Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Puly nagtlaşdyrmak görgi'. Balkanyň bankomatlarynda pul gytaldy


Bankomatlardan pul çekýän adamlar. Türkmenistan (Illýustrasiýa suraty)
Bankomatlardan pul çekýän adamlar. Türkmenistan (Illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatynda ýanwaryň başyndan bäri bankomatlarda pul gytçylygy döredi. Günbatar welaýatyndaky ýagdaýdan habarly çeşmeleriň maglumatyna görä, ýerli ilat bank hasaplaryndaky puluny nagtlaşdyryp bilmeýär, olaryň arasynda pensionerler, maýyplar we döwletiň kömek pullaryna garaşly ýaş çagaly maşgalalar bar.

"Bankomatlardaky pul gytçylygy adamlary kösenje goýýar. 2-nji ýanwarda döwlet pensiýa gaznasynyň adamlaryň plastik kart hasaplaryna geçiren pullaryny welaýatyň tas ähli bankomatlarynda nagtlaşdyrmak uly görgi" diýip, ýerli çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysy Türkmenbaşynyň banklaryna baryp gördi we şäherdäki banklaryň hiç birinde bankomatlarda puluň ýokdugyny, ençemesiniň işlemeýändigini aýtdy.

Habarçynyň 8-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, bankyň işgärleri bankomatlarda düýpli abatlaýyş işleriniň geçýändigini aýdyp Awazadaky "Watançy" we "Kuwwat" atly myhmanhanalardaky bankomatlara günde bir gezek ir sagat 5-de pul goýulýandygyny aýdýarlar.

Türkmenbaşynyň ýaşaýjylary daňdan Awaza barmakda kynçylyk çekýärler, ol wagt jemgyýetçilik transporty işlemeýär. Gijiräk baranlara pul ýetmeýär. Bankomatlarda pul gutaryp galýar.

"Ir sagat 5-de Awaza awtobus barmaýar. Döwlet taksileri hem 80 manat pul soraýar bir tarapyna. Biz dört adam bolup, 20 manatdan töläp Awazadaky bankomata baryp, nobatymyz ýeten wagty puluň gutarandygyny bilip galýarys. Bankomata diňe 25 adama ýeter ýaly pul goýlupdyr" diýip, türkmenbaşyly pensioner gürrüň berdi.

Bankomatdan puly çekmegi başaran ýaşaýjylar puluň köpüsiniň köne we ýyrtyk çykýandygyny aýdýarlar.

"Bankomatdaky 10, 20, 50-lik kupýuralaryň ählisi skoç bilen ýelmenen. Puly hamala it çeýnän ýaly, ýekeje abat pul ýok içinde. Ol puly söwda nokatlaryna baranyňda dükan eýeleri almakdan ýüz öwürýärler. Ozallary puluň nomerleri gabat gelse alardylar. Manatyň kupýuralary gaty erbet hala gelipdir, ony özümem aljak däl ýöne bankomat şeýle berdi" diýip, 60 ýaşly pensioner aýdýar.

Resmi maglumatlarda ýurtda pensiýanyň iň pes mukdaryny kesgitlemek üçin 550 manat möçberli sanyň ulanylýandygy aýdylýan hem bolsa, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan pensionerleriň käbiriniň pensiýasy şu ýyl 10% artdyrylandan soň 220 manatdan geçmeýär. Döwlet bu pullary bank kartyna geçirýär. Ujypsyz puluny nagtlaşdyryp bilmedik ilatyň iň ejiz gatlagy agyr güne düşýär. Söwda nokatlarynyň köpüsinde diňe nagt töleg alynýar.

"Dükanlarda nagt däl söwda terminallaryny 'ýyl başynda barlagdan geçirmek üçin söwda salgyt edaralary ýygnap alyp gitdiler' diýen jogap alýarys" diýip, 70 ýaşly pensioner gürrüň berdi.

Şu günler puluny nagtlaşdyryp bilmän kösenýänleriň köpüsi pensiýa we kömek pullaryna ýaşaýan adamlar. Býujet işgärleriniň aýlyklary dekabrda berlipdir.

Türkmenistanda, şol sanda Balkan welaýatynda bankomatlarda pul gytçylygy ýygy-ýygyndan güýçlenýär. Häkimiýetler munuň sebäbini düşündirmeýär. Şol bir wagtda-da, ýurtda bankomatlaryň sany ýyl-ýyldan azaldylýar.

Geçen ýylyň aýagynda Türkmenabatda bankomatlaryň sany azaldy.

Şäheriň dürli ýerlerinde bankomatlaryň ençemesiniň sökülip, aýrylandygyny, hatda banklaryň birnäçesiniň içinde-de bankomatlaryň ýokdugyny Azatlygyň habarçylary noýabryň başynda habar beripdi.

Bu ýagdaý şäherde nagt pul çekip bolýan bankomatlaryň sanynyň azalmagyna we pul çekmek üçin mümkinçilikleriň çäklenmegine getiripdi.

Ýerli bank resmileri bankomatlaryň sanynyň azaldylmagynyň sebäplerini düşündirmedi. Emma Merkezi Bankyň websaýtyndaky resmi maglumatda 2024-nji ýylyň dowamynda ýurtda bankomatlaryň sany azalyp, dördüsiniň aýrylandygy habar berildi. Resmi sanlara görä, 2024-nji ýyla çenli 53 sany bankomat ýok edilip, olaryň sany 2 145 ýetipdir, geçen ýylyň aýagynda tutuş ýurt boýunça galan bankomatlaryň sany 2141 bolupdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG