Onlarça rus esgeri, käbirleri kislorod maskalaryny dakynyp, birnäçe günläp suw asty we metan tüssesiniň aşagynda gizlinlikde hereket edip, ulanylmadyk ýerasty gaz geçirijisi arkaly birnäçe kilometri geçip, Russiýanyň günortasyndaky Kursk sebitindäki Sudža şäherine bardy.
Kursk geçen ýylyň awgustynda ukrain güýçleri tarapyndan eýelenip, Kremli utandyrypdy. Olary ýok etmek üçin göreşýän rus serkerdeleri müňlerçe Demirgazyk koreýaly esgeri söweşe çekdi.
8-nji martda, Sudžanyň etegindäki turba geçirijisinden näbelli rus esgerleri çykdy, bu muňa duçar bolan ukrain goşunlary üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy. Ukrain komandasy çozuş synanyşygyny tassyklady, ýöne munuň puja çykandygyny öňe sürdi.
Şondan soňky günlerde ukrain goşunlary Kurskda ep-esli ýerini ýitirdi, käbir ýerlerde duýdansyz yza çekildi. 13-nji martda Russiýanyň Goranmak ministrligi Sudža gözegçiligini yglan etdi.
Turbageçiriji operasiýasyna degişli jikme-jik maglumatlar we Ukrainanyň Kurskdaky hereketleriniň birden üýtgemegine munuň sebäp bolup-bolmandygy entek belli däl.
Emma tassyklanylsa, bu operasiýa Russiýanyň bir ýyldan gowrak wagtyň içinde ukrain pozisiýalaryny pese gaçyrmak üçin eden bu hili birinji hilegär hüjüm bolar.
'Goşunlarymyza zarba urdular'
Turbageçiriji wakasy baradaky habar ilkinji gezek 8-nji martda ukrain we rus blogçylaryndan, şeýle hem resmi ukrain çeşmelerinden peýda boldy.
"Ruslar hüjüm operasiýasyny amala aşyrmak üçin gaz turbageçirijisini ulandylar, pilotsyz uçarlar tarapyndan anyklanmadylar we biziň goşunlarymyza zarba urdular" - diýip, Ukrain harbylary bilen arabaglanyşygy bolan tanymal ukrain žurnalisti Ýuriý Butusow Telegramdaky habarynda ýazdy.
Rus teleýaýlymlary 800 sany rus harbysynyň gatnaşandygyny öňe sürse-de, “Ukrainska Prawda” gazetiniň we beýleki habar beriş serişdeleriniň maglumatynda, bary-ýogy 100 orsýetliniň bolandygy we ukrain serkerdeleriniň bu tagallalara garaşandyklary ýazyldy.
Rus we ukrain habar beriş serişdeleriniň ikisi-de ýerasty turbageçirijiniň bir şahasynyň diametri 1,4 metre çenli bolup, onuň 1-nji ýanwarda işini bes edendigine üns berildi.
9-njy martda rus söweş bloggeriniň Telegram kanalynda ýerleşdirilen bir düşündirişli wideoda turba geçiriji ýaly bolup görünýän bir ýerde rus esgerleriniň çilim çekip oturandygy görkezildi. Olar turbadan geçmeli bolandyklaryndan zeýrenip, Sudža tarap birnäçe kilometr ýörändigini aýtdylar. Wideony garaşsyz barlap bolmady.
Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow hem 12-nji martda turbageçirijiniň içinde rus we çeçen esgerleriniň bir bölegini görkezýän wideo ýerleşdirdi. Ol bu toparyň 15 kilometre çenli ýöremeli bolandygyny aýtdy.
Ruslaryň arasynda giňden okalýan başga bir blogger bu toparyň ýanynda kislorod baklarynyň, suwuň, iýmitiň we aragatnaşyk serişdeleriniň bardygyny, ýöne esgerleriň käbiriniň bogulan bolmagynyň mümkindigini aýdyp, operasiýanyň meýilleşdirilişi ýaly geçmändigini öňe sürdi.
'Hakykata örän meňzeş'
Ukrainanyň Baş ştaby bu operasiýanyň puja çykarylandygyny 8-nji martda aýtdy.
"Duşman güýçleri Howa hüjümi güýçleriniň howa gözleg bölümleri tarapyndan wagtynda tapyldy" diýlip, resmi maglumatda aýdyldy.
Ukrain synçylary, rus meýilleşdirijileriniň gaz geçirijisini gowşak ýeri diýip, kesgitlemeginiň örän esaslydygyny aýtdylar.
"Russiýa Federasiýasy söweş operasiýalarynyň geçiriljek ýerlerinde inženerlik gurluşlaryny tapsa, olary 100 göterim ulanar" - diýip, ukrain harby analitigi Iwan Stupak Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna aýtdy.
“Elbetde, biz hem ulanyp bileris. Şeýle-de bolsa, kartalar we tehniki resminamalar bize elýeterli bolmaly "- diýip, Stupak: "Russiýa Federasiýasynyň häzirki wagtda Sowet arhiwini şeýle amallar üçin ulanýandygyna ynanýaryn" diýdi.
Rus goşunynyň soňky gezek şeýle edermenligi bir ýyl gowrak mundan ozal, Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitinde Awdiýiwkada bolan söweşde amala aşyrypdy.
Rus goşunlary birnäçe aýlap ukrain goragyndan geçip, öňe süýşmäge synanyşypdylar. 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda rus sapýorlary we beýleki goşunlar bölekleýin suw basan tunelden peýdalanyp, syýahatçylyk zolagy bolan şäheriň günorta-gündogar burçundaky tokaýlyga giripdi.
Ukrain güýçleri şonda hüjüme sezewar edildiler we göreşmäge mejbur boldular. Habar berilýän bu çozuşdan alty hepde töweregi wagt geçensoň, 2024-nji ýylyň 17-nji fewralynda ukrain serkerdeleri gabawa düşmezlik üçin şäherden yza çekilýändigini habar berdiler.
Sudžada bolşy ýaly, geçen ýylky hüjümiň Ukrainanyň Awdiýwkadaky goragyny pese gaçyrmakda nähili rol oýnandygy belli däl.
Elbetde munuň peýdasy hem degmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum