Russiýanyň kazyýetiniň rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň ýanynda işlän we 2023-nji ýylda “ekstremizmde” aýyplama bildirilen üç aklawça garşy höküm çykarmagyna garaşylýar.
Aklawçylar Wadim Kobzewe, Alekseý Liptsere we Igor Sergunine garşy höküm çykarmak boýunça kazyýet diňlenşigi 10-njy ýanwarda ýerli wagt bilen sagat 10:00-da Moskwanyň gündogaryndaky Wladimir sebitinde başlanýar.
Olar “ekstremist” gurama gatnaşmakda aýyplanýarlar. Bu aýyplama esasynda alty ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berlip bilinýär.
Prokurorlar aklawçylaryň her biriniň azyndan bäş ýyl azatlykdan mahrum edilmegini talap edýärler. Russiýanyň kazyýetlerinde şuňa meňzeş syýasy sud işleri boýunça gozgalan jenaýat işlerinde aýyplanýanlaryň aklanýandygy barada esasan eşidilmeýändigi sebäpli, olaryň günäli tapylmagyna garaşylýar.
2021-nji ýylda Russiýada Nawalnynyň Korrupsiýa garşy gaznasy (FBK) we beýleki toparlary ekstremist diýlip atlandyryldy we gadagan edildi.