Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýertitremede ölen türkmenler barada maglumatlar peýda bolýarka, Türkmenistan Türkiýä ikinji ynsanperwerlik kömegini iberdi


Türkiýede alnyp barylan halas ediş işleri
Türkiýede alnyp barylan halas ediş işleri

Türkmenistan Türkiýede şu hepde bolan weýrançylykly ýertitremäniň netijesinde ejir çekenler ikinji ynsanperwerlik kömegini iberdi. Bu aralykda, sosial torlarda türkmenistanly ulanyjylar tarapyndan ýertitremede ölen türkmenler barada paýlaşylýan maglumatlar peýda bolýar.

"Altyn Asyr" telekanalynyň "Watan" habarlary gepleşiginiň 10-njy fewralda efire berlen sanynda bu kömegiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerinden iberilendigi aýdyldy.

"Ejir çeken maşgalalar, olaryň çagalary üçin zerur bolan ýyly egin-eşikler, derman we lukmançylyk serişdeleri, şeýle-de azyk önümleri ýüklenilen uçar doganlyk ýurda tarap ugur aldy" diýlip, habarda bu kömegiň türkmen zenanlarynyň adyndan ugradylýandygy hem bellendi.

Nobatdaky ynsanperwerlik kömegi barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral hem özüniň Twitter sahypasynda paýlaşyp, uçaryň Aşgabatdan Adana şäherine tarap ugrandygyny aýtdy.

Türkmenistan Türkiýä birinji ynsanperwerlik kömegini 7-nji fewralda iberipdi.

Şeýle-de, prezident Serdar Berdimuhamedowyň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň prezidentiniň aýaly Emine Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi.

Türk häkimiýetleriniň 11-nji fewralda irden beren maglumatyna görä, ýertitremede heläk bolanlaryň sany 20 müňden geçdi, ýaralananlaryň sany hem 80 müňden aşdy.

Bu aralykda, sosial torlarda türkmenistanly ulanyjylar tarapyndan paýlaşylan maglumatlaryň birinde alty, başga birinde dört türkmen studentiniň aradan çykandygy habar berildi.

Azatlyk howpsuzlyk aladalary sebäpli bu habarlary paýlaşan ulanyjylaryň şahsyýetini anyklap biljek maglumatlary äşgär etmekden saklanýar.

Maglumatlarda heläk bolan türkmenleriň jesetleriniň Türkmenistana alnyp gidiljekdigi hem bellenýär.

Mundan ozal, Azatlygyň Türkiýedäki habarçylary ýer sarsgynynda ýogalan türkmen raýatlary barada ilkinji maglumatlaryň peýda bolandygyny aýdypdylar.

10-njy fewralda garaşsyz turkmen.news neşiri güýçli ýertitremäniň episentri hasaplanýan Kahramanmaraş şäherinde Türkmenistanyň azyndan dört raýatynyň heläk bolandygyny habar berdi. Neşir olaryň jesetleriniň türkmen hökümetiniň hasabyna watanyna iberilendigini hem ýazdy.

8-nji fewralda Gurbanguly Berdimuhamedow betbagtçylyga duçar bolanlaryň arasynda türkmenistanlylaryň hem bardygyny aýtdy. Emma türkmen häkimiýetleri heläk bolan we şikeslenen raýatlarynyň sany barada maglumat bermän gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG