Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýene 'azat däl', 'ýaramazlaryň ýaramazy' boldy


Türkmen TW-si 'erbet' habarlary bermeýär.
Türkmen TW-si 'erbet' habarlary bermeýär.

“Azatlyk öýi” guramasynyň täze hasabatynda Türkmenistan ýene iň ýaramazlaryň arasynda orun aldy. Guramanyň ýyllyk hasabatlarnyyň 50-nji neşirinde dünýäde azatlygyň derejesiniň tapgyr 17-nji ýyl pese gaçýandygy bellenilýär.

Hasabatyň awtorlary demokratik çökgünligiň esasy sebäpleriniň birini pikir beýan etmek azatlygyna edilýän hüjüm bilen baglanyşdyrýarlar.

"Freedom House" tarapyndan şu gün ýaýradylan täze hasabatda aýdylmagyna görä, syýasy hukuklaryň we raýat azatlyklarynyň ýaramazlaşmagy sebäpli, 2022-nji ýylda 35 ýurt yzygiderli 17 ýyl yza gaýtdy. Şol bir wagtda, ýylyň dowamynda jemi 34 ýurtdaky ýagdaýyň gowulaşandygy bellenýär.

Moskwanyň Ukrainadaky agressiw urşy, şeýle-de Braziliýa, Burkina Faso, Peru we Tunis ýaly ýurtlarda demokratik guramalara edilen hüjümler 2022-nji ýyldaky umumy yza gaýdyşlyga sebäp boldy.

Häzirki wagtda dünýä ilatynyň 39%-i azat däl ýurtlarda ýaşaýar, olaryň diňe 20%-i azat ýurtlarda ýaşaýar diýip, hasabatda aýdylýar.

Soňky 17 ýylda demokratik çökgünligiň iň uly sebäpleriniň biriniň söz azatlygyna edilýän hüjümler bilen baglydygy aýdylýar. Şol bir wagtda, hasabatyň metbugat azatlygy görkezijisinde 4-den 0-a çenli dereje alan ýurtlaryň we sebitleriň sany 2005-nji ýyldan bäri 14-den 33-e çenli artdy.

2022-nji ýylda azyndan 157 ýurtda we sebitde metbugat azatlygy basyş astynda boldy.

Habar beriş serişdelerinden başga, şahsyýetleriň şahsy pikir aýtmak hukugyna hem hüjüm edildi.

Häzirki wagtda on bäş ýurt we sebit bu görkeziji boýunça 4-den 0-a çenli derejä eýe bolup, 2005-nji ýyldakydan alty esse köp bolup durýar. Şeýle şertlerde ýaşaýan adamlaryň, jeza çäresinden gorkman, hökümete garşy pikirini aýtmak azatlygy hakykatda tasdan ýok diýip, guramanyň metbugat üçin ýaýradan habarynda aýdylýar.

"Söz azatlygy bütin dünýäde howp astynda" diýip, hasabatyň egindeş awtory we “Azatlyk öýi” guramasynyň strategiýa we dizaýn barlaglary müdiri Ýana Gorohowskaýa aýtdy.

Türkmenistan halkara guramalarynyň söz, metbugat, pikir aýtmak azatlygy boýunça taýýarlaýan hasabatlarynda hemişe iň yzdaky orunlarda ýerleşdirilýär.

Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri garaşsyz žurnalistlere, şol sanda garaşsyz neşirler arkaly maglumat almaga çalyşýan adamlara görkezilýän bikanun basyşlar, gorkuzma taktikalary barada aýdylýanlary umumylykda inkär edip, anyk düşündiriş bermekden saklanýar.

Şol bir wagtda, durşuna döwlet gözegçiliginde galýan türkmen metbugatynda ýurduň ýolbaşçylary we olaryň maşgala agzalary öwlüp arşa çykarylýar, raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan syýasy-ykdysady, medeni-durmuş meseleleri, şol sanda tebigy hadysalar hakynda tasdan hiç bir maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynanjyna görä, metbugatyň wezipesi ýurtda gazanylandygy aýdylýan üstünlikleri giňden beýan etmekden ybarat. Ýerli synçylar bu 'ynanjyň' ýurtda berk döwlet gözegçiliginde saklanylýan metbugaty tasdan 'okyjysyz we diňleýjisiz' goýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG