Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguz prezidentiň saparyna taýýarlanýar


Prezident Serdar Berdimuhamedow (sagda) 13-nji iýunda Balkanda galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat
Prezident Serdar Berdimuhamedow (sagda) 13-nji iýunda Balkanda galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat

Daşoguz welaýatynyň häkimiýetleri prezident Serdar Berdimuhamedowyň 16-njy iýunda sebite etmegine garaşylýan saparyna güýçli depginde taýýarlyk görýärler. Döwlet baştutanynyň sebitde galla oragynyň depgini bilen tanyşmagyna garaşylýar. Taýýarlyklaryň çäginde giň gerimli arassaçylyk işleri bilen bir hatarda, oba hojalyk tehnikalary berk barlagdan geçirilýär.

“Bu gezek prezidentiň sapary döwründe uly aýdym-saz çäresiniň geçirilmegine garaşylmaýar. Ýöne gije-gündiz ýowarlar geçirilýär. Arassaçylyk tehnikalary dyngysyz işleýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýlardan habarly çeşmesi 16-njy iýunda aýtdy.

Prezidentiň Görogly we Boldumsaz etraplaryndaky bugdaý meýdanlaryna baryp görmegine garaşylýar. Munuň üçin etraplarda bol hasylly bugdaý meýdanlary taýýarlanyldy.

Şeýle-de, döwlet baştutanynyň baryp görjek bugdaý meýdanlarynda goýuljak 10 sany bugdaý orýan kombaýn hem saýlanyp alyndy. Welaýatdaky iň täze kombaýnlardygy aýdylýan bu tehnikalar prezidentiň ýörite gorag gullugy tarapyndan berk barlagdan geçirilýär.

“Welaýatyň merkezi obahyzmat kärhanasynyň bir garažynda ýerleşdirilen bu kombaýnlara kanun goraýjy edaralaryň işgärleri gözegçilik edýär” diýip, çeşmämiz sözüne goşdy.

Mundan başga-da, sebit häkimiýetleri prezident bilen söhbetdeş boljak gallaçy daýhanlary we kombaýnçylary hem saýlap aldylar. Olar welaýatyň medeniýet we teleradio gepleşikleri bölümleriniň söz ussatlary we režissýorlary tarapyndan ýörite taýýarlyk okuwyndan geçirilýär.

“Olara özlerini nädip alyp barmalydyklary, näme gürlemelidikleri we näme gürlemeli däldikleri öwredilýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Welaýatyň obahyzmat edarasynyň bir işgäriniň Azatlygyň sebitdäki habarçysyna aýtmagyna görä, prezidentiň bu saparynyň dowamynda kombaýnçylara telewizorlaryň sowgat berilmegine hem garaşylýar. Ýöne bu telewizorlaryň puly kombaýnçylaryň özlerinden ýygnalýar.

Azatlyk bu barada welaýat häkimliginden we obahyzmat edarasyndan kommentariýa alyp bilmedi. Ýöne ýatlatsak, mundan ozalky ýyllarda-da kärendeçilere hem-de uruş we tyl weteranlaryna beriljek sowgatlar üçin olaryň özlerinden pul ýygnalýandygy mälim bolupdy.

Adatça bolşy ýaly häkimiýetler we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri prezidentiň sebite etmegine garaşylýan bu sapary barada maglumat bermeýärler. Şol sebäpli bu saparyň amala aşyp-aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolmagynda galýar.

Ýöne adatça şeýle taýýarlyklar prezidentiň ýa-da ýokary derejeli döwlet emeldarynyň sebitlere etmegine garaşylýan saparlarynyň öňüsyrasynda bolup geçýär.

Galyberse-de, bu taýýarlyklar prezidentiň Balkan welaýatyna sapar edip, bu ýerde, görnüşinden, ýörite saýlanyp alnan bol hasylly bugdaý meýdanynda galla oragynyň depgini bilen tanyşmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Döwlet telewideniýesi 13-nji iýunda Gyzylarbatda “bol hasyldan ýaňa tas dökülip oturan” bugdaý meýdanlaryny, olaryň gyrasynda “hatara düzülen” kombaýnlary görkezdi.

Resmi habarlardan tapawutlylykda, Lebap we Mary welaýatlarynda gallaçy kärendeçiler bu ýyl haslyň pes bolandygyny aýdýarlar. Gallaçylar pes hasyly gyş paslynyň sowuk gelmegi, ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi we ýylyň dowamynda ygalyň az bolmagy bilen ilteşdirýärler.

Maýyň ahyrlarynda Balkanyň häkimiýetleriniň resmi taýdan galla oragyna girişmek dabarasyny geçirmek üçin, bol hasylly galla meýdanlaryny tapmakda kösenýändikleri mälim bolupdy.

Galla oragyna ýurduň Lebap, Mary we Ahal welaýatlarynda 2-nji iýunda, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda 9-njy iýunda girişildi. Türkmenistanda şu ýyl ýurt boýunça 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG