Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ýer sarsgynynda ýogalan ýene türkmen raýatlary anyklandy


Kahramanmaraş şäherinde alnyp barylýan halas ediş işleri
Kahramanmaraş şäherinde alnyp barylýan halas ediş işleri

Türkiýede geçen hepde bolan weýrançylykly ýer titremesinde heläk bolanlaryň we şikes alanlaryň sany artýar. Türkmen häkimiýetleri betbagtçylyga duçar bolanlaryň arasynda türkmenistanlylaryň hem bardygyny boýun alsalar-da, anyk ýa-da golaý sanlary äşgär etmeýärler. Bu aralykda, sosial torlarda tebigy hadysanyň netijesinde heläk bolandygy aýdylýan türkmenistanlylaryň näresmi sanawy paýlaşylýar.

Türk häkimiýetleriniň 13-nji fewralda beren maglumatyna görä, 6-njy fewraldaky ýer sarsgynyndan bäri heläk bolanlaryň sany 31 müňden geçdi.

Türkmenistan beýleki, şol sanda Merkezi Aziýa döwletlerinden tapawutlylykda tebigy hadysada ýogalan we ejir çeken raýatlary barada maglumat bermeýär.

Geçen hepde Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow betbagtçylyga duçar bolanlaryň arasynda türkmenistanlylaryň hem bardygyny aýtdy. Emma 8-nji fewraldaky çykyşdan bäri bu ugurda hiç hili resmi beýanat edilmedi.

Bu aralykda, sosial mediada ýer titremesinde ölendigi we dereksiz ýitendigi aýdylýan türkmenistanlylaryň sanawy peýda boldy. Makalanyň taýýarlanan pursady bu sanawda 54 adamyň ady görkezilip, olaryň aglabasynyň has köp ejir çeken Kahramanmaraş şäherinde student bolandygy bellenilýär.

Türkmen sosial media ulanyjylarynyň arasynda giňden paýlaşylýan sanawy anyk kimiň düzýändigini anyklamak başartmady, Türkiýedäki türkmen wekilhanalary hem bu barada kommentariýa bermediler. Azatlyk sanawyň doly ygtybarlylygyny tassykladyp bilmedi.

Emma habarçymyz ondaky atlaryň käbiriniň ýany bilen habarlaşmak üçin görkezilen belgilere jaň edip, 13-nji fewralda käbir adamlaryň ykbalyny anyklap bildi.

Gülsoltan Salykowanyň we Atamyrat Kalimbetowyň heläk bolandygy tassyklanyldy. Olaryň ýakynlary merhumlarynyň jesetlerini, türkmen konsullugynyň hemaýaty bilen, Türkmenistana ibermek ugrunda tagalla edilýändigini aýtdylar.

Hataý şäherinde dereksiz ýiten 53 ýaşly Dilber Muhtarowanyň garyndaşlary entek onuň ykbalynyň belli däldigini, birnäçe binanyň üstli-üstüne agandygy sebäpli, gözleg işleriniň juda kyn ýagdaýda alnyp barylýandygyny bellediler.

Bu aralykda, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary hem Türkiýede ýene bir türkmen raýatynyň ýogalandygyny onuň ýakynlaryna tassykladyp bildiler. Hossarlarynyň haýyşy sebäpli Daşogzuň Görogly etrabyndan bolan merhum studentiň at-familiýasyny äşgär etmeýäris.

Ýer titremesinde wepat bolan türkmenistanlylar baradaky ilkinji näresmi habarlar geçen hepdäniň aýagynda peýda boldy. Şol pursat, garaşsyz turkmen.news neşiri azyndan dört türkmen raýatynyň jesediniň watanyna iberilendigini anyklady. Azatlygyň habarçylary hem Kahramanmaraş şäherinde ýogalan dört türkmen raýatynyň türkmen hökümetiniň hasabyna Türkmenistana iberilendigini, şol bir wagtda ýene bir türkmenistanlynyň Türkiýäniň özünde jaýlanandygyny aýtdylar.

Türkiýedäki türkmen diplomatlary heläk bolan we ýaralanan türkmenistanlylar barada özlerinde ‘doly maglumatynyň ýokdugyny’ aýdyp, Azatlyga anyk sanlary bermekden saklanýarlar.

Galyberse-de, Türkmenistanda häkimiýetleriň Internetiň petiklenmesini hasam güýçlendirmegi netijesinde, ýurt raýatlarynyň Türkiýedäki hossalaryndan habar tutmak mümkinçilikleriniň has-da çäklendirilendigi bellenilýär.

“Ýer sarsgynyndan soň, müňlerçe [türkmen] raýatynyň [Türkiýedäki] ýakynlary bilen habarlaşyp bilmeýän pursady, MHM bu meseläni hasam kynlaşdyrmagy dogry hasap etdi” diýip, turkmen.news öz çeşmelerine salgylanyp habar berdi.

Türkiýe, wiza düzgüniniň ornaşdyrylmagyndan ozal, türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alan esasy ugurlarynyň biridi. Türkiýäniň Migrasiýa Gullugynyň 2023-nji ýylyň ýanwarynda çap eden soňky sanlaryna görä, ýurtda Türkmenistanyň 200 müňden gowrak raýaty kanuny esasda ýaşaýar. Emma habarçylarymyz bu ýurtda bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenleriň hem has köpdügini aýdýarlar.

6-njy fewralda Türkiýede bolan 7,8 ballyk ýer titremesi goňşy ýurtlarda Liwanda, Ermenistanda we Siriýada duýuldy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan häzirki ýer titremesiniň 1939-njy ýylda Erzinjanda bolan ýer titremesinden bäri ýurduň taryhyndaky iň uly betbagtçylykdygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG