Owganystanda altynjy synpda okaýan ýüz müňlerçe gyz soňky gezek mekdebe bardylar. Köpler mekdepden gözýaş bilen dolandy, olar "Talybanyň" syýasaty sebäpli nämälim geljege duçar bolýandygy üçin aglaýarlar. "Talyban" olara mundan beýläk bilim almagy gadagan edýär we olaryň esasy hukuklaryny çäklendirýär.
«Soňky birnäçe günüň dowamynda, biziň okuwymyz örän dartgynly we kyn boldy» diýip, Kabulda altynjy synpda okaýan Kaýnat Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna aýtdy. Onuň sözüne görä, gyşky baýramçylyk kanikulynyň öň ýany häzirki okuw ýylynyň iň soňky güni hasaplanýar.
«Biziň hemmämiz agladyk, sebäbi biziň hiç birimiz mundan artyk okap bilmeris. Mugallymymyz bizi köşeşdirmek üçin, göwünlik berjek boldy. Siziň üçin mekdebiň gapysy irde-giçde ýene-de açylar diýdiler. Emma muňa mugallymlaryň özleri-de şübhelenýän ýaly görünýär.»
Beren wadalaryna garamazdan, "Talyban" jeňçileri owgan gyzlarynyň we aýallaryň hukuklaryny we azatlyklaryny agyr çäklendirdiler. 2021-nji ýylyň awgustynda häkimiýete geleninden bäri barlyşyksyz fundamental yslamçy "Talyban" hökümdarlary gyzlaryň ýedinji synpdan başlap, mekdepde okamagyny gadagan etdiler. Olar aýallara iş tapmak mümkinçiligini, hereket etmek we jemgyýetde haýsydyr bir hyzmaty alyp barmagy aşa çäklendirdiler, olar halkara basyşlaryna, ýurtduň içinde geçirilýän protestlere we jeňçileri özleriniň ýowuz syýasatyndan ýüz öwürmäge yrmak synanyşyklaryna-da üns bermediler.
Bilimiň gadagan edilmegine “Talybanyň” baş kazysy Abdul Hakim Hakganynyň dini garaýyşlary sebäp boldy we ol ideýa toparyň ýokary lideri Molla Haýbatulla Ahundzade tarapyndan goldanyldy.
Kabulyň başlangyç mekdep mugallymy Fatima Siddyk gyzlaryň we aýallaryň köpüsi mekdepden çykmaly bolanda, özlerini umytsyz duýýarlar diýip, Azatlygyň Owgan gullugyna gürrüň berdi.
«Menem üç gyzyň ejesi, olara-da mundan artyk bilim berilmeýär. Bu nähili beýle bolýar, hökümet [“Talyban”] mekdepleri açmak baradaky wadasyny ýerine ýetirip bilmeýär?» diýip, ol mugallyma aýdýar.
"Talybanyň" syýasaty owganlaryň köpüsiniň arasynda ýaramaz garşylanýar. Başgaça pikir edýänler köplenç häkimiýetleriň ýowuz garşylygyna duçar bolýandygyna garamazdan, käbir adamlar heläkçilige alyp barýan bu syýasaty henizem tankyt etmäge taýyn.
40 milliona golaý ilaty bolan bu musulman ýurdunda ýöredilýän "Talyban" syýasatyny aktiwistler we adam hukuklaryny goraýjylar tankytlaýarlar. Aýallary bilimden, işlemekden, hereket azatlygyndan we karar kabul etmekden mahrum edip, "gender aparteidini" amala aşyrýanlygy üçin, talyplary ýazgarýarlar.
Emma hökümet syýasatynyň bar agramy diňe aýallaryň gerdenine düşmeýär.
Ynsan hukuklaryny goraýjy "Human Rights Watch" (HRW) guramasynyň 6-njy dekabrda çykaran täze hasabatynda, Owganystanda "Talybanyň" gol astyndaky oglanlaryň bilimine hem howp abanýandygy aýdylýar.
"Mekdeplerde oglanlar hem şowsuzlyga uçraýar" diýen hasabatda, okuw meýilnamalarynyň üýtgemegi sebäpli, mekdeplerden aýal mugallymlaryň işden kowulmagy, ten jezasynyň girizilmegi we beýleki çäklendirmeler olaryň bilimine uzak möhletleýin howp salýar diýilýär.
HRW-niň aýal hukuklary boýunça barlagçysy we şu hasabatyň awtory Sahar Fetrat "Talyban" owgan oglanlarynyň hem gyzlarynyň bilimine "öwezini dolup bolmajak zyýan" ýetirdi diýdi.
“Ýurduň ähli mekdep sistemasyna zyýan ýetirmek bilen olar gowy hilli bilimden mahrum bolan tutuş bir nesli ýitirmek howpuny döredýärler” diýip, Sahar Fetrat aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum