Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň koloniýalaryndaky migrantlar urşa gitmäge mejbur edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Merkezi Aziýadan we beýleki daşary ýurtlardan bolup, Orsýet türmelerinde tussaglyk möhletini geçýänler şertnama gol çekmäge we Ukrainada barýan urşa gitmäge mejbur edilişi barada, öz ýagdaýlaryny habar bermegini dowam etdirýärler. Aýratyn-da, koloniýa işgärleri ýaş adamlara, tussaglyk möhletini gutaryp barýanlara agyr basyş edýärler.

Nastoýaşeýe Wremýa kanalynyň redaksiýasy rus türmesinde oturan, Jowid atly täjigistanly bilen habarlaşdy. Söhbetdeşimiziň sözüne görä, ol 32 ýaşynda, Orsýetde ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir, şonuň gutarmagyna bary-ýogy ýedi aý galypdyr.

Jowid Moskwanyň golaýyndaky berk düzgünli koloniýada saklanýandygyny we öz ýanynda oturan Täjigistandan we Özbegistandan bolan tussaglar barada gürrüň berip, olaryň örän agyr ýagdaýa düşendigini nygtady. Olar urşa gitmek islemeseler-de, koloniýada özleri üçin döredilen şertlerde ýaşamagy dowam etdirip bilmeýärler diýdi.

«Adamlar näme etjegini bilmeýärler. Janymyzdan geçeris, emma öz raýatlygymyzdan ýüz öwürmeris, urşa-da gitmeris – diýip, Jowid aýdýar. – Oturanlar watanyndan ýüz öwrüp, urşa gideninden, öz janyna kast etmegi gowy hasaplaýarlar».

Jowid tussaglykda oturan täjikleriň we beýleki daşary ýurtlularyň öz graždanlygyndan ýüz öwrüp, Russiýanyň raýatlygyna ýüz tutmaga mejbur edilýändigini aýdýar. Şol bir wagtda-da, olardan goşunda gulluk etmek baradaky şertnama gol çekmek talap edýärler.

«Eger gol çekmeseler, olar tussaglary jeza beriji kamerada ýerleşdirilýär. Öz raýatlygyňdan ýüz döndermeklige gol çekseň, seniň arzaň Täjigistana iberilýär. Soňra-da gerekli dokumentleri düzüp, urşa ugradýarlar. Men bilemok welin, belki, olaryň özleri biziň atlarymyzdaky dokumentlere gol çekýärler. Bu ýerde islendik zat bolup bilýär» diýip, ol gürrüň berýär.

Jowid şertnama näçe tussagyň gol çekendigini bilmeýär, emma onuň özüniň we birnäçe watandaşynyň Täjigistanyň raýatlygyndan el çekmek islemeýändigini aýdýar. Munuň üçin bolsa goşmaça basyşlara sezewar edilýär.

Ýaňy-ýakynda Jowidiň saklanýan koloniýasyndan bir topar migrant tussag redaksiýa hat ýazdylar. Olaryň aýtmagyna görä, düzediş koloniýalarynda Özbegistanyň hem Täjigistanyň graždanlygy bolan 400-e golaý tussag saklanýar. Türme işgärleri olara gödek daraşýarlar hem dini aýratynlyklaryny kemsidýärler. Şeýle-de, olar rus raýatlygy bolan tussaglary galan beýleki migrant tussaglary urmaga küşgürýärler.

Şeýle-de, daşary ýurtly tussaglara koloniýa tarapyndan berlen türme egin-eşikleriniň garawullar tarapyndan alnyp, käte ýakylyp, adamlaryň türmede galmagyny çydamsyz derejä ýetirmek isleýändiklerini aýtdylar.

«Golaýda olar sanaw düzüp, raýatlygyna garamazdan, Ukrainada barýan urşa iberiljekdiklerini aýtdylar. Belki-de, ähli gynamalar şu maksat bilen baglydyr. Olar adamlary şeýle bir ýagdaýa getirmek isleýär, olary garawullaryň sütemine çydaman, uruşda ölmegi ileri tutmak derejesine ýetirýärler» diýip, tussaglaryň hatynda aýdylýar.

«Olar kimi islesek, şony-da urşa iberip bileris diýýärler. Şonuň üçinem ol ýere öz razylygyň bilen gitmegi teklip edýärler: şonda gowy ýere düşersiňiz diýýärler. Eger zor bilen iberseler, göni öň hatara düşersiňiz. Ol ýerde diri galmak mümkinçiligi ýok» diýip, migrantlar ýazýarlar.

«Aýdylyşyna görä, urşa gidýänler ikinji we üçünji günlerde ölýärler. Barysy ölýär – diýip, Jowid sanawa düşen ýoldaşlary hakda aýdýar. – Käbir emeldarlar muňa jogap berip biler ýaly, bu barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriňizde aýtmagyňyzy haýyş edýäris. Adamlary türmeden zor bilen urşa äkidilýär!»

Jowidiň aýtmagyna görä, türme garawullary tussaglyk möhleti dolup barýan ýaşlara aýratyn azar berýärler.

«Men 1992-nji ýylda doguldym. Bu ýerde bolýanlaryň 7-8 aý, käbirleriniň bir-iki ýyly galdy» diýip, ol aýdýar.

Migrant.Media proýekti Täjigistanyň Daşary işler ministrligine ýüz tutup, resmi häkimiýetlere täjik tussaglarynyň Orsýetiň koloniýalaryndaky ýagdaýy barada habar berdi. Ol edaralardan heniz resmi jogap ýok.

Orsýetiň häkimiýetleri tussaglary zor bilen urşa ibermek çäresini Ukraina garşy agressiýanyň birinji gününden bäri dowam etdirýär. Ilkibaşda muny “Wagner” hakyna tutma topary başlady. Olar hakyna tutan tussaglaryna alty aý urşa gatnaşandan soň, azatlygy wada berdiler. Häzir urşa çekilýänler Orsýetiň Goranmak ministrliginden geçýär. Indi bolsa ol çäre hem ýok: tussaglary hiç hili şertsiz, uruş gutarýança fronta iberýärler.

Orsýetiň we Ukrainanyň habar beriş serişdeleri Bahmuta edilen hüjümde, on müňlerçe tussagyň ýogalandygy barada ýazdylar. Şol döwürde Orsýetiň koloniýalarynda bolup, urşa giden Täjigistanyň köp sanly raýatlarynyň jesetleri ýurduna getirilipdi.

Häzirki wagtda Orsýetiň türmelerinde saklanýan täjik raýatlarynyň anyk sany belli däl: olaryň köpüsinde Orsýetiň raýatlygy hem bar, olar rus graždany diýlip hasap edilýär.

2020-nji ýylda Orsýetiň häkimiýetleri 10 müň tussagyň bardygyny yglan edipdi. Geçen ýyl Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy Orsýetiň türmelerinden, 100-e golaý täjik raýatynyň Ukrainada barýan urşa iberilendigini habar berdi. Emma bu sanyň kemeldilendigi anyk belli.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG