Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýazly howanyň getiren netijeleri gök-bakja bazarynda bahalara täsir edýär


Gök-bakja önümleri. Türkmenistan.
Gök-bakja önümleri. Türkmenistan.

Türkmenistana aralaşan sowuk howa akymynyň ýol açan netijeleri gök-bakja bazarlarynda bahalara täsir edýär. Türkmenabadyň gök bazarynda bir kilogram soganyň bahasy 7 manatdan 15 manada çenli gymmatlady.

Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Merkezi Aziýa sebitinde, şol sanda Türkmenistanda howanyň sowugy rekord derejelerde pese gaçdy. 13-nji ýanwara geçilen gijä Türkmenistanyň iň günorta sebiti bolan Serhetabat etrabynda -27 gradus sowuk howa hasaba alyndy.

Howanyň temperaturasy hepdäniň dowamynda ýurduň beýleki sebitlerinde hem ep-esli aşaklady – Kerkide -20.2, Maryda -21, Baýramalyda -20.6, Sarahsda -20, Tejende -18, Daşoguzda -17.2 gradus sowuk howa hasaba alyndy.

Doňakçylygyň yz ýany, ýurduň bazarlarynda gök-bakja önümleriniň bahalary gymmatlaýar.

“Heniz aýazly howa başlamazdan ozal, soganyň bahasy 7 manat bolan bolsa, bu gün soganyň bir kilogramy 15 manada çenli gymmatlady” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenabatdan habar berýär.

Ýöne doňakçylykda zaýalanan sogany öňki bahasyndan, 7 manatdan alyp bolýar diýip, habarçy maglumatynyň üstüni ýetirýär.

Bazar satyjylary ozal lomaý satyn alan soganlarynyň doňandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaý doňakçylykda zaýalanmadyk gök-bakja önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagyna getirýär. Bazarlarda gök önümleri “doňan” we “doňmadyk” kategoriýalary boýunça alyjylara hödürlenýär.

Doňan önümler satylanda satyjylar “bu sogan we kartoşkalary iki günde iýmeli” diýip, duýdurýarlar we birneme arzan bahadan satýarlar.

Doňakçylyk diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda hem gök-bakja bazaryna täsir edýär.

Gök-bakja bazaryny ýakyndan yzarlaýan “East Fruit” neşiri aşa aýazyň Özbegistanyň sogan bazaryna zarba urandygyny habar berýär. Sogan saklanýan saklawhanalar aşa sowuk howa şertleri üçin amatly bolmansoň, Özbegistanda saklawhanalardaky we lomaý bazarlardaky soganlar doňupdyr. Bu ýagdaýyň fonunda, “East Fruit” neşiri, 1-15-nji ýanwar aralygynda ýeke tonna soganyň hem Özbegistandan daşary ýurtlara eksport edilmändigini habar berýär. Gaýtam, Özbegistan ýanwaryň birinji ýarymynda Gazagystandan 3 müň tonna töweregi sogan import edipdir.

Doňakçylyk Gazagystanda hem gök-bakja bazaryna täsir ýetirýär. Gazagystanyň Oba hojalyk ministrligi 17-nji ýanwarda üç aý möhlet bilen soganyň eksportyna gadaganlyk girizdi. Ministrlik şeýle gadaganlygy Gazagystanyň günorta sebitlerinde we Özbegistanda aşa doňaklygyň getiren netijeleri zerarly gök-bakja bazarynda soganyň bahasyna basyş edilmegi we beýleki käbir sebäpler bilen düşündirdi. “Esasy sogan öndürijileri häzir işjeň ýagdaýda gazak soganyny satyn alýar” diýip, Gazagystanyň Oba hojalyk ministrligi aýtdy.

Doňaklyk Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda beýleki gök-bakja önümleriniň bahalaryna-da täsir ýetirdi.

Özbegistanda lomaý söwdada soganyň bir kilogramynyň bahasy 6-13-nji ýanwar aralygynda 5 müň somdan 6 müň soma çykdy. Bu türkmen manadynyň resmi alyş-çalyş nyrhy boýunça Özbegistanda lomaý soganyň 1 manat 55 teňňeden 1 manat 86 teňňä gymmatladygy bolýar. Kartoşkanyň bahasy soňky bir hepdäniň dowamynda özbek goňşuda 14 göterim ýokarlandy.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenabatly habarçysy şäheriň gök-bakja bazarynda kartoşkanyň we käşiriň bahalarynyň iki esse ýokarlanandygyny habar berýärler.

Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçylary sebitiň gök-bakja bazarlarynda soganyň bir kilogramynyň bahasynyň 20-25 manada çenli gymmatlandygyny habar berýär.

“Häzir ýük ulaglarynyň üstünde soganlar doňup dur. Satyjylar uly zyýana galýar. Tonnalap satyn alnan soganlaryň ählisi doňdy” diýip, bir maryly söwdagär Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne Türkmenabatdan tapawutlylykda Marynyň bazarynda kartoşkanyň bahasy heniz üýtgemedi.

Azatlygyň habarçylary pandemiýadan ozal Türkmenistanyň sogan we kartoşka ýaly önümleri esasan Eýrandan import edendigini, ýöne pandemiýa çäklendirmeleri aradan aýrylaly bäri, bu ýurtdan sogan we kartoşkanyň import edilmeýändigini habar berýärler. Türkmenistan Özbegistan we Gazagystandan hem sogan import edýär.

Bu aralykda, doňakçylygyň yz ýany soganyň bahasynyň ýokarlanmagy öý hojalykçy aýallaryň aşhanada nahar bişirenlerinde sogana alternatiwa gözlemäge, ýa-da ony ätiýaçly ulanmaga iterýär.

“Et gymmat bolansoň, somsa we manty ýaly naharlary bişirenimizde içine köp sogan goşýardyk. Indi sogany hem ätiýaçly sarp etmeli bolarys” diýip, maryly bir öý hojalykçy aýal Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy sebitiň esasan Farap şäherçesiniň Hojakanepsi, Osty we Gadym daýhan birleşiklerinde, Tallymerjen takyrlyklarynda soganyň has köp ekilýändigini habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG