Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň polisiýasy çetki obalardan çörek satyn almaga gelen raýatlary gözleýär


Paýtagtyň häkimiýetleri raýatlaryň diňe özüne degişli etrabyndaky, etrapçasyndaky ýa-da obasyndaky döwlet dükanlaryndan ýeňillikli azyk paýlaryny, şol sanda çöregi satyn almagyna rugsat berýärler. (Illýustrasiýa suraty)
Paýtagtyň häkimiýetleri raýatlaryň diňe özüne degişli etrabyndaky, etrapçasyndaky ýa-da obasyndaky döwlet dükanlaryndan ýeňillikli azyk paýlaryny, şol sanda çöregi satyn almagyna rugsat berýärler. (Illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň häkimiýetleri döwlete degişli azyk dükanlarynyň öňünde çörek nobatyna durýan raýatlara gözegçiligini güýçlendirýärler. Polisiýa işgärleri Aşgabadyň çetki obalaryndan arzan çörek satyn almaga gelen raýatlary gözleýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji noýabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“Içeri işler ministrliginiň etrap polisiýa bölüminiň işgärleriniň gulluk awtoulaglarynda dükanlaryň töwereklerinde, köp gatly jaýlaryň arasynda gözegçilik etmekleri ýygjamlaşdy. Olar esasan paýtagtyň gündogar etrapdyr obalaryndan çörek satyn almaga gelýänleri anyklamaga çalyşýarlar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Polisiýa "şübheli hasaplanylýan" adamlary saklaýar we olardan pasportlaryny ýa-da şahsyýetini anyklaýan beýleki resminamalary görkezmegi talap edýär.

“Saklanan adam Aşgabadyň çetki obalarynda ýa-da etraplarynda ýazgyda duran bolsa, onda ol özüne degişli etrabyň polisiýa bölümine alnyp gidilýär we gorkuzmalara, haýbat atmalara sezewar edilýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Dükan işgärleriniň birnäçesi häkimiýetleriň bu çäre esasynda nobatdaky adamlaryň sanyny azaltmaga çalyşýandygyny aýdýar.

Aşgabadyň söwda edarasynyň resmileri bu çäreleriň sebäplerini aç-açan düşündirmeýärler. Azatlyk bu barada paýtagtyň söwda edarasyndan we Polisiýa müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.

Çetki obalaryň ýaşaýjylary özleriniň çörek satyn almak üçin şäheriň merkezi dükanlaryna gelmeginiň sebäbini öz sebitlerinde çöregiň bahasynyň 10% gymmatlandygy bilen düşündirýärler.

Häkimiýetler raýatlaryň diňe özüne degişli etrabyndaky, etrapçasyndaky ýa-da obasyndaky döwlet dükanlaryndan ýeňillikli azyk paýlaryny, şol sanda çöregi satyn almagyna rugsat berýärler. Raýatlaryň beýleki sebitlerdäki dükanlardan azyk satyn almagy dilden gadagan edilýär.

Ýöne aşgabatlylaryň ençemesi bu gadagançylygyň Gökdepe etrabynyň we onuň obalarynyň ýaşaýjylaryna degişli däldigini aýdýar.

“Bu etrapdan Aşgabada çörek satyn almaga gelen raýatlara hiç hili çäre görülmeýär. Olar polisiýa bölümine-de alnyp gidilmeýär” diýip, aşgabatly başga bir ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Bu aralykda, habarçymyz dükanlarda çöregiň hiliniň günsaýyn ýaramazlaşýandygyny, muňa garamazdan, onuň hyrydarynyň azalmaýandygyny aýdýar.

“Şeýle pes hilli çörek üçin-de adamlar daňdandan ençeme sagatlap nobata durup, onuň üstünde göreşmeli bolýarlar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda azyk üpjünçiliginiň ýaramaz ýagdaýy soňky aýlarda has-da ýitileşýär. Subsidirlenen azyk önümleri kadaly paýlanylmaýar, käbir sebitlerde alty aý çemesi gijikdirilýär. Dükanlarda çäkli möçberde satylýan arzan çörek ýaşaýjylaryň ählisine ýetmeýär. Azyk paýlarynyň “kemeldip berilmegi”, ilata gurçukly unuň paýlanmagy ýaly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Muňa garamazdan, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, köp hojalyk ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly bolup galýar.

Soňky hepdelerde häkimiýetler döwlet dükanlarynyň öňündäki uly nobatlaryň öňüni almak ýa-da olary ýaşyrmak çärelerini hem güýçlendirýärler.

Şu aýyň ortalarynda häkimiýetler “ýurduň abraýyny pese gaçyrýandygyny” aýdyp, dükanlaryň töweregindäki agaçlaryň aşagynda irkilip, çörek nobatyna garaşýan raýatlaryň bu ýerlerde üýşmegini gadagan etdiler.

Geçen hepdäniň ahyrynda bolsa, Türkmenbaşyda nobatlaryň "öňüni almak maksady bilen", ilata ýeňillikli azyk paýlaryny žeton esasynda bermek düzgüniniň girizilýändigi mälim boldy.

Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň berkidilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen hökümeti we mediasy dükanlardaky azyk ýeter-ýetmezçiligi we munuň bilen bagly görülýän çäreler barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG