Türkmenistanda dümew alamatly keseliň giň ýaýramagy dowam edýär. Lukmanlar medisina kömegini soraýanlaryň köpelendigini aýdýan wagtynda, raýatlar keseliň öňüni almak üçin özbaşdak çäre görýärler, maska dakynýan köpelýär, ene-atalar çagalaryny mekdebe, çagalar bagyna ugratmazlygy makul bilýär. Emma hökümet tarapyndan resmi çäreler göze ilmeýär.
Resmiler keselçiligi agzamaýarka, soňky günlerde paýtagtda köpçülik ýerlerinde hlor bilen ýumak işleri alnyp barylýar. Bu çäre COVID-19 pandemiýasy döwründen bäri geçirilmändi.
"Teke bazaryny soňky aýda yzygiderli hlor bilen ýuwýarlar. Munuň dümen wirusynyň ýaýramagy bilen baglydygyny aýdýarlar" diýip, Azatlygyň habarçylarynyň biri bazar işgärlerine salgylanýar.
Aşgabatda we ýurduň beýleki ýerlerinde ilat arasynda dümewiň alamatlary bilen geçýän dem alyş ýollarynyň hassalygynyň ýaýramagy dowam edýär. Hassalyk güýçli üsgülewük, ýokary gyzgyn, dem tutma ýaly alamatlar bilen geçýär.
Türkmenistanyň saglyk resmileri gyşyň başyndan bäri ýaýraýan keselçilikli ýagdaýy düýpden agzaman gelýärler. Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi websaýtynda hem hiç hili habar, düşündiriş ýa-da ilat üçin rekomendasiýa ýerleşdirilmändir.
Azatlyk bilen gürleşen lukmanlar we aşgabatlylar häkimiýetleriň keselçiligiň öňüni almak üçin çäreleriniň hem göze ilmeýändigini belleýärler.
Bu ýagdaýda paýtagtlylar saglygyny goramak üçin özbaşdak çäre görmäge synanyşýarlar. Köçelerde, edaralarda we keselhanalarda maska dakynýan adamlaryň sany köpelýär.
Mekdebe we çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň ene-atalary perzentlerini öýde galdyrmagy makul bilýärler. Paýtagtyň çagalar baglarynyň işgärleri hem ene-atalara muny maslahat berýärler.
"Häzir paýtagtyň çagalar bagyna gatnaýan we köpçülikleýin ýapyk otaglarda bir ýere jemlenen çagalara birek-bireginden kesel tiz ýokaşýar. Çagalar aşa ýokary gyzgyndan we güýçli üsgülewikden ejir çekýärler. Bu ýagdaýda çagalar bagynyň terbiýeçileri ene-atasyna körpelerini öýlerinde saklamagy tabşyrýarlar" diýip, aşgabatly ene gürrüň berdi.
Aşgabatly ene-atalar bu ýagdaýyň resmi bolmadyk karantine meňzeşdigini belläp, Saglyk ministrliginiň resmi derejede karantin yglan etmeýändiginden nägile bolýarlar.
Bu aralykda Azatlyk bilen anonim gürleşen aşgabatly saglyk resmisi saglyk edaralarynda keseliň öňüni almak üçin zerur çäreleri işläp düzmek we amala aşyrmak üçin ygtyýaryň ýokdugyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, saglyk işgärlerine inisiatiwa bilen prezidentiň apparatyna ýüzlenmäge-de rugsat berilmeýär.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada Türkmenistanyň Saglyk ministrliginden resmi maglumat alyp bilmedi.
Türkmenistanda güýzde tutaşan dümew we dem alyş ýollarynyň keselçiligi soňky aýlarda birnäçe gezek güýçlendi. Ýanwar aýynda keselçilik zerarly çagalaryň ýogalan halatlarynyň bolandygyny Azatlygyň habarçylary maglumat beripdi.
Bir hepde mundan ozal gyzgyny aşa ýokarlanyp, Tiz kömek gullugyna ýüz tutmaga mejbur bolýar adamlaryň sanynyň ençeme esse köpelendigi habar berlipdi.
Türkmen hökümeti kesellere degişli statistikany çap etmeýär. Dünýäde koronawirus pandemiýasynyň dowamynda Türkmenistan öz territoriýasynda bu keseliň bolmandygyny aýdan tas ýeke-täk ýurt boldy.
Emma Azatlygyň çeşmeleri ýurtda koronawirusyň pidalarynyň sanynyň ýöredilendigini anykladylar. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Azatlygyň Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ulgamyndaky ynamdar çeşmesi ýurtda koronawirusdan heläk bolan 25 000-den gowrak adamyň hasaba alnandygyny habar berdi. Ýurduň häkimiýetleri bu maglumatlary resmi derejede ne tassyklady, ne-de inkär etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum