Balkan welaýatynda býujet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden prezidentiň täze kitabyny satyn almak talap edilýär. Býujetçiler Serdar Berdimuhamedowyň ýaňy-ýakynda çap bolan täze kitaby bilen tanyşdyryş çärelerine hem gatnaşmaga mejbur edildi.
Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde soňky hepdäniň dowamynda geçirilen prezidentiň kitaby bilen tanyşdyryş çärelerine welaýatyň ähli býujet işgärleri gatnaşmaly boldy. Şu wagt döwlet edara-kärhanalarynda işgärlere döwlet baştutanynyň kitabyny satyn almak tabşyryldy. Bu barada Azatlygyň Balkandaky habarçysy 13-nji ýanwarda maglumat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň täze, üçünji kitabynyň çapdan çykandygy 27-nji dekabrda, Ministrler kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde yglan edilipdi. Resmi maglumata görä, prezidentiň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitaby diňe şahyrynyň edebi mirasyna we dünýä medeniýetine goşan goşandyna däl, eýsem Magtymguly Pyragynyň ýubileý ýylynyň dowamynda ýurtda geçirilen çärelere bagyşlanypdyr.
Balkanly býujet işgärleri özlerine gerek bolmadyk kitaby satyn almak mejburlygyndan nägile bolýarlar we onuň maddy çykdajysynyň özlerine goşmaça agram bolýandygyny belleýärler.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen býujet işgärleri ýaşamaga zordan ýetýän aýlyklaryndan pul alynyp, satylýan kitaby okamaga özlerinde höwesiň ýokdugyny hem aýdýarlar.
"Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan kitapda hiç bir pelsepe we ylmy maglumat ýok. Diňe, geçen Magtymguly Pyragynyň pähim paýhas ummany atlandyrylan ýylda paýtagtda geçirilen mejbury we halkara çäreler hakda foto suratlar we bu çäreler hakda maglumatlar bar" diýip, Balkanabat şäherinden mekdep mugallymy öz pikirini paýlaşdy.
Býujet işgärleri prezidentiň kitaplaryny satyn almaga 30 ýyla golaý wagt bäri mejbur edilýärler. Ýurt ilaty başda birinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň "Ruhnama" kitabyny, soňra döwlet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15 ýylda yzly-yzyna çap eden 60 golaý kitabyny öwrenmäge we satyn almaga mejbur edilipdi.
Indi Serdar Berdimuhamedowyň iki ýyldan gowrak wagtda çap eden üçünji kitaby sebäpli Balkanda geçirilen ýygnaklarda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa milletiň atasy adynyň dakyljagy aýdylyp, ilatdan gol toplanypdyr.
Balkandaky çeşmeleriň biri şeýle gürrüň berdi: "Welaýat ýolbaşçylary prezidentiň kakasyna milletiň atasy adyny dakmak hakynda gol toplap, bu teklibiň halk tarapyndan edilendigini görkezmekçi bolýarlar. Täze kitabyň tanyşdyryş çäresine gatnaşan býujet işgärlerine kagyzlara gol çekdirdiler".
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa "Milletiň atasy" adynyň dakylandygy 9-njy ýanwarda yglan edildi. "Watan" habarlarynda berlen maglumata görä, bu at “guramaçylyk döwlet toparynyň” ilkinji mejlisinde dakylypdyr.
Şu günler Türkmenbaşyda "Arkadag milletiň Atasy we Arkadagly Serdar dowamaty" mazmunly şygarlar ýaýradylýar. Döwlet edaralarynda, şol sanda mekdeplerde we hassahanalarda ýerleşdirilýän plakatlar üçin hem býujet işgärlerinden pul talap edilýär.
Türkmenistanda prezidentiň we onuň maşgala agzalarynyň şahsyýet kulty öň görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident bolan döwründe döräp pugtalanan şahsyýet kulty onuň ornuna ogly Serdar Berdimuhamedowyň geçmegi bilen gowşamady. Döwlet propagandasy prezidentiň şahsyýet kulty bilen birlikde onuň kakasynyň şahsyýet kultuny mahabatlandyrýar.
Uly Berdimuhamedow döwlet başyndan çekilensoň soň hem kitap çap etmegini bes etmedi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly ýene bir kitabyny çap edendigi noýabrda habar berlipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum