Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan we ABŞ strategiki hyzmatdaşlyk düzgünnamasyna gol çekdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken we Ermenistanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken we Ermenistanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken we Ermenistanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan strategiki hyzmatdaşlyk baradaky hartiýa gol çekdi.

Şeýle-de, Ýerewan we Waşington ýadro pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyk gepleşikleriniň başlanandygyny habar berdi.

"Biz ABŞ bilen Ermenistanyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk boýunça komissiýa döredýäris. Ol bize birnäçe möhüm ugurda - ykdysady meselelerde, howpsuzlyk we goranmak, demokratiýa, adalat ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek esaslaryny berýär" diýip, Antoni Blinken ylalaşyga gol çekişmek dabarasyndan soň aýtdy.

Döwlet sekretarynyň sözlerine görä, düzgünnama gol çekilmegi Ermenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has pugtalandyrýar.

Ak tam "Ermenistanyň özygtyýarlylygyny pugtalandyrmagy maksat edinýär" diýip, Blinken aýtdy.

Ararat Mirzoýan, öz gezeginde, Ýerewan bilen Waşingtonyň çylşyrymly halkara gatnaşyklary kontekstinde aýgytly ähmiýete eýe bolan hyzmatdaşlyk derejesine ýetendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG