Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda çagalaryň arasynda näbelli wirus ýaýraýar


Türkmenbaşynyň köpugurly hassahanasyna baran eneler we olaryň çagalary (Arhiw suraty)
Türkmenbaşynyň köpugurly hassahanasyna baran eneler we olaryň çagalary (Arhiw suraty)

Balkan welaýatynda çagalaryň arasynda näbelli wirus ýaýraýar. Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň saglyk işgäriniň birnäçesi lukmançylyk edarasynyň çagalar bölüminde ýatymlaýyn bejergi almak isleýän çagalar üçin ýer ýokdugyny aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji iýulda sebitden maglumat berdi.

“Wirusdan kesellän çagalar iýen zadyny gaýtarmak, beden temperaturasynyň aşa ýokarlanmagy, burnunyň ganamagy, dem almagy kynlaşyp, sandyramagy ýaly agyr alamatlar bilen hassahanalara ýüz tutýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly lukman gürrüň berdi.

Balkanly lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň birnäçesiniň anonim şertde habarçymyza aýtmagyna görä, dümewe meňzeş alamatlaryň has agyr görnüşi bilen geçýän keselçiligi anyklamak üçin ýeterlik çäre geçirilmeýär.

Azatlygyň ýurduň günbatar welaýatyndaky çagalaryň arasynda ýaýraýan bu wirusyň nämedigini anyklamak boýunça sebitiň saglygy goraýyş resmilerinden teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Ýöne Türkmenbaşynyň köpugurly hassahanasynyň birnäçe saglyk işgäri wirusyň tizlik bilen ýaýraýandygyny we lukmançylyk edarasyna ýüz tutýan çagalaryň sanynyň köpdüginden ýaňa, çagalar bölüminde ýatymlaýyn saglyk bejergisini bermäge ýeriň ýokdugyny aýdýar.

“Bir minut hem boşap bilemizok. Çaga näsaglarynyň köpdügi zerarly, ene-atalara çagalaryny gatnadyp, sanjymlary almagy maslahat berýäris we olary öýlerine ugradýarys. Esasy bejergi üçin antibiotikler, antiwirus sanjymy, aşgazan üçin damardan damjalaýyn sanjym, ýürek üçin sanjymlary we beýleki dermanlary berýäris” diýip, hassahananyň bir lukmany anonim şertde aýtdy.

Ol bir çaganyň saglyk bejergisi üçin çykdajynyň azyndan 1 müň manada barabar bolýandygyny hem sözüne goşdy.

Habarçymyz wirusyň diňe welaýatyň çagalarynyň arasynda däl, eýse ýurduň dürli künjeginden gelip, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda hem ýaýraýandygyny aýdýar.

“Bu merkezdäki çagalaryň 50%-den gowragy bu wirusdan keselledi. Şu günler Türkmenbaşy köpugurly hassahanasynyň pediatorlary bu merkeziň özüne baryp, kesellän çagalara saglyk bejergisini berýärler” diýip, hassahananyň başga bir lukmany anonim şertde gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, Awazada dynç alýan çagalar üçin zerur dermanlaryň maddy çykdajylary merkeziň terbiýeçileriniň we şäher hassahanasynyň lukmanlarynyň, şepagat uýalarynyň boýnuna ýüklendi.

“Beýleki welaýatlardan gelen çagalaryň ene-atalaryny panika düşürmezlik, howsala döretmezlik maksady bilen, olara keselçilik barada habar berilmedi. Geçen bäşinji güni kesellän çagalaryň saglygy gowulaşyp başlady. Ýöne heniz hem agyr ýatan çagalar bar” diýip, lukman belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada agzalýan hassahanadan we merkezden teswir alyp bilmedi. Redaksiýa ýurduň günbatar welaýatynda çagalaryň arasynda ýaýraýan wirus barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hem habarlaşmak başartmady.

Balkandan gelip gowşan maglumatlar, Aşgabatda täze wirusyň ýaýraýandygy baradaky habarlardan bir aý çemesi soňa gabat geldi.

6-njy iýunda paýtagtdaky habarçylarymyz dümewe meňzeş alamatlar bilen geçýän kesele uçran hassalaryň özleriniň iýýän iýmitiniň tagamyny duýmaýandygyndan we burnunyň ys almak ukybyny ýitirmeginden şikaýat edýändigini habar beripdiler.

Habarçylarymyz bu wirusyň nämedigini we onuň koronawirus bilen bagly bolup-bolmazlygyny ýurduň saglygy saklaýyş resmilerinden anyklap bolmandygyny hem aýdypdylar.

Häzirki güne çenli COVID-19 keseliniň ýekeje-de ýagdaýyny resmi derejede ykrar etmedik Türkmenistanda koronawirus testleri geçirilse-de, netijeleri mälim edilmeýär.

Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri, adatça bolşy ýaly, ýurtda ýaýraýan keselçilikler, wiruslar we olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG