Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Türkiýä ýene kömek iberdi, emma ýer titremesinde ölen raýatlary barada maglumat bermedi


Türkiýedäki ýer titremesiniň netijesi. 2023-nji ýylyň 15-nji fewraly.
Türkiýedäki ýer titremesiniň netijesi. 2023-nji ýylyň 15-nji fewraly.

Türkmenistan Türkiýä ýene bir ynsanperwer kömegini ugradyp, ýer titremesinden ejir çeken sebitlere 130 sany düşek iberdi. Emma Türkmenistanyň hökümeti 6-njy fewralda Türkiýede bolan ýer titremesiniň pidalarynyň arasynda türkmen raýatlarynyň bardygyny boýun alan hem bolsa, şondan bäri raýatlarynyň ykbaly barada köpçülige maglumat bermedi.

Türkmenistanyň paýtagtyndan ynsanperwerlik ýükleri şenbe güni "Türk howaýollarynyň" adaty uçary bilen iberildi. Bu barada 28-njy fewralda ýarym resmi onlaýn neşiri “Turkmenportal” Türkiýäniň "TRT Haber" kanalyna salgylanyp ýazdy. Habarda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral sitirlenýär.

“Ilçihanamyzyň utgaşdyrylmagy bilen ýer titremesi zolagyna Türkmenistandan gumanitar kömeginiň ibermegini dowam etdirýäris. Düýn gije [25-nji fewralda] "Türk howaýollarynyň" uçarynda ýene 130 düşek iberdik. Zerur serişdeleriň gerekli ýere gyssagly eltilmegini üpjün edýäris " - diýlip türk ilçisiniň Twitter hasabynda aýdylýar.

6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda we Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda 7,8 ball güýji bilen dörän ýer titremesi zerarly 50 000-den gowrak adam wepat boldy. Türkiýede 44 218 adam, Siriýada - 5914 heläk boldy. Zeper ýeten şäherleriň müňlerçe ýaşaýjysy öýsüz galdy, hassahanalar, mekdepler we ýaşaýyş jaýlary ýaly müňlerçe bina ýykyldy. Türkiýe üç aýlyk adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Türkmenistanda Türkiýä ibermek üçin gumanitar kömegini ýygnamak işi Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyndan söň başlandy. Berdimuhamedow 8-nji fewralda Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp gynanç bildirdi we bu ýurtda ýer titremesinde ejir çekenleriň arasynda Türkmenistanyň raýatlarynyň bardygyny aýdyp, her bir türkmen raýatyna goldaw bermegi wada berdi.

Tizara hökümete tarapdar türkmen neşirleri Türkiýedäki weýrançylykly ýer titremelerinde ejir çekenler üçin kömegiň ýygnalýandygy barada habar berdiler.

Emma şondan bäri Türkiýedäki ýer titremesinde ejir çeken türkmen raýatlary barada resmi maglumat bolmady. Bu aralykda, adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň we garaşsyz onlaýn neşirleriň habarlaryna görä, azyndan 4 adamyň ölendigi tassyklanypdyr. Emma ýer titremesinde ýitirim bolandygy we ölendigi aýdylýan onlarça adamyň sanawlary sosial ulgamlarda ýaýrady.

Synçylar başda Türkmenistanda guralan haýyr-sahawat işlerine oňyn baha berdiler, ýöne mundan ozal ýurduň öz içinde ilata zyýan ýetiren tebigy betbagtçylyklarda beýle başlangyçlaryň öňe sürülmändigine ünsi çekdiler.

Hususan-da, 2019-njy ýylyň baharynda azyndan 30 adamyň ölmegine sebäp bolan weýrançylykly tupandan soň, Türkmenistanyň ejir çeken ilaty uzak wagtlap döwlet tarapyndan kömeksiz galypdy, infrastrukturanyň weýran edilen şertlerinde suwsuz we elektriksiz galypdy. Mundan başga-da, ejir çeken watandaşlaryna kömek guramaga synanyşan raýatlar häkimiýetler tarapyndan yzarlandy, basyş edildi.

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleriniň Türkiýedäki ýer titreme boýunça eden hereketleri we türkmen jemgyýetinde bolup geçýän wakalar türkmen jemgyýetinde awtoritarizmiň täsirini we raýat azatlyklarynyň ýoklugyny ýene bir gezek görkezýär diýen pikirler orta atyldy.

Hususan-da, blogçy Derýa Jomartow öz maglumatynda 6-njy fewralda bolup geçen we 50 000-den gowrak adamyň ölmegine sebäp bolan ýer titremesiniň Türkmenistanyň tebigy betbagtçylyklara we adatdan daşary ýagdaýlara nähili çemeleşýändigini görkezýär diýip ýazýar.

Awtoryň pikiriçe, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýer titremesinden ejir çeken türkmen raýatlarynyň bardygyny ykrar etmegi, Türkmenistanyň hökümetiniň tebigy betbagtçylyklara garşy göreş strategiýasynyň üýtgemegini görkezýär. Adatça, türkmen hökümeti daşary ýurtlarda betbagtçylyklar ýüze çykanda şol ýerde ýaşaýan türkmenleriň ýagdaýy barada dymýar.

Mundan başga-da, blogçy Türkmenistanda haýyr-sahawat we pul ýygnamak işleriniň raýat jemgyýeti we jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda, esasanam Berdimuhamedowyň Türkiýäniň ilçihanasyna eden saparyndan soň güýçlenip başlandygyny belläp, şeýlelik bilen, awtoryň öz sözüne görä, onuň sapary "ýer titremesini öz halky üçin kanunlaşdyrandygyny belleýär".

"Bu bir manyny berip bilýär:" Heý, Türkmen hökümeti bu betbagtçylygy tassyklady, biz hem ynsanperwer kömegini iberýändigimiz sebäpli inisiatiwalaryň öňüni böwetlemeris, munda hiç hili ýalňyşlyk ýok" diýip, Derýa Jomartow öz blogynda belleýär.

Şeýle-de bolsa, maglumatda Türkmenistanda toplanan kömegiň esasan "Gyzyl ýarymaý Jemgyýeti" we Gurbanguly Berdimuhamedowyň fondy arkaly utgaşdyrylandygy aýdylýar. Bu aralykda, awtor türkmen raýatlaryna gönüden-göni kömek eden we Türkiýedäki ilçihanasynyň utgaşdyran ynsanperwer kömeginiň prosentini hasaplamagyň mümkin däldigi bellenýär.

"Türkmen hökümetiniň ritorikasy raýat jemgyýeti, halkara guramalary we hökümete degişli bolmadyk guramalary üçin adatdan daşary ýagdaýlara reaksiýa bildirip-bildirmezligi kesgitleýär. Hökümet adatdan daşary ýagdaýlary kabul etse we tassyklasa, beýlekiler hem çäre görýär we jogap berýär. Eger hökümet äsgermezlik etse we adatdan daşary ýagdaýlaryň daşynda senzura böwetlerini gursa, beýlekiler hem şeýle edýär. Aýratynam halkara guramalarynyň bu hili boýun bolmagy, regžimiň kanunlaşdyrylmagyndan başga hiç hili peýdasy degmeýär"- diýip, blogçy Derýa Jomartow öz maglumatynda belleýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG