Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugy raýatlara biometriki pasportlary bermegi wagtlaýyn togtatdy diýip, gullugyň Balkan welaýatyndaky edarasynyň iki işgäri aýdýar. Resmiler tarapyndan ne tassyklanan, ne-de inkär edilen bu maglumat Türkmenistandan gitmek üçin biometriki pasportlary almak isleýän raýatlaryň köpelen mahalyna gabat gelýär.
"Bu ýokardan we dilden berlen tabşyryk bolup, bu barada resmi karar ýa-da perman ýok. Biometriki pasport almak üçin nobatlary ýeten raýatlara býurokratiki päsgelçilikleri döretmek dilden tabşyryldy" diýip, Döwlet Migrasiýa gullugynyň Balkanabat şäherindäki edarasynyň bir işgäri anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
Azatlykda gürrüňi edilýän işgäriň şahsyýetini anyklaýan ähli maglumatlaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Ilat arasynda biometriki pasport diýlip tanalýan Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty 2013-nji ýyldan başlap ýurtdan çykmak üçin adaty raýatlara zerur bolan ýeke-täk resminama hökmünde kabul edildi. Ondan ozal ýurtda hereket eden içerki pasportyň daşary ýurda çykmakda ulanylmagyna kanun esasynda gadagançylyk girizildi.
"Dilden berlen tabşyrykda bu kararyň sebäpleri dünýädäki parahatsyz, durnuksyz ýagdaýlar bilen baglanyşyklydygy aýdylýar. Ýolbaşçylar geçen hepde Türkiýede bolan weýrançylykly ýertitremäni hem agzap, Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary döwletlere gitmeginiň wagtlaýyn öňüni almak maksady bilen, şeýle kararyň kabul edilendigini hem belleýärler" diýip, migrasiýa işgäri aýtdy.
Ol häkimiýetleriň şeýle karara gelmeginiň ýene bir sebäbini pandemiýa çäklendirmeleriniň ýatyrylmagynyň yzysüre, Türkmenistandan daşary ýurtlara gidýänleriň köpelendigi bilen düşündirýär.
Başga bir migrasiýa wekili hem anonimlik şertinde beren maglumatynda sebit ilatyna biometriki pasportlaryň berilmeginiň wagtlaýyn bes edilendigini tassyklady. Ýöne ol munuň sebäplerini biometriki pasportlaryň gutarandygy bilen düşündirdi.
"Elektron çipli biometriki pasportlar maý aýynda Germaniýadan gelmeli" diýip, ol habarçymyza aýtdy.
Azatlyk bu maglumatlar barada resmi kommentariýa almak üçin 14-nji fewralda öýlän wagty Döwlet Migrasiýa gullugynyň Balkanabatdaky edarasyna jaň etdi. Telefona jogap beren resmiler bu barada gürleşip bilmejekdiklerini aýdyp, "Aşgabatdaky edara jaň ediň we näme soragyňyz bolsa, resmi Aşgabat bilen habarlaşyň" diýip, telefony tarpa goýmak bilen boldular. Redaksiýamyzyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň Aşgabatdaky edarasy bilen habarlaşmak synanyşyklary başa barmady.
Bu aralykda, habarçymyz Balkanabadyň migrasiýa edarasynda nobatlary ýetip, biometriki pasport almak üçin resminamalaryny tabşyrmaga barýan raýatlara pasport meseleleriniň "maý aýynda çözüljekdiginiň" aýdylýandygyny habar berýär.
"Mundan ozal ýörite žeton ýa talon alyp nobata duran raýatlaryň talondaky görkezilen sagatda we günde nobaty ýetende, olaryň resminamalary kabul edilýärdi we biometriki pasportlary 30 günüň dowamynda ellerine gowşurylýardy. Geçen hepdäniň anna gününden bäri ähli resminamalary tabşyrsaň-da, migrasiýa işgärleri 'munyň maý aýynyň başynda belli bolar' diýip jogap berýärler, ýöne sebäplerini düşündirmeýärler" diýip, habarçy aýtdy.
Şol bir wagtda habarçymyz edaranyň Gazagystana gidip geljek balkanlylar üçin zerur resminamalary taýýarlap berýändigini hem belledi. Ýöne munuň üçin olaryň ýüzlerçe dollar möçberinde para bermeli bolýandygy aýdylýar.
"$300 para bilen biometriki pasport taýýarlap berýärler, emma parany bermek üçin-de oňat tanyş tapmaly bolýar" diýip, balkanly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Döwlet Migrasiýa gullugynyň raýatlara biometriki pasportlary bermegi wagtlaýyn togtadandygy barada peýda bolan maglumatlar, ýurtda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Türkmenistandan gitmek isleýänleriň köpelen mahalyna gabat gelýär.
Şu aýyň başyndan bäri Lebap we Mary welaýatlaryndaky habarçylarymyz ýerli migrasiýa edaralarynyň öňünde adamlaryň uly nobatlarynyň emele gelendigi barada maglumat berýärler. Lebapdaky habarçymyz sebitiň migrasiýa edarasynda biometriki pasport almak isleýän raýatlara maý aýyna nobat berilýändigini aýtdy.
Bu habarlaryň arasynda, prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 10-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde howa gatnawlaryny pandemiýa çäklendirmelerinden öňki derejelerine ýetirmegi tabşyrdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum