Türkmenistan Türkiýede bolan ýer yranmasynda ejir çekenlere üçünji ynsanperwer kömegini ibermäge taýýarlanýar.
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral bu maglumaty Aşgabatdaky türk wiza merkezinde, tebigy betbagtçylykda ejir çekenlere kömek üçin gurnalan haýyr-sahawat çäresinde eden çykyşynda aýtdy diýip, "Biznes Türkmenistan” neşiri habar berýär.
Türk ilçisiniň bellenmegine görä, Türkmenistan 7-nji fewralda 10 sany lukmany, derman serişdeleri we zerur bolan önümler bilen, Türkiýä ugratdy, soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýolbaşçylygynda, ýertitremede ejir çekenlere ýardam bermek isleýän jemgyýetçilik guramalaryndan, kompaniýalardan we raýatlardan ynsanperwerlik kömegi ýygnalyp, ikinji uçar bilen Türkiýä ugradyldy.
Oral häzirki wagtda çadyrlaryň we ýyly eşikleriň iň wajyp zerurlykdygyny belläp, ýorgan ýygnamak kompaniýasyna başlandyklaryny aýtdy. Onuň sözlerine görä, häzire çenli Türkmenistandan Türkiýä ilatyň tabşyran dört müň çemesi ýorgany iberilipdir.
“Ilçihananyň indiki bildirişine çenli, raýatlar gelip, zerur kömegi hödürläp bilerler” diýip, ilçi Togan Oral öz çykyşynda aýtdy.