Türkiýäniň Stambul şäherinde ýasama içgiler sebäpli 19 adam, şol sanda üç türkmenistanly öldi. Türk polisiýasy ýasama spirtli içgileri öndürmekde we satmakda güman edilýän iki türkmen raýatyny tussag etdi. Bu ýagdaýlar barada türk habar serişdeleri maglumat berýär.
"Haber7.com" neşiriniň 15-nji ýanwarda ýerli wagt bilen günortan sagat 12-de çap eden habaryna görä, ýasama içgiler sebäpli soňky iki günüň dowamynda 19 adam öldi we başga-da 40 adamyň hassahanada saglyk bejergisi dowam edýär.
Stambulyň häkimi Dawut Gül şäherde ýasama spirtli içgileri satýan 63 sany edara-kärhananyň ygtyýarnamasynyň ýatyrylandygyny we ýapylandygyny habar berdi.
"Ýasama/bikanun spirtli içgileri satmak bilen ölüme sebäp bolanlaryň hemmesi anyklanýar we jogapkärçilige çekilýär. Seresap boluň! Ölüm hadysalary artýar" diýip, Gül "X" sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.
“NTV” neşiriniň 14-nji ýanwarda giçlik çap eden habaryna görä, Başakşehir Jemgyýetçilik howpsuzlyk býurosynyň toparlary Türkmenistanyň raýatlary Agajan Bäşimowyň, Rahmatulla Artykowyň we Rawşana Seýitnyýazowanyň (atlaryň we familiýalaryň ýazylyşynda ýalňyşlyklar bolup biler) ölümi bilen baglanyşykly derňewleri başlatdy.
Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmeleri 15-nji ýanwarda irden beren maglumatynda ýasama içgiler sebäpli azyndan ýene bir türkmen raýatynyň aradan çykandygyny aýtdylar.
Türkiýedäki türkmen migrantlary baýramalylydygy aýdylýan merhumyň suratlaryny biri-birine ugradyp, onuň dogan-garyndaşlaryny ýa-da tanyş-bilişlerini tapmaga çalyşýarlar.
Bu aralykda, Özbegistanyň Stambuldaky Baş konsulhanasy özüniň Telegram sosial ulgamyndaky sahypasynda çap eden maglumatynda ýasama içgiler sebäpli ölen özbek raýatlarynyň sanynyň alty adama ýetendigini habar berdi.
"Bulardan 5 sanysy erkek we bir sanysy aýal" diýlip, 14-nji ýanwarda çap edilen habarda bellenilýär.
Bulardan başga-da, türkmen raýatlary Myrat P., Myrat S. we Allaýar A. ýasama spirtli içgileri içmekde güman edilip, lukmançylyk edaralarynda bejergi alýarlar.
Türk polisiýasy Stambulyň Ziýa Gökalp etrabynda spirtli içgileri satmak bilen meşgullanan türkmen raýatlary Agajan O. we Amanguly D. dagyny ýasama spirtli içgileri öndürmekde we satmakda güman edip, tussag etdi.
“Bu adamlaryň adreslerinde geçirilen gözleglerde takmynan 50 litr ýasama spirtli içgi, 36 neşe serişdesi, 5 sany neşe maddasy, bir sany terezi, galp hasaplanylýan ýaşamaga ygtyýarnama kartoçkalary we köp mukdarda lukmançylyk dermanlary ele salyndy” diýlip, türk neşriniň habarynda bellenilýär.
Stambulyň Küçükçekmeje Baş prokuraturasy güman edilýän Agajan O. we Amanguly D. daga garşy “geleňsizlik bilen ölüme sebäp bolmak”, ‘neşe gaçakçylygy”, “ýasama spirtli içgileri öndürmek we satmak”, “nämedigi belli bolmadyk lukmançylyk dermanlary”, “resmi kagyzlary galplaşdyrmak” we beýleki jenaýat işleri boýunça derňew başlatdy.
Bu aralykda, Stambuldaky ýene bir çeşmämiz bu ýerde ýaşaýan türkmen raýatlarynyň WhatsApp messenjerindäki hususy topara salgylanyp, ýasama spirtli içgiler bilen ilteşikli ölen türkmen raýatlarynyň sanynyň 34-e ýetendigini öňe sürdi. Ýöne Azatlyk bu maglumatlary resmi çeşmelere tassykladyp bilmedi.
"Başga-da azyndan ýedi türkmen raýaty hassahanada bejergi alýar. Olardan ikisiniň ýagdaýy agyr. Häzir Türkiýede ýaşaýan türkmenleriň köpüsi olaryň hassahana tölegleri üçin pul toplaýar" diýip, türkmen raýaty anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlyk bu waka bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy we Stambuldaky konsulhanasy bilen telefon arkaly habarlaşyp, teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 15-nji ýanwarda yzygiderli eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Ýatlatsak, bu Türkiýede türkmen raýatlarynyň ýasama arakdan köpçülikleýin zäherlenmegi we ölmegi bilen bagly ikinji wakadyr.
2020-nji ýylyň mart aýynda Stambulda azyndan 55 türkmenistanly ýasama arakdan zäherlenip öldi. Koronawirus pandemiýasynyň başyna gabat gelen bu wakada, türkmen raýatlarynyň wirusdan goranmak üçin ýasama arak içendigi aýdylypdy.
Türkmenistanyň döwlet mediasy Türkiýedäki türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şeýle-de olar barada türk metbugatynda çykýan maglumatlar hakda habar bermeýär.
Synçylar we Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň ençemesi türkmen häkimiýetleriniň 2020-nji ýylyň martynda ýogalan onlarça türkmen raýatynyň jesetlerini ýurda getirmäge ýa-da Türkiýede jaýlamaga hem kömek etmändigini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum