Türkiýede şu hepde bolan weýrançylykly ýer titremesinde heläk bolan ilkinji türkmen raýatlary barada maglumatlar gowuşýar. Türkmen häkimiýetleri ýer sarsgynynda ejir çekenleriň arasynda öz raýatlarynyň bardygyny boýun alsalar-da, olaryň sany barada açyk maglumat bermeýär. Bu aralykda, heläkçilikli tebigy hadysa Türkiýede ýaşaýan we zähmet çekýän türkmenleriň arasynda raýdaşlygy, birek-birege bolan hemaýaty artdyrdy.
Türk häkimiýetleriniň 10-njy fewralda beren maglumatyna görä, ýer titremesinde heläk bolanlaryň sany 19 müňe golaýlady, ýaralananlaryň sany hem 75 müňden aşdy.
8-nji fewralda Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow betbagtçylyga duçar bolanlaryň arasynda türkmenistanlylaryň hem bardygyny aýtdy. Emma türkmen häkimiýetleri heläk bolan we şikeslenen raýatlarynyň sany barada maglumat bermeýär.
Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy hem özünde bu ýagdaýlar barada entek “doly maglumatynyň ýokdugyny” aýdyp, Azatlyga takyk sanlary bermekden saklandy.
Bu aralykda, Azatlygyň Türkiýedäki habarçylary ýer sarsgynynda ýogalan türkmen raýatlary barada ilkinji maglumatlaryň peýda bolandygyny aýdýarlar.
Garaşsyz turkmen.news neşiriniň hem paýlaşan habaryna görä, ýer sarsgynyndan ejir çeken Kahramanmaraş şäherinde Türkmenistanyň azyndan dört raýaty heläk bolupdyr. Neşir olaryň jesetleriniň türkmen hökümetiniň hasabyna watanyna iberilendigini ýazýar.
Turkmen.news olaryň biriniň adyny hem anyklady. Aýmyrat Geldiýew Kahramanmaraşdaky uniwersitetleriň biriniň dördünji ýyl talyby eken. Ol Türkiýede ejesi bilen ýaşaýardy. Eje oglunyň jesedini anyklamaga gelen pursady, onuň içki geýimde bolandygyny görýär. Bu oňa perzendiniň ukuda heläk bolan bolmagynyň mümkindigi barada çaklamaga esas berýär.
Mundan başga-da, sosial torlarda ýer titremesinde heläk bolan türkmenistanlylar barada tassyklanmadyk ýene maglumatlar paýlaşylýar. Häzirlikçe bularyň takyklygyny resmi we näresmi ýagdaýda anyklap bolmady.
Şol bir wagtda, ýer titremäniň netijesinde 6 müňden hem köp binanyň ýumrulmagy sebäpli öýsüz-öwzarsyz galan on müňlerçe adamyň arasynda, türkmenleriň hem köpdügi bellenilýär.
“Men ýer yranyp başlan pursady, jaýymyz ýer-ýegsan bolmazyndan ozal, daş çykyp ýetişdim. Çagalarym bilen köçede galdym. Soňra tanyşlarymyzyň üsti bilen galmaga ýer we iýmäge çörek tapdyk. Emma köçede galan başga-da köp adam, şol sanda türkmenlerem bar” diýip, ejir çeken türkmenistanlylaryň biri gürrüň berdi.
Munuň bilen bir wagtda, Türkiýedäki türkmenleriň arasynda raýdaşlygyň hem artandygy bellenilýär. Sosial torlarda, türk hökümetiniň esaslandyran kömek merkezleri bilen birlikde, türkmenleriň hem ýörite haýyr-sahawat nokatlaryny açandyklaryny, olara iýmit, egin-eşik ýaly serişdeleriň eltilendigini görse bolýar .
6-njy fewralda Türkiýede bolan 7,8 ballyk ýer titremesi goňşy ýurtlarda Liwanda, Ermenistanda we Siriýada duýuldy.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan häzirki ýer titremesiniň 1939-njy ýylda Erzinjanda bolan ýer titremesinden bäri ýurduň taryhyndaky iň uly betbagtçylykdygyny aýtdy.
Türkiýäniň günortasyndaky ýer titremesinden ejir çekenleriň 75 müň 780 sanysy hadysanyň bolan ýerlerinden ewakuasiýa edildi, halas ediş we kömek işlerine 121 müňden gowrak işgär gatnaşdy diýip, türk resmileri habar berýärler.
Şeýle-de, ýer yranmalaryndan soň, bu sebitde ýeriň 1 müň 509 gezek sarsandygy aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum