Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çörek gytçylygy şäher we oba ýaşaýjylarynyň arasynda dartgynlylyk döredýär


Aşgabat (Illýustrasiýa suraty)
Aşgabat (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda azyk ýetmezçiligi agyrlygyna galýar. Problemany resmi derejede boýun almaýan häkimiýetler çözgüdiň ýerine ilata basyşyny artdyrýarka çörek, un ýaly azygyň gytçylygy şäher we oba durmuşynyň arasyndaky deňsizligi görkezýär we ilatynyň arasynda dartgynlylyk döredýär.

Oba ýaşaýjylary şäherlerdäki azyk üpjünçiligi ganymat hasaplaýarlar. Şäheriň döwlet dükanlarynda çörek az mukdarda bolsa-da günde satylýar, obalarda bolsa birnäçe günläp asla bolmaýar diýip Azatlyk bilen gürleşen oba ýaşaýjylary aýdýarlar.

Hatda Aşgabadyň ýaşaýjylary hem çetki etraplarynyň döwlet dükanlarynda azyk üpjünçiliginiň merkezi etraplaryndan has gowşakdygyny belleýärler.

"Kiçi etraplarda dükanlaryň kadaly zerur azyk onümi bilen üpjün edilmeýänligi üçin şol ýaşaýjylar paýtagtyň merkezine baryp, çöregi we uny satyn alyp gaýdýarlar. Merkezi etraplaryň ýaşaýjylary bolsa, özlerine niýetlenen zerur azyk- harytsyz galýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaý adamlaryň arasynda dawa jenjeliň döremegine sebäp bolýar" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Aşgabadyň ýaşaýjylary ençeme ýyl bäri dowam edýän azyk gytçylygy zerarly döwlet dükanlarynda uzak wagtlap nobatda durup çörek, un satyn almaly bolýarlar. Azyk gytçylygy zerarly döwlet dükanlarynda yzy üzülmeýän nobatlarda dawalar, hatda ýakalaşyklar ýygy-ýygydan döreýär.

Şeýle-de bolsa, paýtagtda ýagdaý ýurduň beýleki ýerlerinden has ganymat hasaplanýar. Obalylar öz ýaşaýan ýerlerinde ýagdaýyň mundan hem agyrdygyny aýdýarlar. Hatda paýtagtyň etegindäki obalaryň ýaşaýjylary öz dükanlarynda çörek, un ýaly zerur azygyň seýrek satylýandygy sebäpli paýtagta barmaga mejbur bolýarlar.

"Häkimiýet paýtagtyň çetki ýaşaýjylary bilen paýtagtyň merkezinde ýaşaýan raýatlaryň arasynda subsidirlenen bahadan satylýan çöregiň we unuň adalatsyz satylmagyna ýol berýär we sosial dartgynlylygyň döremegine sebäp bolýar. Mesele ilat arasynda ýitileşýär we çuňlaşýar " - diýip, Aşgabadyň etegindäki etraplaryň biriniň ýaşaýjysy Azatlyk bilen öz pikirini paýlaşdy.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary bu meseläniň ýyllarboýy dowam edip gelýändigini, emma ýokary wezipeli döwlet resmileriniň problemany açyk gozgamaýandygyny belleýärler.

2017-nji ýylyň aýagyndan bäri gowşamaýan azyk krizisini hatda boýun hem almaýan hökümet, azyk ýetmezçiliginiň asyl sebäplerini kesgitläp, zerur çäre görmegiň ýerine ilata basyş görkezmek bilen çäklenýär.

Häkimiýetler nobatlary wideo düşürmek, nobata durmagy gadagan etmek, alyjylyk mümkinçiliklerini çäklendirmek we nägilelik bildirmäge synanyşyklar üçin gorkuzmak ýaly çäreleri yzygiderli görýär. Soňky aýlarda Aşgabadyň polisiýasy çetki obalardan çörek satyn almaga gelen raýatlary nobatlardan kowdy, saklady we jerime saldy.

Polisiýanyň basyşyna paýtagt ýaşaýjylary-da sezewar bolýar. Soňky aýlarda kanun goraýjy edaralaryň işgärleri döwlet dükanlarynda üçden artyk çörek satyn alan raýatlary saklap, olaryň çöreklerini ellerinden aldylar.

Ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda adam başyna arzan bahadan diňe üç buhanka çörek satylýar. Emma dükanlara çöregiň çäkli möçberde berilmegi sebäpli çörek nobata duranlaryň ählisine ýetmeýär.

Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň berjaý edilýändigini yglan edýän türkmen häkimiýetleri we döwlet mediasy bu ýagdaýlar barada maglumat bermeýär. Agyr ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagynyň arasynda, köp hojalyk döwlet dükanlarynda subsidirlenen bahadan satylýan azyga doly garaşly bolup galýar.

Emma gününi zordan görýän ýaşaýjylar çöregiň we unuň gapdalyndan möhleti geçen harytlary satyn almak ýaly goşmaça basyşa sezewar edilýär. Şol bir wagtda-da oz hojalygynda azyk öndürýän, şol sanda gök-önüm, pagta ýagyny we çörek bişirip satýan raýatlara garşy reýd geçirilýär.

dyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG