Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

At çapyşyk möwsümi başlandy, adamlar jokrama yssyda 'bagt baýdaklaryny' galgatdy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

20-nji iýunda Lebap welaýatynyň atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy tomsuň jokrama yssysynda hökümet tarapyndan gurnalýan sport çäresine çekilýän býujet işgärleri üçin ýene bir artykmaç aladanyň tapylandygyny tabar berýär. Ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, Türkmenistan soňky onýyllyklarda ‘mejbury çäreler ýurduna aýlandy we ol çäreleriň esasy maksady bir tarapdan ‘gazanylan’ diýilýän ‘ägirt uly üstünlikleri’ wasp etmek bolsa, ikinji tarapdan, adamlary başga zada eli ýetmez ýaly edip saklamak bolup görünýär.

Türkmenabadyň şäher häkimligindäki çeşmäniň 25-nji iýunda beren habaryna görä, “20-nji iýunda at çapyşyk möwsüminiň açylyş dabarasy guralyp, oňa deputatlar we emeldarlar hem gatnaşdy, aýlawyň sany 11 boldy. Adatça aýlawlaryň sany 8-9 sany bolýar. Dabara gatnaşan býujet işgärleri ellerine baýdak, şar alyp durmaly edildi.”

At çapyşygyna tomaşa eden býujet işgäri özi ýaly adamlaryň bu çäre mejbury-meýletin ýagdaýda, işini ýitirmezlik üçin gelmeli bolýandygyny, ýöne olaryň arasynda, seslerini çykaryp bilmeseler hem, häkimiýetleriň görýän howpsuzlyk çärelerinden, hapaçylykdan nägileligini bildirýänleriň hem bardygyny gürrüň berdi.

“Derwezäniň agzynda duran MHM işgärleri ippadroma girýänleri ilki bilen metal-detektorlardan geçirip, telefonly girmegi gadagan etdiler. At çapyşyga tomaşa etjek adamlaryň oturmaly oturgyçlary, hemişe bolşy ýaly, gaty hapady. Biz ýanymyz bilet gazet-žurnal getiripdik. Emma güýç edaralarynyň işgärleri gazetleri görüp, “Hormatlynyň suraty bar, üstünde oturmak bolanok” diýip, kemsidiji sözleri aýdyp, biziň üstümize gygyrdylar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen býujet işgäri aýtdy.

Söhbetdeşimiziň sözlerine görä, mejbury tomaşaçylar, kameraçylaryň yşarat etmegi bilen, gerek ýerinde gygyryp, ýasama şatlyk-şowhun turzup, el çarpmaly, baýdak galgatmaly boldular.

“Yssyda iki sany gyz huşuny ýitirdi, kadra düşäýmesin diýip, olary bir gyra geçirdiler, emma hiç hili lukmançylyk kömegini bermediler. Çäre gutaranyndan soň, işgärler kireýine tutulan awtobuslarda ýa-da pyýada öýlerine gaýtdylar, sebäbi ippadromyň öňündäki ýol ýapyldy, o taýdan maşyn geçirilmedi” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Şäher häkimligindäki çeşmäniň aýtmagyna görä, bu çäre indi her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri geçiriler we güýz aýlaryna çenli dowam eder. Bu býujet işgärleriniň dynç günleriniň, maşgalasy, çagalary bilen boljak wagtlarynyň ‘ogurlanjakdygyny’, olaryň bu ogurlyga hiç zat diýip bilmejekdigini aňladýar diýip, ýerli synçy aýtdy.

Türkmenistanda yssy howada geçirilýän mejbury çäreler, syzyp çykýan, emma ýerinde barlap bolmaýan, resmi düşündiriş berilmeýän habarlara görä, adam saglygy bilen bagly dürli kynçylyklaryň döremegine sebäp bolýar.

Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň bir lukmanynyň anonimlik şertinde gürrüň bermegine görä, her ýyl geçirilýän ýazky at çapyşyk möwsüminde saglyk ýagdaýy ýaramazlaşýan adamlar hem bar.

“Baş agyrysy ýa-da gün urmagy netijesinde heläk bolýan adamlaryň hossarlary bize gizlin ýagdaýda ýüz tutýar. Sebäbi, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň hassahana başlyklaryna duýdurmagyna görä, hassahanalar bu mesele bilen gelen raýatlara kömek bermeli däl. Olar bu hili maglumatlaryň daşaryk syzmagyndan gorkýana meňzeýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran lukman aýtdy.

Türkmenistanda yssy howada, mümkin boldugyça köp adamyň gatnaşmagynda we uludan tutulýan dabaraly çäreler öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni bilen utgaşýan medeniýet hepdeliginiň hasabyna has köpeldildi we olarda öň diňe uly Berdimuhamedowa alkyş aýdylan bolsa, indi wasp edilýän we alkyşlanylýan adamlar iki boldy.

Azatlygyň habarçylary yssy howada geçirilýän mejbury çäreler wagtynda dörän saglyk meseleleri barada gowuşýan maglumatlar boýunça hiç bir resmi düşündiriş alyp bilmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG