Türkmenistanda "gülençiler" bilen baglanyşykda aýyplanyp, 8 ýyl mundan öň tussag edilen onlarça adamyň ykbaly şu günki güne çenli mälim däl. 2017-nji ýylda tussag edilen we ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirlen sud arkaly iş kesilen türkmenistanlylar ýokary bilimli adamlardy, olaryň arasynda mugallymlar we üstünlikli telekeçiler bardy. Azatlyk Radiosyna şol tussaglardan ýene dördüsiniň ykbalyna degişli maglumatlar elýeterli boldy.
Arslan Hudaýberdiýewiç Meredowyň we Allanur Çarygylyjowiç Garaýewiň jeza möhleti 2017-nji ýylyň 25-nji ýanwaryndan hasaplanýar. Serdar Agagurbanowiç Öwlýagulyýewiň jeza möhleti 2017-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan hasaplanýar.
Azatlyk Radiosyna elýeterli bolan suduň iki sany hökümine laýyklykda, bu raýatlar yslam dinine uýýan “Nurjylar” akymyny wagyz etmekde aýyplanyp, 2013-nji ýylda rejelenen Türkmenistanyň jenaýat kodeksiniň 177-nji we 275-nji maddalary esasynda azatlykdan mahrum edilipdir.
2017-nji ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy M.Halmyradow tarapyndan 15 ýyl azatlykdan mahrum edilen bu üç raýatyň jezany berk düzgünli düzediş edarasynda çekmelidigi aýdylýar. Kazynyň 3 sahypalyk höküminde olaryň emläkleriniň muzdsuz elinden alnandygy aýdylýar.
Merhum türk ruhanysy Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşiklikde aýyplanyp, 2017-2018-nji ýyllarda azatlykdan mahrum edilen türkmenistanlylar babatynda çykarylan kazyýet hökümi Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmelerden gowuşdy. Çeşmeler ýokarda atlary tutylyp geçilen bendileriň kazyýet diňlenişiginiň ýapyk gapylaryň arkasynda geçirilip, olaryň adwokatyň goragyndan peýdalanmak hukugyndan mahrum edilendigini belleýärler.
1988-nji ýylyň, 26-njy oktýabrynda doglan, lebaply Arslan Hudaýberdiýewiç Meredow, 1995-nji ýylyň 26-njy iýunynda doglan maryly Allanur Çarygylyjowiç Garaýew we 1996-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda doglan aşgabatly Serdar Agagurbanowiç Öwlýagulyýew, JK-nyň 177-nji maddasynyň 3-nji bölegi, 275-nji maddanyň 1-nji we ikinji bölekleri esasynda durmuş, milli, etniki, dini duşmançylygy, agzalylygy döretmäge, milli mertebäni kemsitmäge gönükdirilen bilkastlaýyn hereket etmekde aýyplanyp, 15 ýyl azatlykdan mahrum edilýär.
2022-nji ýylda Türkmenistanyň jenaýat kodeksiniň rejelenen görnüşinde 177-nji madda 189-a we 275-nji madda 304-e üýtgedildi.
Polisiýadaky çeşmäniň maglumatyna görä Arslan Meredow, Allanur Garaýew we Serdar Öwlýagulyýew birnäçe ýyl “Owadandepe” türmesinde saklanyp, häzir Baýramalynyň türmesinde tussaglykda saklanýar.
"Bendiler Owadandepede saklananda, ýakynlary bilen ençeme ýyl görüşip bilmediler, emma olar Baýramalydaky türmä geçirilenden soň ýakynlary bilen görüşip bilýärler. Ýakynlary olaryň ýagdaýy barada doly maglumaty aýtmakdan gorkýarlar, emma türmedäki çeşmeleriň maglumatyna görä, tussaglar derman we iýmit üpjünçiliginde ejir çekýärler. Ýakynlary olary amnistiýa düşürmekçi bolýandyr, emma olar heniz bendi” diýip çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýene bir tussag 1987-nji ýylyň 29-njy dekabrynda dogulan lebaply Şanazarow Kyýas Myratgeldiýewiç JK-nyň degişli maddalary esasynda durmuş, milli, etniki, dini duşmançylygy, agzalylygy döretmäge, milli mertebäni kemsitmäge gönükdirilen bilkastlaýyn hereket etmekde aýyplanyp, 3 ýyl azatlykdan mahrum edilip, jeza çäresini umumy düzgünli düzediş edarasynda çekdirilmeli edilipdir. 2018-nji ýylyň 19-njy martynda Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy T. Kulyýew tarapyndan çykarylan höküme görä, onuň jeza çekmek möhleti 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 16-dan hasaplanýar.
Kyýas Şanazarowyň 3 ýyl möhlet bilen haýsy türmede saklanandygy we häzirki ykbaly barada anyk maglumat ýok.
Çeşmeleriň bellemegine görä, 2017-nji ýylda azatlykdan mahrum edilen üç bendiniň sud işinde subutnama hökmünde ulanylan maglumatlarynyň arasynda “Kyssasyl Rabguzy” - Kyssasyl Enbiýa-nyň birinji we ikinji tomy, türkmen dilinde we arap dilinde ýazylan ýazgyly sahypalar, türkmen dilinde ýazylan dogalar we süreler, elektron enjamlar we DVD diskleri agzalýar.
Maglumat üçin aýdylsa, türkmenistanlylar ýurduň içinde “Kyssasyl Enbiýanyň” türkmen dilindäki terjimesini kitaphana.net web sahypasynda okap we ol ýerden açyk ýagdaýda ýükläp bilýärler.
2018-nji ýylda azatlykdan mahrum edilen Şanazarow Kyýasyň sud işinde subutnama hökmünde ulanyan materiallary Fethullah Güleniň awtorlygynda çykarylan we yslam dininiň “Nurjylar” akymyny wagyz edýän “Bir Kirik Dilekçe”, “Sonsuz Nur”, “Prizma-1” we “Prizma-2” kitaplary ulanylypdyr. Sud bu kitaplaryň Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hasaba alynmandygyny belledi.
Şeýle-de, Azatlyga elýeterli bolan dokumentlerde K.M. Şanazarow babatynda çykarylan sud höküminde 2013-nji ýylda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň talyby bolan D.Jumaýew, şol ÝOJ-yň mugallymy bolan A.Ýegendurdyýew, Ý.Omarow, W.Ilmuradow, 2014-nji ýyla çenli Kerkiniň türkmen-türk mekdebinde türk dili mugallym bolan Merdan Jumaýew we şahsyýetleri barada doly maglumat bolmadyk asly lebaply Y.Kurbanow, R.Rozybaýew, B.Bahramow dagylaryň atlary geçýär.
Çeşmelere görä, olar “Gülençilikde” aýyplansa-da, degişli aýyplama esasynda kazyýet diňlenişigi ýatyrylypdyr, emma deslapky derňew işleri geçirýän döwründe, M. Joraýewiň we R.Rozybaýewiň polisiýa işgärlerinden gaçyp gizlenendigi sebäpli, gözleg yglan edilip, şol döwürde Jenaýat Kodeksiniň 171-nji maddasynyň 1-nji bölegi esasynda olara günä bildirmek barada karar çykarylyp, jenaýat işi aýratyn önümçilige bölünip berilipdir.
Lebap welaýatynyň kazyýeti tarapyndan çykarylan hökümde A.Ýegendurdyýew, Ý.Omarow, W.Ilmuradow, Merdan Jumaýew, Y.Kurbanow, R.Rozybaýew we B.Bahramow dagylaryň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Ýaprak” kafesinde K.M. Şanazarowyň wagyzlaryny diňlemek işine gatnaşanlygy beýan edilýär.
"MHM-niň welaýat bölüminiň 3-nji we 6-njy bölümleri jenaýatçylykly topar döretmeklik bilen galp aýyplamalary adamlaryň toparyna ýöňkemeklik üçin köplenç “Ýaprak” kafeniň işgärlerini şaýat hökmünde ulanýarlar. Syýasy matlaply azatlykdan mahrum edilen lebaplylaryň aglabasynyň kazyýet höküminde degişli kafeniň ady hem geçýär. Olar howpsuzlyk gullugynyň islendik buýruklaryny soragsyz ýerine ýetirýän agent-jansyzlary bolup durýar” diýip, lebaply polisiýadaky çeşme gürüň berdi.
Türkmen hökümeti "gülençileri" 2017-nji ýylda, Ankaranyň 2016-njy ýylda Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşygyň arkasynda durmakda Fethullah Güleni aýyplanyndan soň yzarlap başlapdy.
Türkmenistanda Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşiklidigi güman edilýän mugallymlaryň we telekeçileriň tussag edilmegi bilen birlikde 1994-nji ýyldan bäri hereket eden Halkara Türkmen-Türk Uniwersiteti hem ýapylypdy.
Emma Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri 2011-nji ýylda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde ýerleşýän başlangyç we orta mekdeplerden ybarat 24 sany türkmen-türk mekdebiniň bir-iki sany asylsyz arz-şikaýat esasynda "Baskent bilim merkeziniň" düzüminden çykarylyp ýerli bilim bölümlerine tabşyrylandygyny belleýärler.
Azatlyk Radiosyna 2017-nji ýylyň fewralynda azyndan 50 adamyň tussag edilendigi belli boldy. Şondan bäri olaryň käbiriniň ykbaly belli boldy. Şol ýylyň aprelinde umumylykda 333 ýyl iş kesilen 18 adamyň ‘jenaýat işi’ köpçülige mälim boldy.
2019-njy ýylyň iýul aýynda mugallym Eziz Hudaýberdiýewiň türmede gynamalar zerarly aradan çykandygy belli boldy.
Geçen ýylyň maý aýynda 2017-nji ýylda tussag edilen Muhtar Seýidowyň ykbalyna aladalanma bildirildi we ondan ýedi ýyldan gowrak wagt bäri hiç hili habar alyp bolmaýandygyny, onuň nähili ýagdaýdygy barada maglumatyň ýokdugyny aýdyldy.
Şeýle-de, türkmen türmesinde ýedi ýyldan gowrak wagt bäri nirede, nähili ýagdaýda saklanýandygy bilinmeýän tussag Şatlyk Ýagmyrowyň maşgalasyna howp abanýandygy belli boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum