Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagtyň Magtymguly köçesinde ýaşaýyş jaýlar ýumrulýar


Aşgabatda soňky 20 ýylyň dowamynda ýaşaýyş jaýlar köplenç duýdansyz ýumrulýar. Resmiler ýaşaýjylara sähelçe wagt galanda habar berýärler.
Aşgabatda soňky 20 ýylyň dowamynda ýaşaýyş jaýlar köplenç duýdansyz ýumrulýar. Resmiler ýaşaýjylara sähelçe wagt galanda habar berýärler.

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň ýumrulmagynyň täze tapgyry başlandy. Bir wagtda şäheriň birnäçe ýerindäki köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýumrulmagy ýaşaýjylaryň aladalaryny we öýsüz galmak howatyrlanmalaryny artdyrdy. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy ýagdaýyň jikme-jiklikleri barada maglumat berýär.

Paýtagtyň merkezi böleginden geçýän Magtymguly köçesiniň günorta tarapynda ýerleşýän Türkmen-türk täjirçilik bankynyň ileri tarapyndaky iki gatly ýaşaýyş jaýlaryň birnäçesi ýumrulýar. Şeýle-de, bu ýerde ýerleşýän howluly jaýlar hem ýykylýar. Olaryň köpüsi 1948-njy ýylyň ýer titremesinden soň gurlan bir gatly öýler.

Habarçymyz ýykylýan jaýlaryň Türkmen-türk bankyndan başlap, 16-njy orta mekdebe çenli aralykda ýerleşýändigini aýdýar. Bu aralygyň uzynlygy 350 metre barabar.

Ýaşaýyş jaýlaryň köpçülikleýin ýumrulmagy Aşgabadyň ýene bir böleginde köne aeroporta ýanaşyk giňişlikde göze ilýär. Bu ýerde ýumrulýan jaýlar hem iki gatly köne binalar.

"Olary bir-birden ýumuryp başladylar" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 15-nji aprelde habar berdi.

Ýaşap oturan jaýlarynyň birden gyssagly ýykyp başlanmagy aşgabatlylary alada goýdy. Häkimiýetler ýykylýan jaýlaryň ýaşaýjylaryna öýüniň ýumrulýandygy hakynda kagyz berýär, emma olaryň ýykyljak öýüne derek täze jaý beriljegini aýtmaýar.

"Jaýlary ýykylýan hojalyklara şäher häkimligi tarapyndan dine jaýy ýykylandygy barada resmi hat berilýär we täze guruljak jaýlardan diňe ipoteka esasynda öý almak mümkinçilik barada duýdurylýar" diýip, ýerli ýaşaýjylar bilen gürleşen habarçymyz aýdýar.

Ýykylýan jaýlaryň ýaşaýjylary öz geljegini alda edip, öýsüz galmakdan howatyrlanýarlar.

"Soňky ýyllarda uly depginde gurulýan jaýlar göze ilmeýär. Ýurtda dowam edýän ykdysady çökgünlilik uly göwrümli gurluşyk işlerini alyp barmaga ýol bermeýäne meňzeýär" diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Bu aralykda paýtagtda ýykylýan jaýlaryň ilatyna häkimiýetler tarapyndan berilýän wadalaryň tapawutlanýandygyny habarçymyz belleýär. Onuň sözlerine görä, hususan-da, Büzmeýinde 48 ýyl mundan öň gurlan birnäçe jaýyň ýaşaýjylaryna hem öýleriň ýykyljagy barada duýduryş berlipdir. Emma täze guruljak jaýlardan öý beriljegi wada berlipdir. Şeýle-de, bu jaýlary ýumurmak işi entek başlanmandyr.

Azatlyk Radiosy Aşgabatda ýumrulýan jaýlar barada paýtagt häkimliginden resmi düşündiriş alyp bilmedi. Emma anonim gürleşen ýagdaýdan habarly çeşme jaýlaryň ýumrulmagynyň häzirki tapgyryny paýtagt administrasiýasynyň abadanlaşdyryş başlangyçlary bilen baglanyşdyrýar.

"Häzirki wagtda paýtagtyň etraplarynda gys pasly tamamlanyp, ýaz paslyna geçilmegi bilen Aşgabadyň häkimi şäheri abadanlaşdyrmak işini täzeden dowam etdirip başlady" diýip, anonim gürleşen ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.

Aşgabatda täze gurluşyklaryň başlanmagy we ýaşaýyş jaýlaryň ýykylmagy adaty ýagdaýa öwrüldi. Onlarça ýylyň dowamynda paýtagtda müňlerçe ýaşaýyş jaý ýykyldy, maşgalalaryň ençemesi göçmäge mejbur boldy, käbirleri hatda öýsüz galdy.

Soňky gezek paýtagtda jaýlaryň köpçülikleýin ýykylmagyna degişli ýagdaý barada Azatlygyň habarçylary geçen ýylyň güýzünde habar beripdi. Bagyrda ýumrulýan jaýlaryň ýaşaýjylary gyssagly göçmäge mejbur bolupdy.

Şonda Bagyr bilen Gökje ýaşaýyş toplumlarynyň ýerleşýän ýeriniň häkimiýetleriň ileri tutýan we uzaga çeken Aşgabat-siti proýekti üçin tekizlenýändigi habar berlipdir. Paýtagtyň şäher planlaşdyryş gurluşlarynyň birnäçe wekili bilen söhbetdeş bolan habarçymyz Aşgabat-siti üçin başda bellenen ýerde topragyň ýokarky gatlagyndan suw çykandygy sebäpli onuň gurluşygy üçin täze ýer gözlenýändigini 31-nji oktýabrda habar beripdi.

Türkmenistanyň kanunlarynda raýatlaryň hususy emläginiň eldegirilmezligi kepil geçilýär, emma durmuşdan tejribeler munuň iş ýüzünde berjaý edilmeýändigini görkezýär.

Beýleki ýurtlaryň tejribelerine seredilende, raýatlaryň jaýlarynyň ýumrulan ýagdaýynda olara täze jaý ýa-da pul kompensasiýasy berilýär. Hususan-da Türkiýede ýykylan jaýyň ýaşaýjylary hem onuň ýerinde täze guruljak jaýdan öý hem-de pul kompensasiýasy bilen üpjün edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG