Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan paýlanýan azyk önümleriniň üpjünçiligi pes bolmagynda galýar. Maryda ilata üç aý bäri un paýlary, alty aý bäri ösümlik ýagy berilmeýär. Lebaplylar un paýlaryny soňky gezek dekabryň birinji ongünlüginde alandyklaryny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 2-nji fewralda Marydan we Lebapdan maglumat berdiler.
“Döwlet dükanlarynyň tas ählisinde un paýogy soňky gezek noýabrda paýlandy. Awgust aýyndan bäri pagta ýagy hem paýlanmaýar. Welaýatyň etraplarynyň aglabasynyň ýaşaýjylary soňky gezek geçen ýylyň awgust aýynyň un paýyny alandygyny aýdýarlar. Her aýda adam başyna 5 kilogram paýlanmaly un indi tas üç aýa golaý wagt bäri berilmeýär” diýip, Mary şäheriniň ýaşaýjysy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Ýöne ýaşaýjylar döwlet dükanlarynyň söwda tekjelerine gelmeýän unuň bazarlarda aç-açan satylýandygyny hem aýdýarlar. Olaryň tassyklamagyna görä, döwlet dükanlarynyň işgärleri uny ilata paýlaman, söwdagärlere satýarlar.
“Döwlet dükanlary ilata her kilogram uny 1 manat 50 teňňeden satmaly. Ýöne olar bu uny hususyýetçilere iki esse gymmada, ýagny 50 kilogramlyk bir haltasyny 160 manada satyp, öz jübülerini doldurýarlar. Bazarlarda söwdagärler bu uny 260-300 manatdan satýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýaşaýjy gürüň berdi.
Sebitiň döwlet dükanlarynda ilata arzan bahadan satylmaly çöregiň üpjünçiligi hem pes. Günde satuwa çykarylmaly çörek hepdede üç gün söwda tekjelerinde peýda bolýar.
“Etraplardaky döwlet dükanlarynda gündelik arzan çörek bolmaýar. Dükanlara hepdede üç gezek çörek paýlanyp, juda az möçberde satylýar” diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.
Häkimiýetler şäher dükanlaryna ýeňillikli çöregi günde iberýärler. Ýöne ençeme ýaşaýjy we dükan işgäri bu çöregiň diňe çäkli möçberiniň ýaşaýjylara paýlanýandygyny, onuň aglabasynyň hususy azyk dükanlaryna we bazarlarda çörek satýan söwdagärlere satylýandygyny aýdýar.
“Hususyýetçiler ir bilen, çörek gelen badyna döwlet dükanlarynyň işgärleri gürleşip, çörekleri ulaglaryna ýükläp, öz söwda nokatlaryna alyp gidýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly dükan işgäri anonim şertde gürrüň berdi.
Çörek we un üpjünçiliginiň ýagdaýy Lebabyň döwlet dükanlarynda hem pes bolmagynda galýar. Türkmenabat şäheriniň döwlet dükanlarynyň aglabasynda ilata un soňky gezek dekabryň birinji ongünlüginde paýlandy.
“Şonda her hojalyga 5 kilogram un 6 manada, pagtanyň çigidinden öndürilen ýagyň 1,5 litri 15 manada satylypdy. Ýaşaýjylar bularyň ýany bilen Türkmenistanda öndürilen 500 gram çaýy hem satyn almaly bolupdylar. Olar munuň üçin-de 4 manat töläpdiler. Şondan bäri ýaşaýjylara un paýlanmaýar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Şäheriň döwlet dükanlarynda arzan buhanka çöreginiň üpjünçiligi hem pes bolup, satuwa çykarylýan çörek alyjylaryň ählisine ýetmeýär.
“Buhanka nobatyna durýan adamlaryň sany juda köp bolýar. Ýerli häkimiýetleri uzyn nobatlary görkezmejek bolup, buhankany daňdan sagat 5-de dükanlara paýlaýarlar. Dükan satyjylary 5:30-da çöregi satyp başlaýarlar. Sagat 6:00-da buhanka ýok, nobat hem ýok bolýar” diýip, habarçymyz aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Lebabyň we Marynyň söwda edaralaryndan teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda alty ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Giň ýaýran işsizligiň we bazarlarda harytlaryň gymmatçylygynyň arasynda, köp hojalyk döwlet dükanlarynda ilata hödürlenýän ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly bolup galýar.
Ýöne ýylda 1,5 million tonna golaý bugdaý hasylyny alýandygyny öňe sürýän Türkmenistanda häkimiýetler döwlet dükanlaryny un, çörek we beýleki ýeňillikli harytlar bilen üpjün etmekde ençeme ýyl bäri kynçylyk çekýär. Azyk önümleri göz öňünde tutulan wagtda paýlanmaýar. Dükanlara iberilýän çäkli möçberdäki azyk alyjylaryň ählisine ýetmeýär. Dükanlaryň öňündäki nobatlarda basa-baslyklar wagtal-wagtal ýüze çykýar.
Häkimiýetler bu problemalary aç-açan boýun alyp, çözmäge çalyşmagyň deregine azyk nobatlaryna gözegçiligi güýçlendirýärler. Şup hepdäniň başynda olar köpçülik ýerlerinde agyr ykdysady şertlere aç-açan nägilelik bildirýän raýatlary ýüze çykarmak işlerini hem batlandyrdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum