Azatlygyň habarçylary türkmen häkimiýetleriniň başga pikirlilere we hökümet tankytçylaryna garşy 1991-nji ýyldan bäri ulanyp gelen ‘watan dönügi’, ‘haýyn’, ‘agzybirligi bozjak bolýanlar’ diýen ýaly tagmalarynyň indi o diýen netije bermeýändigini habar berýärler. Ýerli synçylaryň käbiri döwletiň başga pikirlilere garşy ulanan 'delilsiz', 'ýöntem propagandasynyň' soňky wagtlarda tersine işleýän bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär
Sosial torlaryň türkmen dilli segmentlerini ýakyndan yzarlaýan synçy täze ýylyň ilkinji hepdesindäki onlaýn çekişmeleri baradaky pikirini paýlaşyp, 2025-nji ýylyň “häkimiýetleriň ýurtdaky islendik kemçiligi köpçülikde aýtmak - bu Watana dönüklik etmek" görnüşindäki propagandasynyň türkmen internet ulanyjylarynyň ýiti tankydyna duçar bolmagy bilen başlandygyny” aýtdy.
Azatlygyň habarçylarynyň aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan raýatlarynyň sözlerine görä, daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleriniň sosial torlarda täze ýylyň ilkinji günlerinde geçiren göni ýaýlymdaky diskussiýalary türkmen jemgyýetindäki özara pikir alyşmalara ‘gowy täsir ýetirýär’.
Aýdylmagyna görä, sosial mediadaky diskussiýalara ýurt içinden gatnaşýan raýatlaryň içinde, geçen ýyllardakydan tapawutlylykda, pikirlerini aç-açan, ýuwmarlaman aýtmaga çalyşýan adamlar görnetin köpelýär.
"...ýurt daşyndaky aktiwistler ýurt içindäki syýasy-ykdysady, sosial we medeni kynçylyklar hakynda gürrüň gozganlarynda, göni efirdäki pikir alyşmalara ýurt içinden goşulýan ulanyjylaryň arasynda özleriniň duçar bolýan ykdysady we sosial problemalary hakynda açyk gürrüň bermek isleýänleriň has köpelendigini görmezlik mümkin däl. Ýöne, geçen ýylda bolşy ýaly, bu hili pikir alyşmalara "derhal" hökümetçi pikirli" ulanyjy" goşulyp, öz ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary hakynda aç-açan gürrüň berýän ýaşaýjylara "Watana dönüklik etmäň, Watanymyza ikilik etmäň" diýen äheňde ýüzlenýär. Ozallar bu hili ýüzlenmeler pikirini açyk aýdýanlary biraz haýalçyradan ýalydy. Emma indi beýle däl. Bu hili hökümetçi pikirli ulanyja jogap hökmünde, aktiwistler we ýurt içindäki raýatlar Watan we hökümet, dönüklik we tankyt düşünjelerini garyşdyrmazlygy soraýarlar” diýip, ýerli synçy bu özgerişligiň hemmeleriň gözüniň öňünde bolup geçýändigini nygtady.
Bu özgerişligi anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly ýazyjy hem tassyk etdi. Onuň pikiriçe, häkimiýetleriň öň hökümet tankytçylaryna garşy ulanan metbugaty indi ‘hiç zada ýaramaýar’, ýöne olaryň sowet gazetlerinde we Nyýazow döwrüniň metbugatynda galan ‘dönük’ tagmasy indi sosial mediada hem güýjüni gaçyrýar, sebäbi durmuş adamlary pikirlenmäge, öz kynçylyklarynyň çözgüdi barada oýlanmaga mejbur edýär.
Sosial medianyň ýaýlym mümkinçiliklerini peýdalanýan raýatlar, söhbetdeşlerimiziň biriniň bellemegine görä, medeniýetsiz sözleri ulanmagy azaldyp, hakyky iş, özgerişlik, reforma gürrüňlerini edýärler, bu ýagdaý türkmen döwlet propagandasynyň ‘ganatyny gyrýar.
“...öz pikirini ýa-da ýurtdaky kynçylyklary dile getirýän raýatlar özlerine hökümetçi ulanyjylar tarapyndan ýöňkeljek bolýan esassyz aýyplamalara derrew jogap berip, özleriniň erkin pikirlerini we ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny açyk aýtmaga kanuny hukuklarynyň bardygyny aýdyp, islendik özge pikire ýa-da tankydy garşy goýlan "watan dönükligi" tagmasyny ýazgarýarlar" diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Geçirilen onlaýn pikir alyşmalarynda türkmen internet ulanyjylary esasy bir pikiri - Täze 2025-nji ýylda ýurtda onlarça ýyl bäri çözülmeýän ykdysady we sosial problemalaryň çözgüdiniň tapylmalydygyny nygtadylar diýip, synçy adamlaryň isleg-talaplarynda kesä çeker ýaly hiç bir meseläniň ýokdugyny belledi.
Türkmenistanlylaryň geçiren diskussiýalarynda 2025-nji ýylda çözülmeli iň wajyp meseleleriň hatarynda biometriki pasportlaryň daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalrynda berilmegi, daşary ýurtlara barýan raýatlaryň aeroportda saklanyp, bikanun uçara goýbermezliginiň bes edilmegi, banklarda milli manadyň daşary ýurt walýutasyna erkin çalşylmagy, halkara pul amallarynyň päsgelçiliksiz amala aşyrylmagy ýaly ‘agyryly’ meseleler gozgalýar.
Şeýle-de, aktiwistler we raýatlar pensiýalaryň we aýlyk haklarynyň hakyky ykdysady görkezijilere we harytlaryň bahalaryna görä ýokarlandyrylmagyny, sud, prokuratura, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, döwlet emeldarlarynyň raýatlaryň arzyny diňlemegini, ilata hakyky kanunçylyk kömeginiň berilmegini isleýärler.
Bulardan başga, türkmen raýatlary syýasy özgerişleriň ykdysady we medeni özgerişligiň açarydygyny belläp, berk döwlet senzurasynyň aýrylmagyna, söz we metbugat azatlygynyň üpjün edilmegine, raýat jemgyýetiniň kemala gelmegi üçin ýurt içinde syýasy oppozisiýanyň döremegine ýol berilmegine çagyrýarlar.
Azatlygyň habarçysynyň aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe synçysy, bir-birini tanamazdan, bu hili pikirleriň aýdylmagynyň, dogurdan hem, türkmen reallyklarynyň şertlerinde möhüm bir öwrüm bolmagynyň mümkindigini aýtdy.
“Ýurtda dowam edýän berk basyş we gorky atmosferasyna garamazdan, ýurt içinde bolup, daşary ýurtlarda ýaşaýan aktiwistleriň efirine baryp, diňe bir ykdysady we sosial özgertmeleriň däl, eýsem syýasy maýylganlygyň hem gerekdigini aýdýan adamlaryň tapylmagy gowy zat. Bu türkmen režimi üçin uly bir signal” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran raýat aýtdy.
Onuň pikiriçe, bu ýagdaý jemgyýetçiligiň indi ählumumy dymyşlykda, sem edilip, gorkuda ýaşamak islemeýändigini, öňki ýalňyşlardan sapak alýandygyny yşarat edýär.
Azatlyk jemgyýetçilik pikirinde döreýändigi aýdylýan özgerişler barada ozalky metbugat işgäriniň hem pikirini sorady. Onuň pikiriçe, häkimiýetler ilatyň syýasy passiwliginden, hatda bilim-sowady ýetik adamlaryň hem sesini çykarman ýaşajak bolmagyndan ‘uly peýda görýär’ we öňden gelýän basyş praktikasyndan başga dolandyryş usulyny gözlejek hem bolmaýar.
“Passiw, yalalaşyjy, pursatparaz adam kän, işjeň, özgerişlik hakda açyk pikir aýdýan adam entek gaty az” diýip, ol aýtdy.
Şol bir wagtda, ol häzir sosial mediada hökümeti tankytlaýan ýaşlaryň bütin ömrüni ‘ýaýaplap geçiren tanymal adamlardan’ has gowy tanalýandygyny we sylanýandygyny ‘açyk, gypynç etmän aýdyp biljekdigini’ nygtady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum