Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Diňe rusça geplemeli, öz diliňde pyşyrdamagam gadagan". Russiýada Merkezi aziýaly migrantlar üçin täze düzgün


Moskwada bolan terrorçylykly hüjümden soň, rus polisiýasy migrantlara garşy köpçülikleýin barlaglary geçirýär.
Moskwada bolan terrorçylykly hüjümden soň, rus polisiýasy migrantlara garşy köpçülikleýin barlaglary geçirýär.

Täze çärelere laýyklykda, 70 minutlyk giriş leksiýasy bilen rus resmileri Merkezi Aziýadan bolan migrantlar üçin, berk düzgünleri kesgitlediler. Hususan-da, keseden gelenler köpçülik ýerlerinde diňe rus dilinde gürlemeli, öz ene dilinde olara hatda "pyşyrdamak" hem gadagan.

Russiýanyň Milletler boýunça federal edarasy (RMFE) Merkezi aziýaly migrantlara öz ene dilleriniň ulanylyşyny düýpli çäklendirýän täze düzgünleriň girizilýändigini mälim etdi. Şeýle hem olara jemagatyň öňünde namaz okamak we dini maksat bilen mal soýmak ýaly çäreleriň gadagan edilýändigi duýduryldy.

Leksiýa şekilinde beýan edilýän bu düzgünleriň içinde olaryň rus dilini we migrasiýa kanunlaryny hökmany bilmäge borçludygy aýdylýar; orsýetliler bilen gürrüň edilende, öz ene diliňden peýdalanmak, şeýle hem başga jynsdaky adama garşy sykylyk çalmak gadagan edilýär. Geçilýän sapaklarda olara öz ene dilinde köpçülik ýerlerinde "hatda pyşyrdamagyň" hem gadagandygy tabşyrylýar diýip, "Kommersant" gazeti habar berýär.

Mundan daşary-da, Merkezi Aziýada adamlara "dogan" ýa-da "jigi" diýip ýüzlenmek däbi orsýetliler bilen gatnaşyklarda, ýerlikli däl diýip, düzgünde aýdylýar. Dil meselesi we özüňi alyp baryş düzgünleri bilen birlikde bu kursda dini-ahlak çäklendirmeleri hem bellenilýär. Jemgyýetçilik ýerlerinde mal gurbanlygy gadagan edilýär.

Işçi migrantlar Soçiniň günortasyndaky Gyzyl Polýana şäherinde bir goýun alyp barýarlar.
Işçi migrantlar Soçiniň günortasyndaky Gyzyl Polýana şäherinde bir goýun alyp barýarlar.

Ol leksiýalardan başga-da, Timur atly gahrymanyň gatnaşmagynda, 11 sany animasiýa wideo toplumlary öz içine alýar, onda migrantlara "SSSR-iň býujetindäki uly puluň Merkezi Aziýa respublikalarynyň üstünlikli ösmegine mümkinçilik berendigi" baradaky taryhy sapaklar aýdylýar.

Şeýle hem leksiýa berýänler migrantlara Orsýetiň Ýaragly Güýçlerinde şertnama esasynda gulluk etmek bilen "Orsýetiň graždanlygyny almagyň ýönekeýleşdirilen" mümkinçiligini hem ýatladýarlar. Ekstremist diýlip ykrar edilenler ýa-da terrorçylyk bilen meşgullanýan adamlar bilen aragatnaşyk saklamagyň kabul ederliksizdigi barada hem duýduryşlar berilýär.

Şeýle kada-kanun düzgünleri heniz kanun aktlary bilen berkidilmedik bolsa-da, käbir analitikler "Kommersant" gazetinde, şeýle "adaptasiýa kursunyň" Russiýada uzak möhletli ýaşamak, işlemek we graždanlyk hukugyny almak isleýän ähli migrantlar üçin hökmany bolup biljekdigini aýdýarlar.

RMFE-niň başlygynyň orunbasary Stanislaw Bedkin bu okuwyň Orsýetiň dört regionynda, şol sanda Moskwa oblastynda üstünlikli synalandygyny aýtdy. Ol resminiň sözüne görä, käbir goşmaçalar girizilip işlenenden soň, täzelenen kurs ýurduň ähli sebitlerine ugradylypdyr.

"Bu ýerde kanunlar her gün üýtgeýär"

Gyrgyzystandan bolan migrantlaryň köpüsi teklip edilýän täze düzgünleri diňe Internetdäki täzeliklerden bilipdirler. Soňky ýedi ýylyny Orsýetde geçiren gyrgyz işçisi Asan täze düzgünler barada alada edýändigi sebäpli, häzir Gyrgyzystana dolanmaklygy ýa-da ABŞ-a gitmäge synanyşygy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

«Bu ýerde kanunlar her gün üýtgeýär, göreliň, bu nähili bolýar... Gyrgyz dilinde gepleýänlere jerime salynmagy-da gaty mümkin» diýip, ol öz pikirlerini paýlaşdy.

2021-nji ýylda Moskwa bazaryndaky gastrobaýter
2021-nji ýylda Moskwa bazaryndaky gastrobaýter

Gyrgyzystandan bolan ýene-de bir migrant, howpsuzlyk sebäpli familiýasyny aýtmak islemedik Maksat täze düzgünleriň rus polisiýa gullugynda korrupsiýanyň artmagyna getirjekdigine ynanýar.

«Bu ýagdaý [düzgün-kanun goraýjy edaralaryň arasynda] korrupsiýany artdyryp, olara migrantlardan pul gazanmaga mümkinçilik döreder – diýip, öz garaýşyny aýdýar. – Migrantlar üçin kyn bolar. Megerem, totalitar režimde bolşy ýaly, netijede biz dymyp gezmeli bolarys».

Gyrgyzystanyň Zähmet, sosial üpjünçilik we migrasiýa ministrliginiň Orsýetdäki wekiliniň Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna mälim etmegine görä, «Migrantlaryň özlerini alyp barmagy baradaky täze düzgünler maslahat beriji häsiýete eýe» bolup, häzirki wagtda ol kursda berilýän maglumatlar gyrgyz resmileri tarapyndan öwrenilýär.

Russiýada işleýän gyrgyz aklawçysy Erlanbek Toktosunow migrantlaryň rus kanunlaryny bilmek talaplary bilen ylalaşýandygyny aýtdy. Ýöne onuň sözüne görä, Russiýada iş gözleýän Merkezi aziýaly migrantlaryň köpüsi oba ýerlerinden bolany üçin, rus dilinde gepläp bilmeýärler.

«Bu ýere gazanç üçin adaty adamlar gelýärler... Olaryň köprägi oba ýerlerinden gelýärler. Merkezi Aziýadan bolan käbir migrantlar rus dilinde ýaramaz gürleýärler. Olar bu ýere gurluşykda, hojalyk işlerinde ýa garawul bolup işlemäge gelýärler» diýip, Toktosunow Azatlyk Radiosy üçin beren düşündirişinde aýtdy.

Işçi migrantlar Moskwanyň Federal Migrasiýa gullugy edarasynyň alnynda, ýapyk gözenegiň içinde, iş rugsadyny aljak bolup, nobata durýarlar.
Işçi migrantlar Moskwanyň Federal Migrasiýa gullugy edarasynyň alnynda, ýapyk gözenegiň içinde, iş rugsadyny aljak bolup, nobata durýarlar.

Russiýa migrantsyz oňup bilermi?

Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň maglumatlaryna görä, Orsýetde 10,5 milliona golaý zähmet migranty işleýär. Olaryň esasy bölegini Özbegistandan, Täjigistandan we Gyrgyzystandan gelenler tutýar.

Köp ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýa Russiýa üçin arzan zähmet güýjüniň esasy çeşmesi bolup geldi. Migrantlar 2022-nji ýylda Russiýanyň Ukraina garşy çozuşlary başlanyndan bäri Ýaragly Güýçleriň zerurlyklary sebäpli ýurduň başdan geçirýän işçi ýetmezçiligini örtdüler.

Ýokary derejeli rus resmileriniň ýurtda zähmet ýetmezçiliginden we onuň ykdysadyýete ýaramaz netijelerinden gowy habarlydygyna garamazdan, käbir sebitlerde migrantlaryň işe ýerleşmegine çäklendirmeler girizilýär.

Russiýa Federasiýasynda takmynan 18 sebitde taksi sürmek, alkogol we temmäki satmak, şeýle hem naharhana we pul hyzmatlaryny etmek ýaly ugurlarda, migrantlaryň işlemegi eýýäm kanunçylyk taýdan gadagan edildi ýa-da şol düzgüni girizýär. Bu çäklendirmeleriň köpüsi mart aýynda, Moskwanyň golaýynda ýerleşýän “Krokus Сity Holda” bolan terrorçylykly hüjümden soň emele geldi. Ol terrorçylyk hüjümiň netijede 145 adam ýogaldy.

Orsýetde bolan terrorçylykly hüjümden soň migrantlara garşy garaýyşlaryň artmagy sebäpli Täjigistan we Gyrgyzystan ýaly ýurtlar öz graždanlaryna Orsýete gitmegiň howpludygyny duýdurmaga mejbur boldular.

Polisiýa işgärleri 2013-nji ýylda Moskwadaky “Sadowod” bazaryna edilen hüjümde, bikanun diýip çaklanan migrantlary saklap barlaýarlar.
Polisiýa işgärleri 2013-nji ýylda Moskwadaky “Sadowod” bazaryna edilen hüjümde, bikanun diýip çaklanan migrantlary saklap barlaýarlar.

Entek terrorçylykly hüjüm bolmazdan öň hem Orsýetde migrantlary häli-şindi kemsidýärdiler.

Orsýetiň häkimiýetleri her ýyl bikanun migrasiýa garşy giň möçberli kampaniýalary geçirýärler, onuň dowamynda metjitlere, Merkezi Aziýadan bolan migrantlaryň işleýän kärhanalaryna we olaryň ýygnanýan ýerlerine garaşylmadyk ýagdaýda, köpçülikleýin reýd guralýar.

Bu kynçylyklara garamazdan, Merkezi Aziýadan bolanlaryň köpüsiniň Russiýada işlemekden başga çykalgasy ýok.

Täjigistan we Gyrgyzystan Merkezi Aziýanyň iň garyp ýurtlaryndan biri, Russiýada işleýän raýatlaryň iberýän pullary bütewi içerki önümiň ýarysyny diýen ýaly öz içine alýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG