Balkanda öňki harby ofiserler häkimlige çagyrylyp, olaryň biometriki pasportlary ellerinden alynýar we olara Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuna gatnaşmazlygy tabşyrýarlar.
Ýerli kanun goraýjy edaradaky ynamdar çeşme bu çäreleri “öňki türkmen ofiserleriniň Russiýanyň Ukrainadaky urşuna çekilmegi bilen baglanyşykly hadysalaryň anyklanandygy” bilen düşündirýär.
“Dekabr aýynyň soňky günlerinde öňki ofiserleriň hemmesini, şol sanda öz arzasy bilen işden çykan ýa-da hormatly dynç alyşdaky harbylary, öz ýaşaýan ýeriniň häkimligine çagyryp başladylar. Olary soraga çekip, olaryň harby biletlerini we telefonlaryny berk deňeýärler” diýip, öňki harby ofiser anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bu ýagdaýlary başdan geçiren öňki harby ofiserleriň birnäçesiniň Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna aýtmagyna görä, bu çäreler häkimligiň işgärleri bilen bir hatarda, Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) ofiserleri tarapyndan amal edilýär.
Olar öňki harby işgärlere Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuna gatnaşmazlygy berk tabşyrýarlar.
“Olar öňki ofiserlere urşa gitseler, onda olaryň maşgalasynyň, üç arkasynyň, şol sanda ýurtda galan ähli hossarlarynyň gara sanawa goşuljakdygyny hem duýdurýarlar” diýip, balkanly ýene bir öňki ofiser anonimlik şertinde aýtdy.
Öňki harbylar öýlerine goýberilmezden öň, olaryň daşary ýurtlara syýahat etmegine mümkinçilik berýän biometriki pasportlary hem ellerinden alynýar.
Häkimlik wekilleri we MHM-niň ýerli edarasynyň işgärleri bu çäreleriň sebäbi barada anyk düşündiriş bermeýärler.
Ýöne ýerli kanun goraýjy edaradaky ynamdar çeşmämiz bu çäreleriň sebäbini “öňki türkmen ofiserleriniň Russiýanyň Ukrainadaky urşuna çekilmegi bilen baglanyşykly hadysalaryň anyklanandygy” bilen düşündirýär.
“Türkmenistanda soňky bir ýyldan gowrak wagt bäri harbylaryň arasynda öz arzalary bilen işinden gitmek halatlary köpelipdi. Häzir Türkmenistandaky rus aňtaw agentleriniň şol ofiserleriň käbirini müňlerçe dollar aýlyk zähmet hakynyň öwezine, Russiýanyň Ukrainadaky uruş hereketlerine işe çekendigi anyklandy” diýip, Türkmenbaşy şäherindäki çeşmämiz aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, munuň bilen baglanyşykly, Aşgabatdan Balkanyň Baş prokuraturasyna we MHM-niň ýerli edarasyna ýörite görkezme gelip gowuşdy.
“Gökezmede ýokarda geçirilýän çärelerden başga-da, soňky bäş ýylyň dowamynda öz islegi bilen işden giden ähli harby ofiserleriň sanawyny paýtagta ibermek talap edilýär. Biz ähli sanawy berdik, hatda 52 ýaşy dolup, pensiýa giden ofiserleriň hem sanawyny tabşyrdyk” diýip, çeşmämiz belledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Balkanyň Baş prokuraturasyndan we MHM-sinden teswir alyp bilmedi. Redaksiýanyň Balkan welaýat häkimligi bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.
Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy girişen esassyz urşunda iki tarapdan hem urşa gatnaşýan türkmenistanlylar barada ozal hem habarlar peýda bolupdy. Olaryň esasan gazanç ýa-da ideologiki sebäpler bilen rus ýa-da ukrain güýçleriniň hatarynda söweşýändigi aýdylypdy.
Geçen ýylyň noýabrynda bosla, Russiýa işlemäge baran türkmen raýatynyň rus polisiýasy tarapyndan Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşunda rus güýçleriniň tarapynda söweşmek üçin mejbury ýagdaýda söweş meýdanyna äkidilendigi barada habarlar peýda boldy.
Türkmenistanyň häkimiýetleri bu ýagdaýlar barada ilata aç-açan maglumat bermeýär.
Russiýa öňki sowet respublikalarynyň raýatlaryna, urşa gatnaşmagyň öwezine, tizleşdirilen görnüşde rus raýatlygyny almak mümkinçiligini hödürleýär.
Geçen ýylyň sentýabrynda Azatlygyň güýç gurluşlaryndaky çeşmesi sekiz ýyl çemesi wagt bäri durmuş-ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz galan türkmen raýatlarynyň arasynda bu teklipden peýdalanmak isleýän adamlaryň sanynyň artýandygyny aýtdy.
Bu habarlaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri ýurdy terk etmäge, hususan-da, Russiýa gitmäge çalyşýan türkmen raýatlarynyň öňüni baglamak, olary uçara goýbermezlik çärelerini güýçlendirdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum