Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Içerki pasportlar tizleşdirilen görnüşde resmileşdirilende '200 dollar para soralýar '


Illýustrasiýa suraty. Türkmen pasportlary.
Illýustrasiýa suraty. Türkmen pasportlary.

Gündogar Lebap welaýatynyň ençeme ýaşaýjysy raýatlaryň içerki pasportlary resmileşdirilende emeli bökdençlikleriň döredilip, bu prosesiň gijikdirilýändigini, tizleşdirilen görnüşde pasport almak üçin raýatlardan ‘200 dollar möçberinde’ para soralýandygyny aýdýarlar.

“Dört aý mundan öň oglumyň 16 ýaşy doldy, pasport almak üçin, pasport bölümine degişli resminamalary we suraty tabşyrdyk. Oglumyň pasporty heniz hem taýyn däl” diýip, maý aýynda pasport bölümine ýüz tutan Saýat etrabynyň bir ýaşaýjysy aýdýar we bu ýagdaýyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolandygyny belläp, sözüniň üstüni ýetirýär.

Lebap welaýatynyň administratiw merkezi bolan Türkmenabat şäherinde we Çärjew etrabynda hem içerki pasportlaryň resmileşdirilmeginiň köpçülikleýin görnüşde gijikdirilmegi bilen bagly hadysalar has köp hasaba alnyp başlandy.

Azatlyk Radiosynyň içeri işler edaralaryndaky bir çeşmesi bu meselede polisiýanyň raýatlary pasportlaşdyryş bölümleri tarapyndan “emeli kynçylyklaryň” döredilýändigini aýdýar.

“Türkmenistanda pul gazanjak bolsaň, emeli ýagdaýda bökdençlik ýa-da defisit döredäýmeli. Biziň edaramyzda hem bu düzgün on ýyllyklaryň dowamynda gaýtalanýar” diýip, polisiýa edaralaryndaky çeşme pasportlaryň resmileşdirilmeginde bar bolan bökdençliklere salgylanyp, Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Pasport bölümleriniň işgärleri degişli prosesiň uzaga çekmeginiň sebäplerini zerur blanklaryň ýetmezçiligi bilen delillendirmäge synanyşýarlar.

“Içerki pasportlar resmileşdirilende ýörite bir ýaşyl blanka doldurmaly, blanka ýok” diýip, Saýat etrabyndan bolan beýleki bir çeşme pasport bölüminiň işgärlerini sitirleýär.

Türkmenistanda raýatlaryň pasportlarynyň resmileşdirilmeginiň häkimiýetler tarapyndan gijikdirilmegi bilen bagly şikaýatlar ençeme aý wagt bäri dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary şu ýylyň ýanwar aýynda Balkan welaýatynda 16 ýaşyna ýeten raýatlara içerki pasportlaryň berilmeginiň wagtynyň yza çekilýändigini habar berdiler.

Has ozal, geçen ýylyň noýabr aýynda bu ýagdaýyň hatda Aşgabat şäherine-de, Ahal welaýatynyň käbir etraplaryna, şol sanda Gökdepe etrabyna-da mahsus bolandygy mälim bolupdy.

Eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda permana gol çekdi.

Bu permana laýyklykda, Içeri işler ministrligi ýedi günüň içinde raýatlaryň içerki paspotlarynyň resmileşdirilmegini üpjün etmeli, hem-de olary dabara bilen eýelerine gowşurmaly.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek, bermek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak wezipeleri Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklenilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň oktýabrynda karara gol çekip, Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibini, ondan peýdalanmagyň kadalaryny hem-de içerki pasportyň nusgasyny we ýazgysyny tassyklady.

Lebap welaýatynyň pasport bölümleriniň birinden bir hepdäniň içinde raýatlyk pasportyny almagy başaran bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde tizleşdirilen görnüşde pasport almak üçin para soralýandygyny tassyklady.

“Familiýamy çalyşmak üçin pasport bölümine ýüz tutdum. Dört aý garaşmaly bolar diýdiler. Edaranyň içinde oturdylan kameralara garamazdan, 200 dollar möçberinde para alyp, bir hepdede meselämi çözüp berdiler” diýip, sebit ýaşaýjysy aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça içeri işler edaralaryndan resmi teswir alyp bilmeýär.

Türkmenistanda resminamalar boýunça döwlet edaralaryna ýüz tutulanda, şol sanda biometriki pasportlara ýüz tutulanda, bank amallary ýerine ýetirilende, uçar biletleri alnanda we başga-da köp halatlarda raýatlaryň içerki pasportlary talap edilýär.

Lebap welaýatynyň pasport bölümlerindäki gijikmeler we para talaplary zerarly, öz wagtynda raýatlyk pasportyny alyp bilmeýän ýerli ýaşaýjylar kynçylyklara sezewar bolýarlar.

“Heniz içerki pasportymy alyp bilmedim, dogluş hakyndaky şahadatnamam bilen, banka baryp, Orsýetde okaýan gyzyma pul ibermekçi boldum emma başarmadym. Içerki pasportym bolmansoň, zagran pasporta-da ýüz tutup bilmeýärin. Gyzym Russiýada aç otyr” diýip, bir lebaply ýaşaýjy aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG