Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda birnäçe aý bäri ýetginjeklere içerki pasport berilmeýär


Pasport. Türkmenistan
Pasport. Türkmenistan

Türkmenistanda raýatlara, şol sanda 16 ýaşyna ýeten ýetginjeklere pasport berilmeginiň togtadylmagyna ýarym ýyldan gowrak wagt geçdi. Kanun boýunça pasport almaga borçly raýatlar içerki pasportyny henizem alyp bilmeýärler. Häkimiýetler kanuna ters gelýän bu ýagdaýyň sebäplerini düşündirmeýärkä, raýatlaryň dokumentsiz galmagy durmuşyny kynlaşdyrýar.

Balkan welaýatynda 16 ýaşy dolan we welaýat içinde ýazga duran raýatlara içerki pasportyň berilmezligine ýedi aýdan gowrak wagt geçdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, ýerli migrasiýa işgärleri içerki pasport üçin blanklaryň ýokdugyny aýdýarlar.

"Pasport üçin blanklar çap edilmeýär. Ony çap etmek üçin döwlet rugsat bermeýär. 7 aýdan gowrak wagt bäri Türkmenistanda raýatlyk pasportlarynyň elektron çipli görnüşleri üçin nusgalary taýýarlanýar" diýip, migrasiýa gullugynyň balkanly işgäri gürrüň berdi.

Türkmenbaşyly polisiýa işgärleri bolsa, 2025-nji ýylyň dowamynda raýatlaryň içerki pasportlarynyň doly çipli görnüşe geçirilmeginiň planlaşdyrylýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk bilen anonim gürleşen migrasiýa we polisiýa wekilleri täze pasport üçin zerur serişdeleri, şol sanda çipleri Hytaýdan satyn almagyň Türkmenistanyň "Aýdyň Gijeler" kärhanasyna tabşyrylandygyny aýdýarlar. Bu maglumatlary agzalan kärhananyň we ýurduň migrasiýa gulluklarynyň wekillerinden resmi taýdan tassykladyp bolmady.

Oktýabr aýynda Türkmenistanda içerki pasportyň täze görnüşi tassyklandy we onuň ýakyn wagtda dolanyşyga girizilmeginiň planlaşdyrylýandygy aýdyldy. Emma eýýäm şol wagtda raýatlara içerki pasportlaryň berilmeginiň gijikdirilmeginiň täze pasportyň dolanyşyga girizilmegi bilen baglanyşygynyň bolup-bolmazlygy barada resmi derejede düşündiriş berilmedi.

Türkmenistanyň kanuny düzgünlere görä, pasportyň bir aýyň dowamynda taýýarlanmagy göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda ençeme aýlap pasportsyz galýan raýatlara wagtlaýyn dokument berilýär.

"Türkmenbaşyly ýaşlar we pasport almaga zerurlygy bolan raýatlarymyz üçin diňe olaryň şahsyýetini tassyklaýan wagtlaýyn, ýagny 3 aý möhletli kepilnama berýäris" diýip, polisiýa işgäri gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonim gürleşen kanun goraýjynyň sözlerine görä, berilýän wagtlaýyn kepilnamanyň ygtyýarlygy çäkli bolup, ol pasportyň ornuny tutmaýar.

"Meselem, serhet ýakasynda gulluk edýän çagalarynyň ýanyna barjak bolýan ene-atalaryň pasporta zerurlygy çyksa, olar bu kepil haty bilen Serhetabat we Köýtendag ýaly serhetýaka ýerlere baryp bilmeýärler. Olaryň wagtlaýyn resminamasy ol ýerde ýöremeýär. Bankdan kredit almak üçin hem wagtlaýyn kepilnama ýaramaýar, pasportyň asyl nusgasy gerek bolýar" diýip, polisiýa işgäri aýdýar.

Türkmenistanda raýatlara içerki pasportyň berilmezligi bilen bagly ýagdaýlar soňky aýlarda paýtagtda we ýurduň beýleki welaýatlarynda hem ýüze çykdy. 16 ýaşyna ýeten oglanlar we gyzlar Aşgabatda we Ahal welaýatynyň etraplarynda, şol sanda Gökdepede içerki raýat pasportlaryny güýz aýlarynda alyp bilmändi. Şonda Azatlygyň habarçysy käbirleriň alty aý bäri pasporta garaşýandygyny, bir ýyla golaý wagt bäri dokumentini alyp bilmeýänleriň hem bardygyny habar beripdi.

Şonda Ahaldaky pasport bölümleriniň işgärleri pasport bermek üçin zerur blanklaryň ýokdugyny aýdypdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ilatyň pasport almakdaky uzaga çeken kynçylyklary barada resmi düşündiriş bermän gelýärler. Emma ilatyň dokument almakdaky kynçylyklary diňe içerki pasportlar bilen çäklenmeýär.

Türkmenistanyň raýatlary barha agyrlaşýan ykdysady kynçylyklar we köpçülikleýin işsizlik zerarly ýurduň daşyna gitmäge synanyşýarka, syýahatçylyk üçin zerur biometriki pasport almakdaky dürli kynçylyklar ençeme ýyl bäri saklanýar.

Tutuş ýurt boýunça migrasiýa gulluklarynda bir ýyldan artyk uzaga çekýän nobatlardan başgada-da, adamlaryň dokument edinmegine böwet salýan dürli dilden edilýän päsgelçilikler döredilýär.

2023-nji ýylyň dowamynda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan raýatlara daşary ýurt pasportynyň berilmezligine degişi ýagdaýlar köpeldi. Şeýle-de, üç nesilde garyndaşlarynyň arasynda jenaýata çekilenleriň ýokdugyny tassyklaýan “uç arka” resminamasyny berip bilmedik raýatlara daşary ýurt pasportlaryny bermekden ýüz öwrüldi, raýatlaryň SSSR döwründe berlen dogluş hakyndaky şahadatnamalary esasynda pasport berilmegi hem inkär edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG