Sepleriň elýeterliligi

 
ABŞ-nyň goranmak sekretary Tramp egindeşleriniň gizlin söhbetdeşlikde Huti hüjümlerini maslahatlaşandygyny ret etdi
Soňky habar

ABŞ-nyň goranmak sekretary Tramp egindeşleriniň gizlin söhbetdeşlikde Huti hüjümlerini maslahatlaşandygyny ret etdi


Pit Hegset
Pit Hegset

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynda hiç kim “Signal” habarlaşma programmasynda “harby meýilnamalar barada ýazmaça habarlary” ibermedi diýip, CNN habar gullugy ABŞ-nyň goranmak sekretary Pit Hegsetiň sözlerine salgylanyp habar berdi.

"Bu mesele barada aýdyp biljek ähli zadym şundan ybarat" diýip, Hegset “The Atlantic” neşiriniň redaktorynyň ýaýradan maglumaty barada düşündiriş berende aýtdy.

Hegset "The Atlantic" žurnalynyň baş redaktory Jeffri Goldbergi “ýalançy we aňrybaş derejede gözden düşen žurnalistsumak” hökmünde häsiýetlendirdi.

Goldberg biraz öň ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileriniň ýemen hutilerine garşy uruljak harby zarbalary ara alyp maslahatlaşýan gizlin signal söhbetdeşligi diýilýän baradaky maglumaty ýaýratdy.

CNN bilen söhbetdeş bolan iki çeşme Donald Trampyň " The Atlantic" neşirinde çap edilen maglumat barada öňünden habarly edilendigini aýtdy. ABŞ-nyň prezidenti brifing, gysgaça piki alyşma wagtynda žurnalistlere Jeffri Goldbergiň bu diýilýän söhbetdeşlige goşulandygyny bilmeýändigini aýtdy.

"Men bu barada hiç zat bilemok. Men "The Atlantic" neşiriniň muşdagy däl. Meniň pikirimçe, bu uzak galman ýapyljak žurnal" diýip, Tramp aýtdy.

XS
SM
MD
LG