Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada bir pensioner "Russiýanyň azatlygy" legionyny goldaýan sözleri üçin tussag edildi


Ukrainanyň tarapynda söweşýän rus meýletinçileri. Arhiw suraty
Ukrainanyň tarapynda söweşýän rus meýletinçileri. Arhiw suraty

Moskwanyň Twerskoý kazyýeti terrorçylygy aç-açan aklamakda aýyplanyp, 66 ýaşly Galina Arçagowany tussag etdi. Ol Jenaýat kodeksiniň 205.2-nji maddasynyň 2-nji bölümi esasynda aýyplanýar.

TASS bu habary jenaýat işiniň materiallaryna salgylanyp habar berýär.

Derňewiň netijelerine görä, pensioner ruslardan düzülen we Ukrainanyň tarapynda söweşýän “Russiýa azatlygy” legionyny goldaýan sözler bilen “Wkontakte” ulgamynda wideo çap edipdir.

Rus häkimiýetleri bu legiony terror guramasy diýip hasaplaýarlar.

Pensioner aýal kazyýetden özüni tussag etmezligi haýyş etdi. Ol garry kakasyna seredýändigi üçin özüne başga bir jeza çäresiniň saýlamagyny sorady. Kazyýet bu haýyş ret etdi.

XS
SM
MD
LG