Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maşyny gyzdyrmak üçin 5 minut: Gazagystanyň ýaşaýjylary sowuk howada maşynyny uzak wagtlap gyzdyrsa, jerime tölemeli


Gazagystanda sowuk howada ulaglaryň golaýynda duran adamlar (Illýustrasiýa suraty)
Gazagystanda sowuk howada ulaglaryň golaýynda duran adamlar (Illýustrasiýa suraty)

Gazagystanyň resmileri ýaşaýyş jaýlarynyň howlularynda maşynlaryny gyzdyrýan ulag eýelerine jerime salmak bilen çäre görüp başladylar. Jerimäniň möçberi 35 dollar bolup, ýurduň demirgazyk sebitlerinde sowuk howanyň bolmagyna, maşynlaryň doňup, köplenç dessine işläp başlamaýandygyna garamazdan, jerimäni derrew töledýärler.

Gazagystanyň Ekologiýa ministri, jerime baradaky pikiri goldaýan Ýerlan Nysanbaýew sowuga garamazdan, islendik maşyny 5 minutda ýyladyp bolýandygyny we motory uzak wagtlap gyzdyrmagyň zerur däldigini aýdýar. Nysanbaýew öz garaýşyny subut etmek üçin, hatda maşyny bary-ýogy bäş minutda nädip gyzdyrýandygy baradaky wideony hem düşürdi we ony bölümiň resmi sahypasynda çap etdi.

Emma maşyn eýeleri ministriň bu ekspertizasyna ynanmaýarlar.

Maşyny 5 minutda gyzdyrmak mümkinmi? Gazagystanda maşyn eýeleri sowukda maşynlary gyzdyrmagy gadagan edýän resmilerden närazy

“Bu doly absurd! Sowuk howada maşyn bäş minutda däl, eýsem, 15 minutda gyzýar! – diýip, Astanadan bolan maşyn eýesi aýdýar. – 5 minutda ýylatmak üçin, ähli ýaşaýjylar maşynyny awtoduralgada goýmaly ýa-da maşynlary garažda saklamaly!"

“Hawa, elbetde, 5 minutda maşynyň ýagy motory herekete getirmäge taýýar bolmaz. Şoňa görä-de, men 5 minudyň ýeterlik däldigine ynanýaryn» diýip, başga bir ulag eýesi onuň bilen razylaşýar.

– Bar zat doňup dur! Ol aýdylýany hakyky däl. Maşyny nädip bäş minutda gyzdyryp bilmersiň! – diýip, başga bir maşyn eýesi resmileriň öňe sürýän teklibinden käýinýär. — Eger maşyn birnäçe gün sowukda dursa nädersiň? Ony bäş minutda nädip gyzdyrjak?

Häzir Gazagystanda ulaglaryň "ýokary tizligi" we maşyny gyzdyrmak meselesi iň köp ara alnyp maslahatlaşylýan temalaryň biri bolup durýar. Kanun taýdan bu düzgün birnäçe ýyldan bäri dowam etse-de, hökümet ýolbaşçylary diňe ýaňy-ýakynda jerime salmak düzgünini ulanyp başladylar. Muňa jogap edip, ulag eýeleri gaharyny bildirýärler, jerime salynmak howpy abanmaz ýaly, maşyny nädip gyzdyrmalydygyny görkezýän, degişme äheňli wideolary döredýärler.

Nastoýaşeýe Wremýa telekanalynyň habarçylary öz ekspertizasyny geçirmegi we döwlet işgärleriniň aýdan sözlerini barlamagy maksat edindiler: “Biz 2021-nji ýylda öndürilen ýapon maşynyny, ýagny iň täze ulagy alyp gitdik. Ony bütin gije 30 gradus sowukda daşarda goýduk: sebäbi Astanada häzir şeýle sowuk höküm sürýär. Biz maşyny bäş minut işledip goýduk, ýöne termometr görkeziji zerur bellige ýetip bilmedi. Maşynyň ýagy hem ýeterlik gyzmady. Teorik taýdan şeýle ýagdaýda maşyny sürüp bolýar, ýöne munda motora agyr agram düşýär we onuň döwülmeginiň mümkindigini aňladýar. Awtoulaglary öndürýänler beýle ýagdaýda, maşyny ulanmagy maslahat bermeýärler”.

Ulag eýeleriniň pikiri hatda daşky gurşawy goramak boýunça hünärmenler tarapyndan hem goldanylýar: olaryň aýtmagyna görä, wezipeli ýolbaşçylaryň göz öňünde tutýan düzgünini diňe ýol düzgünleri bozulan halatynda ýa-da ýol belgilerine garşy gelýän bolsa, şeýle gyssagly ýagdaý döräninde ulanmak mümkin. Tebigaty goraýjylaryň aýtmagyna görä, daşky gurşawyň kadalarynyň bu düzgünler bilen hiç hili baglanyşygy ýok.

"Siziň maşynyňyzyň jaýyň öňünde durup, irden ony işledip gyzdyrmak – girizilen gadagançylyga degişli däldir – diýip, tejribe ekologlar birleşiginiň (Astana) başlygy Laura Malikowa düşündirýär. – Ulaglaryň goýberýän tüssesi baradaky mesele bolsa, Gazagystanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 334-nji maddasy bilen düzgünleşdirilýär. Ol diňe bellenen çäklerinden artyk bolan ýagdaýynda ulanylmalydyr.”

Emma Gazagystanyň parlamentiniň deputatlary bu delillere üns bermeýän bolmaly. Olar bu jerimeleriň "halkyň bähbidi üçin" girizilendigini aýdýarlar:

“Maşyn otlanan badyna çalt gyzýar, şonda zäherli gazy az çykarar. Bu howadan biz hem siz dem alýarys we siziň çagalaryňyz dem alýar. Ine, mesele nämede. Bularyň bary adamlaryň bähbidi üçin edilýär!" diýip, deputat Marat Kožaýew aýdýar.

Malikowa maşynlaryň çykarýan maddalaryň zäherlilik derejesini diňe ýörite tehniki enjamlaryň kömegi bilen ýazga geçirmegiň mümkindigini nygtaýar. Şoňa görä-de, "gyzdyrmak üçin" kime jerime salynsa, ol şu düzgünlere salgylanyp, soňra kazyýete arz edip bilerler diýýär. Şeýle hem tejribe ekologiýa hünärmenlik assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Gazagystanyň Ekologiýa ministrliginiň başlygyny başarnyksyzlygy sebäpli wezipesinden boşatmagy talap edýär we ekologiýa ministriniň we onuň orunbasarlarynyň öz ýurdunyň kanunlaryny hem bilmeýär diýip hasaplaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Forum

XS
SM
MD
LG