Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Umumy saýlaw biperwaýlygynyň’ arasynda, Türkmenistan parlament saýlawlaryna barýar


Illýustrasiýa suraty. Saýlawçylar ses bermäge gatnaşýar. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Saýlawçylar ses bermäge gatnaşýar. Türkmenistan.

Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda, deputatlyga dalaşgärler ýurduň dürli künjeklerinde saýlawçylar bilen duşuşýarlar. Ýygnaklara gatnaşdyrylýan býujet işgärleri saýlawlary “nobatdaky spektakl” atlandyryp, saýlawçylaryň syýasy işjeňliginiň pesdigini aýdýarlar.

Ýekşenbe güni Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, ýerli halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler.

“Halk deputatlary düýbünden tanamaýar. Deputatlaryň çykyşlary diňe telewideniýede görkezmek üçin geçirilýär” diýip, bir türkmenistanly saýlawçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýurt boýunça geçirilýän duşuşyklara býujet edaralarynyň işgärleri we studentler gatnaşdyrylýarlar.

Duşuşyklara diňleýji hökmünde gatnaşmaga mejbur edilýän raýatlaryň birnäçesi saýlaw habarlylygynyň hem-de raýatlaryň syýasy işjeňliginiň pesdigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýaňy-ýakynda ýurduň sebitleriniň birinde geçirilen deputatlar bilen duşuşyklardan soň, gatnaşyjylaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş boldy. Habarçymyz saýlaw duşuşyklarynyň saýlawçylarda galdyran täsirleri bilen gyzyklandy.

“Ýygnaklara gatnaşyjylar deputatlaryň öz çykyşlarynda nämeleri gürrüň berýändikleri barada, olaryň öz öňlerinde goýan maksatlary dogrusynda gürrüň berip bilmediler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

Ýygnakdan çykýan adamlar ýadawlyk beýan edýärler.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleri deputatlyga dalaşgärleriň saýlanyp seçilmeginde we olaryň deputatlyga hödürlenilmeginde korrupsiýanyň, para-peşgeşiň rol oýnaýandygyny aýdýarlar.

“Kim köp para, pul beren bolsa, şolar deputat orunlaryny satyn alýarlar. Deputatlyk gazanylmaýar, satyn alynýar” diýip, birnäçe raýat Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu maglumaty garaşsyz tassykladyp bilmedi. Şeýle-de, redaksiýa degişli öňe sürmeler boýunça Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komitetinden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanyň saýlaw resmileri deputatlyga dalaşgärleriň hödürlenilmegi barada aýdylanlar boýunça beýanat bermeýärler.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary nobatdaky “saýlawlar raýatlaryň syýasy işjeňliginiň derejesini ýene bir gezek dünýä aýan etjek syýasy waka öwrüler” diýýär.

Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy abraýly halkara saýlaw synçylary tarapyndan “azat we adalatly” hökmünde ykrar edilmedi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti adam hukuklarynyň ýagdaýy barada 2022-nji ýyl hasabatynda Türkmenistanda raýatlaryň erkin we adalatly saýlawlar arkaly öz hökümetini parahatçylykly çalşyp bilmezligi; syýasata gatanşylmagynyň çynlakaý we esassyz çäklendirilmegi; häkimiýet ulgamynda kök salan korrupsiýa ýaly problemalary aýratyn belledi.

Türkmenistanyň resmi metbugatyna görä, Türkmenistanyň Demokratiki partiýasy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýasy we raýat toparlary saýlawlara dalaşgärleri hödürledi.

Saýlawlara dalaşgärleri hödürlemek işleri 25-nji ýanwar – 24-nji fewral aralygynda, dalaşgärleri Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellige almak işleri 4-nji fewral – 28-nji fewral aralygynda geçirildi.

“Türkmenistan” merkezi gazetiniň 3-nji mart we 4-nji mart sanlarynda deputatlyga dalaşgärleriň sanawy çap edildi.

Resmi metbugata görä, Türkmenistanyň milli parlamentiniň deputatlygyna 258 dalaşgär hödürlenipdir we bellige alnypdyr. Şolardan 125 raýat mejlisiň deputatlygyna getiriler.

Ýerli halk maslahatlarynyň agzalygyna 2516 dalaşgär hasaba alnypdyr, ýerli Geňeşlere bolsa 12098 dalaşgär ýazylypdyr.

Parlament we ýerli saýlawlar boýunça umuman 14 müň 872 dalaşgär hödürlenipdir we Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellige alnypdyr.

Resmi metbugat türkmen saýlawlaryna gözegçilik etmek üçin şu wagta çenli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasynyň synçy missiýasynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň saýlawlar boýunça baha beriş toparynyň Aşgabada gelendigini habar berdi.

Bu aralykda, türkmen metbugatyna görä, Türkmenistanda 16-njy martda möhletinden öň ses bermek tapgyry başlandy.

“Halk arasynda ‘saýlawa gidýärsiňizmi’ diýip, soralanda, adamlar saýlawlarda ses bermegi wagty bisarpa ulanmak hasaplaýandyklaryny aýdyp, jogap berýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji martda maglumat berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG