Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti 8-nji aprelde adam hukuklary boýunça ýyllyk hasabatyny çap etdi. Şol hasabatda 2010-nji ýylda tutuş dünýäde, şol sanda Türkmenistanda adam hukuklary babatda bolup geçen wakalara syn berilýär.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton şol hasabat barada geçirilen ýygnakda eden çykyşynda esasan hem Orsýetiň ýagdaýy barada durup geçdi. “Biz Orsýetde graždan toparlaryna garşy güýç ulanylýanlygyna şaýat bolduk. Şol ýurtda žurnalistlere we aktiwistlere hüjümler edildi we olaryň arasynda ölenleri hem bar” diýip, Klinton belledi.
Kanunlar kagyz ýüzünde
Hasabatyň Türkmenistan baradaky bölümi, Konstitusiýasynda özüni dünýewi demokratik ýurt diýip atlandyrýanlygyna garamazdan, Türkmenistanyň awtoritar ýurt bolup galýanlygy baradaky sözler bilen başlanýar. 28 sahypadan ybarat şol bölümde 2010-njy ýylda kimdir biriniň syýasy sebäplerä görä tussag edilenligi hakda maglumatyň gowuşmanlygyna garamazdan, umuman aýdylanda, Türkmenistanda o diýen oňyn özgerişligiň bolmanlygy bellenýär.
Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmagy, şol sanda metbugat we söz azatlygynyň çäklendirilmegi, türmelerdäki tussaglaryň hukuklarynyň äsgerilmezligi ýaly wakalara 2010-njy ýylda hem duş gelnenligi bellenilýär.
Şeýle-de goşuna gullugyna täze baran esgerleriň köselişi, hatda käbir halatlarda olaryň zorlanyşy barada hem maglumatlar çäp edilip, şeýle ýagdaýlar sebäpli ýaşlaryň birnäçesiniň öz janyna kast edenligi hem aýdylýar.
Döwlet departamentiniň hasabatynda üns berlen esasy meselelerden biri hem Türkmenistanyň adalat sistemasy bolup, onuň Baş kanunda erkin diýilýänligine garamazdan, suduň we sudýalaryň prezidente wepaly bolup galýanlygy bellenýär.
Türkmenistanda hökümeti tankyt etmekligiň dönüklik diýlip hasaplanýanlygy we watana dönüklik ýaly aýyplama bilen tussag edilen adamyň bolsa ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmeginiň mümkindigi hem aýdylýar.
Sud diňlenşikleriniň adalatsyzlygy barada hem gürrüň edilip, bu ugurda oktýabr aýynyň 21-nde Ilmyrat Nurlyýewiň sud edilişi mysal hökmünde görkezilýär. Hasabatda aýdylşyna görä, Nurlyýew hristian dinini saýlap alan türkmen raýatlaryndan biri bolup, onuň bilen bagly geçirilen sud diňlenişigi halkara standartlaryna gabat gelmändir.
Hasabatyň syýasy tussaglar baradaky böleginde aktiwist Gulgeldi Annanyyazowyň ykbaly baradaky sorag hem orta atylýar. Hasabatda aýdylşyna görä, 2008-nji ýylyň iýun aýynda tussag edilen Annanyýazow hakda hökümet doly maglumat bermerýär.
Metbugat azatlygy
Döwlet departamentiniň hasabatynda söz we metbugat azatlygyna aýratyn üns berlipdir. Hasabatyň şol böleginde aýdylşyna görä, Baş kanunda söz we metbugat azatlygyna ýol berilýänliginiň aýdylmagyna garamazdan, Türkmenistanda iş ýüzünde kanunyň bu maddasy äsgerilmeýär.
Habar beriş serişdeleriniň ählisiniň diýen ýaly hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýändigi we Orsýetiň MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky işleri ýatyrylansoň, ilatyň garaşsyz maglumata elýeterliliginiň has hem çäklendirilenligi nygtalýar.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton öz çykyşynda häzirki döwürde dünýäde 40-dan gowrak hökümetiň ilatyň Internete elýeterliligini çäklendirýänligini belledi. Klintonyň aýtmagyna görä, käbir Web sahypalar syýasy sebäplere bilen senzura edilýän bolsa, käbir ýurtlarda adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň, blogçularyň e-mail adresleri ogurlanyp, olaryň Web sahypalaryna wirus goýberilmegi ýaly ýagdaýlara duş gelnipdir.
Şeýle ýagdaýlara Türkmenistanda hem duş gelinýär. Meselem, käbir halkara habar beriş serişdeleriniň Web sahypalaryna döwlet eýeçiligindäki “Türkmentelekom” aragatnaşyk kärhanasynyň we “Altyn Asyr” mobil operatorynyň Internet liniýasy arkaly girmek mümkin däl. “Google” gözleg sahypasyna, “Facebook” we “Twitter” ýaly sosial aragatnaşyk Web sahypalaryna giriş bolsa wagtal-wagtal çäklendirilýär, emma häzirlikçe olar doly petiklenmedi.
Hasabatda aýratyn hem Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň ýagdaýyna üns çekilip, olardan Aşgabatdaky habarçy Halmyrat Gylyçdurdyýewiň we Lebapdaky habarçy Osman Hallyýewiň 2010-njy ýylda dürli kynçylyklara sezewar edilenligi aýdylýar.
Hasabatyň hereket azatlygy baradaky böleginde bolsa Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Allamyrat Rahymowyň geçen ýylyň mart aýynda, zerur wizany alandygyna garamazdan, Türkmenistana barmagyna rugsat edilmänligi agzalýar.
Hasabatyň Türkmenistan baradaky böleginde ýygnanyşmagyň, gurama döretmegiň we dini azatlygyň heniz hem ullakan problema bolup galýanlygy bellenipdir.