Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede bolan ýer sarsgynyndan iki hepde soň, türkmen migrantlary nähili kynçylyga duçar bolýar?


Güýçli ýer titremesinden soň halas ediş işleri dowam edýär. Türkiýe.
Güýçli ýer titremesinden soň halas ediş işleri dowam edýär. Türkiýe.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkiýede bolan heläkçilikli ýer titremesinden iki hepde soň, sebitdäki soňky ýagdaýlara gönükdirilýär.

Türkiýede bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna getiren ýer sarsgynyndan iki hepde töweregi wagt geçdi. Heläkçilikden ejir çeken sebitlerde halas ediş işleri heniz hem dowam edýär.

6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky Kahramanmaraş şäherinde 7,8 ballyk ýer titremesi boldy, şeýle-de, ýurduň günorta-gündogar Hataý şäherinde hem 7,5 ballyk ikinji bir ýer sarsgyny boldy. Goňşy Siriýanyň günbatar we demirgazyk sebitleri hem bu iri ýer sarsgynlaryndan ejir çekdi.

Türkiýede bolan ýer titreme ýurduň 10 töweregi sebitinde 13 milliondan gowrak adama göni täsir etdi. 17-nji fewrala çenli diňe Türkiýede ýer titremesinde aradan çykanlaryň sany 38 müň adamdan geçdi. Siriýada ýer sarsgynynda ölenleriň sany 6 müň töweregi adama golaýlady.

Türkiýede ýüzlerçe müň türkmenistanly ýaşaýar. Düýä Türkmenleriniň bu sany Türkiýede bolan heläkçilikli ýer titremesinden iki hepde soň, sebitdäki soňky ýagdaýlara gönükdirilýär. Gepleşigimize Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwisti Alişer Sahatow gatnaşýar.

Türkiýede bolan ýer sarsgynyndan iki hepde soň, türkmen migrantlary nähili kynçylyga duçar bolýar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG