Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus harbylary Ukraina "Şahed" raketalary bilen hüjüm etdi


Sumy. Arhiw suraty
Sumy. Arhiw suraty

Russiýanyň harby güýçleri 25-nji marta geçilýän gije Ukrainanyň Kiýew, Sumy we Zaporižiýa sebitlerine hüjüm etdi. Ýerli häkimiýetler Zaporižiýa sebitinde ejir çekenleriň bardygyny aýtdylar.

Zaporižiýa sebitiniň başlygy Iwan Fedorowyň maglumatyna görä, "Şahed" hususy ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetiripdir, netijede 58 ýaşly aýal we 30 ýaşly erkek ýaralanypdyr. Olar keselhanada bejergi almakdan ýüz öwürdiler.

Kiýew sebitinde rus pilotsyz uçarlarynyň uran zarbasy netijesinde Fastiw we Boryspil etraplaryndaky ammarlar ot aldy diýip, Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugy habar berdi.

Sumy sebitinde, pilotsyz uçaryň uran zarbasyndan soň, sebit merkeziniň golaýynda ýerleşýän obadaky hususy jaýda ýangyn turdy.

Russiýanyň Hersona eden pilotsyz uçar hüjümi netijesinde bir adam ýaralandy. Sebit harby administrasiýasynyň habaryna görä, 19 ýaşly bir ýigit partlama netijesinde aýagyndan ýaralanyp, keselhana ýerleşdirildi.

Poltawa sebitinde pilotsyz uçar hüjümi netijesinde iki adam ýaralandy. Sebit harby administrasiýasynyň başlygy Wladimir Kogutyň sözlerine görä, pilotsyz uçarlar Mirgorod etrabynda bir kärhana zarba urdy we iki işgäri ýaralady. Olaryň biri keselhana ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG