eýeçilige geçirilen sement zawody ondan ozal "strategik ähmiýete eýe bolan kompaniýa" hökmünde, döwletden arzan bahadan gaz satyn alypdy. Emma Ultimo Group döränsoň, Azatlyk Radiosynyň barlaglaryna görä, zawod üçin gazyň satyn alyş nyrhy 50% ýokarlandy.
Ultimo Group gaz öndüriji kärhana däl hem-de “Qizilqumsementi” üpjün edýän gaz geçirijä gözegçilik etmeýär. Gaz geçirijisi Mirziýoýewyň permanyna laýyklykda, hem özbek, hem-de daşary ýurt gazyny satyn almak we tranzit etmek bilen meşgullanýan "UzTransGaz" döwlet monopoliýasyna degişli.
Londondaky hazynalar biržasynyň 2021-nji ýylyň noýabrynda «UzbekNefteGaz» bagyşlanan, ýagny “Qizilqumsement” bilen Ultimo Group arasyndaky şertnama gol çekilen ýylyň prospektine laýyklykda, "UzTransGaz" tebigy gazy “Ozsanoatqurilishmateriallari” we beýleki "senagat pudagyndaky strategik hyzmatdaşlaryna" gazyň 1000 kubmetrini 63 dollar bahadan satypdyr. “Qizilqumsement” gazy Ultimo Group’dan däl-de, bu bahadan “UzTransGazdan” satyn alan bolsady, 2021-nji ýylda 10 million dollar töweregi pul tygşytlajak eken, olara bolsa gazyň 1000 kubmetrini 95-den 145 dollar aralygynda satdylar.
2019-njy ýylyň hökümet kararyna laýyklykda, «UzTransGaz» esasy sarp edijiler üçin, tebigy gazyň ýeke-täk gönüden-göni üpjünçisi bolup durýarka, “Qizilqumsement” aralykçydan gazy artyk bahadan satyn alandygy belli däl.
Azatlyk Radiosynyň bu meselä aýdyňlyk bermek üçin, "Qizilqumsement" we "UzTransGaz" edaralaryna ýazmaça ýollan sowallary makala çap edilýän wagta çenli jogapsyz galdy. Anwarhujaýew Ultimo Group-yň girdejisi baradaky maglumatlaryň "söwda syrydygyny" aýtdy.
“Qizilqumsement” bilen Ultimo Group-yň arasyndaky şertnamanyň esaslary bolup hyzmat eden 2021-nji ýylyň döwlet karary şertnamanyň has açyk aýdyňlaşmagyna kömek edip bilerdi, emma Azatlyk Radiosynyň özbek jemgyýetçilik tender saýtynyň arhiwinden tapan şertnamasynda, bu perman aýrylypdyr.
Ultimo Group-yň “Qizilqumsement” bilen baglaşylan şertnamadan gazanan takyk girdejisiniň anyk möçberi näbelli bolup galýar. Ýöne Azatlyk Radiosy tarapyndan öwrenilen bank dokumentlerinde we gümrük hasabatlarynda, Ultimo Group kompaniýanyň jemi 200 million dollara golaý tebigy gaz şertnamalaryna gatnaşandygy görkezilýär.
2021-nji ýylyň aprelinden, 2022-nji ýylyň martyna çenli, döwlet eýeçiligindäki "Türkmengaz" döwlet kompaniýasynyň üsti bilen goňşy Türkmenistandan, 955 million kub metrden gowrak gaz import edipdir. Muny görkezýän gümrük dokumentleri bar. Gazyň umumy bahasynyň 88,5 million dollara barabardygy görkezilýär. “Türkmengaz” Ultimo Group üçin gaz eksporty baradaky soraga jogap bermedi.
Ultimo Group türkmen gazyny 2021-nji ýylda, her 1000 kubometrini 69 dollardan 106 dollara çenli bahadan we 2022-nji ýylda her 1000 kubometrini 100-116 dollardan import etdi. Şertnama laýyklykda, "Qizilqumsemente" her 1000 kubometrini 95-145 dollar bahadan satdy. Şol wagtyň özünde "UzTransGaz" gaz geçirijisi arkaly türkmen gazy Özbegistana hem Ultimo Groupa onlarça million dollarlyk gaz akdyrdy.
Azatlykda nusgasy bolan bank maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan sentýabra çenli Ultimo Group "UzTransGaz" kompaniýasynyň azyndan 66,6 million dollarlyk sekiz tölegini aldy. Şol tölegleriň ählisi "Tebigy gazyň tölegi" diýlip, "34/26-2021" belgili komissiýa ylalaşygy esasynda görkezilýär.
Azatlyk Radiosynyň Özbek redaksiýasynda Ultimo Group kompaniýasynyň 50% girdejisiniň eýesi Kamilow bilen Tuhfat Anwarhujaýew tortyň ýüzüne "Doglan günüň bilen!" diýen ýazgynyň öňünde surata düşen we soňra Instagramdan aýrylan suraty bar.
Ultimo Group-yň e-meýiliň hasaba alyş dokumentlerinde, Falcon Hunting Solutions kompaniýasynyň menejeri bolup işlän syýahatçylaryň ýolbeledi Behruz Abduşukurowa degişlidigi görkezilýär, ol kompaniýany Kamilow 2018-nji ýylda esaslandyrdy we onuň ýeke-täk eýesi.
Abduşukurowyň işewür hyzmatdaşlarynyň biri Ultimo Group saýtynyň domain adyny hasaba alnan we toparynyň müdiri Röwşen Mutalow hem Abduşukurowyň adyna geçýän bilelikdäki iki kompaniýany dolandyrdy.
Mutalow Azatlyk Radiosy bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde, Türkmenistan bilen gaz şertnamalaryna gatnaşandygyny tassyk etdi. Ýöne ol soňky iki ýylyň dowamynda, şol ulgamda işlemeýändigini hem aýtdy. Ol goşmaça maglumat bermekden boýun gaçyryp, ýazmaça jogap bermekden ýüz öwürdi. Anwarhujaýew hem "UzTransGaz" kompaniýanyň Ultimo Group üçin aralykçy hyzmatlaryny bermekden ýüz öwrendigini aýdýar, emma bu barada başga bir takyk maglumat bermedi.
Azatlyk Radiosy hem Ultimo Group-yň “Qizilqumsement” kärhanasyndan başga nähilidir bir kommersiýa şertnamasyny tapyp bilmedi, ýöne türkmen gazynyň tas milliard kubmetrini import edendigini we "UzTransGaza” 66 million amerikan dollaryna barabar bolan tölegini anyklady.
Arap şeýhleri we ýokardan uçýan guşlar
Azizjon Kamilow 2018-nji ýylda Özbegistanyň Judo Federasiýasynyň başlygy bolandan bäri, ol prezident Mirziýoýewiň kiçi gyzynyň adamsy Umarowyň ýygy gatnaşýany we belli ýoldaşy boldy. Kamilow bilen Umarow köplenç bile syýahat edýär we bile surata düşürýärler.
Hut şu gatnaşyklar hem Ultimo Group kompaniýasyna 2021-nji ýylyň martynda döredileninden biraz wagt soň, 100 million dollardan gowrak bolan döwlet şertnamasyny baglaşmakda, ýokary derejedäki syýasy baglanyşyklary we gizlin gaz telekeçiliginiň üstüni örtýär.
Falcon Hunting Solutions kompaniýasy özüni awçylyk we ekoturizm, şeýle hem "tebigaty gorap saklamak" we "bioköpdürliligi goramak" boýunça guramaçylyk edarasy hökmünde görkezýär. Şol wagtda, Aziýanyň Ösüş bankynyň hasabatyna görä, bu kompaniýa "Arap şa maşgalalary" üçin, syýahat aw işlerini guraýar.
Şeýle aw hem gezelençleriň müşderisi bolan arap şeýhleriniň arasynda, Dubaý Emiriniň ogly şeýh Hamdan bin Muhammed bin Raşid Al Maktum bar, onuň 2019-njy ýylda geçiren toýuna Umarow we Kamilow gatnaşdy.
Dubaý emiriniň şazadasy 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda, Özbegistana bürgüt bilen aw awlamaga geldi. Biraz soňra oňa Dubaýyň Emiri şeýh Muhammed bin Raşid Al Maktum hem goşuldy. Ony Umarow bilen Kamilow aeroportda garşy aldylar.
Falcon Hunting Solutions kompaniýasy Özbegistanyň Judo federasiýasynyň işine, hususan-da, judo zallarynyň gurluşyk işine hem gatnaşýar. Şeýle zalyň açylyş dabarasynda azyndan bir gezek Umarowyň 7Saber şahsy kärhanasynyň logotipi görkezildi.
Falcon Hunting Solutions saýtynda, kärhananyň baş binasy Daşkentdäki ofis merkezi görkezilip, Ultimo Group ulgamynyň gatnaşykda bolan firmalary, şol sanda BAE bilen gatnaşygynyň bardygy aýdylýar.
Dubaýyň ekizleri
2021-nji ýylyň iýulynda Özbegistanda Ultimo Group kompaniýasy döredileninden dört aý geçenden soň, şol ady göterýän kompaniýa – Ultimo Group FZE– 2021-nji ýylyň iýulynda BAE-niň Şarjah Emirliginiň erkin ykdysady zolagynda hasaba alyndy.
Täze kärhananyň işleri – nebit önümleriniň söwdasyndan başga-da, mundan 3 aý öň döredilen we “Qizilqumsement” bilen döwlet tarapyndan şertnama baglaşan Özbegistanyň Ultimo Group bilen gatnaşyklaryny görkezýän beýannama birnäçe zady aňladýar.
Azatlyk Radiosy açyk maglumatlaryň we korporatiw resminamalaryň derňewine esaslanyp, Umarowyň hyzmatdaşlary bilen "Ultimo Group FZE" kompaniýasynyň arasynda aragatnaşyklar ýola goýlandygyny anyklady. Oňa ýokary hilli harytlar we hyzmatlar bilen meşgullanýan kompaniýalaryň, şol sanda gymmatbaha maşynlaryň söwdasy girýär. Munuň bilen Umarowyň gyzyklanýandygy bellidir.
“Ultimo Group FZE-niň” müdiri we lisenziýa saklaýjysy Britaniýanyň raýaty Ross Konnon. Muňa BAE-niň telekeçilik işiniň ygtyýarnamalarynyň hasaba alnyşyndaky ýazgy şaýatlyk edilýär, ol Waşingtonda ýerleşýän täjirçilik däl barlag guramasy C4ADS tarapyndan öwrenildi we Azatlyk Radiosyna berildi. Konnon özüni "hususy müşderileriň maslahatçysy" diýip atlandyrýar we daşary ýurt graždanlaryna ýaşamaga rugsatnamalar we emläk boýunça baý müşderiler bilen işleşýändigini mälim edýär. Şeýle hem onuň Umarow bilen gönüden-göni işewür gatnaşyklary bar.
2021-nji ýylyň iýunynda 7Saber markasy boýunça täze egin-eşik harydynyň dabaraly görkezilişinde, Konnon Dubaýda ýerleşýän Berkeliniň Square Project Management kompaniýasynyň baş direktory hökmünde tanyşdyryldy. Umarowyň aýtmagyna görä, ol bu markanyň hukuklaryny edinipdir.
Özbegistanyň Olimpiýa komitetiniň başlygynyň orunbasary, Umarowa ýakyn Azizjon Kamilow bu çäräni "täze milli markasynyň" peýda bolmagy diýip kabul etdi. Şondan bir aý soň Pekinde geçiriljek 2022-nji ýylyň Gyşky olimpiýa oýunlarynda, özbek toparynyň egin-eşiginiň üpjünçisi 7Saber boljakdygy habar berildi.
Konnon Berkeley Square Investments iş ýeri hökmünde görkezýär. Onuň adresi Dubaýda ýerleşýän 7Saberiň hukuklaryny satyn alan kompaniýany gaýtalaýar.
Azatlygyň žurnalistleri 2020-nji ýylyň awgustynda Berkeley Square Investments görkezilen iki şäherdäki edaralar hasaba alnan adreslere bardylar, ol ýerden Konnonyň ýa-da onuň kompaniýasynyň hiç bir yzy tapylmady.
Ultimo Group FZE-niň hasaba alnan ykdysady zonasynyň web-saýtynda kompaniýanyň iki sany korporatiw e-mailleri bar. Onuň biri Konnona, beýlekisi bolsa, Doniýor Kadirowa degişli.
2023-nji ýylyň maý aýynda, Özbegistanyň Judo Federasiýasy Dohada sport resmileriniň, şol sanda Umarowyň we Kamilowyň duşuşygyndan alnan suratlary çap etdi. Umarowyň ýanynda özbek sport bölümine resmi taýdan baglanmaýan Kadirow dur.
Şeýle-de bolsa, Kadirowyň şahsy e-mail hasabyna we beýleki kompaniýalaryň käbiriniň resmi e-mail adreslerine iberilen soraglar jogapsyz galdy.
Daşkentde Ultimo Group kompaniýasyndan birnäçe kompaniýa, şol sanda Kamilowyň Falcon Hunting Solutions kompaniýasy we onuň bilen işleşen başga bir kompaniýa hem bar, ählisi Alaý bazarynda ýerleşýän şol bir işewürlik merkezinde ýuridiki adresde görkezilipdir.
Yzlary ýok etmek
Ultimo Group Limited kompaniýanyň özbek gaz bazaryndaky işleri mundan 3 ýyl ozal başlanyşy ýaly, birden bes edildi. Döwlet maglumat bazalarynda Ultimo Group-yň 2021-nji ýylda “Qizilqumsemente” gaz üpjünçiligi boýunça şertnama baglaşylandan soň, başga bir döwlet tenderine gatnaşmagy barada, korporatiw resminamalaryň üpjünçiligi we toplaýjylary barada maglumat ýok.
Kompaniýa 2022-nji ýylyň martyndan, Türkmenistandan tebigy gazy import etmegini bes etdi. Gümrük resminamalarynda, "UzTransGaz" tarapyndan 20 million dollar möçberinde soňky tölegi şol ýylyň sentýabrynda geçirilipdir.
2022-nji ýylyň iýul aýyndan soň belli bir wagtda Ultimo Group kompaniýasynyň esaslandyryjysy Diliyor Kaýumow kompaniýadaky 50% girdejisini 67 ýaşly ejesi Matluba Kaýumowa geçirdi.
Kaýumowanyň ýanýoldaşy Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen telefonda gürrüňdeş bolanda, aýalynyň özüniň Ultimo Group kompaniýasyndaky eýeçiligi barada, düşündiriş berip bilmeýändigini aýtdy.
Ultimo Group kompaniýasynyň ýene-de bir egindeş eýesi, Kamilowyň ýanynda surata düşen Tuhfat Anwarhujaýew kompaniýadaky 50% girdejisini özünde saklady.
Ilkibaşda Ultimo Group Kaýumow we onuň ejesiniň ýaşaýan adresinde hasaba alyndy. Soňra kärhananyň hukuk salgysy Daşkendiň häzirki Ichan Qala Hotel merkezi diýlip üýtgedildi. Bu myhmanhana özbek kompaniýasy K7 Hotel Management bilen gatnaşykly, onuň ýeke-täk eýesi Otabek Umarowyň dogany Oýbek Umarowdyr.
Kaýumow häzir Mirziýoýew tarapyndan goldaw alan iri ösüş taslamasy Tashkent City Mall söwda merkezinde, ýolbaşçy wezipesini ýerine ýetirýär. Şonuň bilen bir wagtda, taslamany işläp taýýarlaýjy Merkezi Aziýadaky tanymal Habibulla Abdukadyryň kompaniýalarynyň ulgamy bolup durýar, ol galp pullary ýuwýar hem özbek prezidentiniň garyndaşlary bilen işewür gatnaşyklary bar.
Kaýumow öz paýyndan näme üçin ejesine geçirendigini soranlarynda, Anwarhujaýewiň Azatlyk Radiosyna iberen e-mailinde öz ynanjyna görä, bu onuň «maşgala ýagdaýy sebäpli», emma ol muny jikme-jik düşündirmedi. Onuň sözüne görä, Matluba Kaýumowa kompaniýanyň dolandyrylyşynda hiç hili rol oýnamaýar.
Mart aýynda Kaýumow söwda merkezinde Mirziýoýew üçin gezelenç gurady. Bu saparyň wideoşekili prezidentiň metbugat gullugy hem-de söwda merkeziniň metbugat gullugy tarapyndan çap edildi.
Tashkent City Mall söwda merkeziniň çykaran wideosynda, Kaýumowyň Mirziýoýewe görkezýän ilkinji dükany – ol Umarowyň 7Saber sport markasydyr.
Şeýle-de, e-poçtada Anwarhujaýew Ultimo Group häzirki wagtda "nebit we gaz pudagynda maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşýandygyny", emma indi gaz import etmeýändigini aýtdy.
Nähili-de bolsa, Ultimo Group Limited edarasynyň websaýty esaslandyrylanyndan 3 ýyl geçenden soňra-da, henizem kämilleşdirilýär.