Mary welaýatynyň býujet işgärlerinden edara-kärhanalaryň otaglaryndaky prezidentiň portretlerini, şeýle-de baýdagyň we gerbiň suratlaryny çalyşmak talap edilýär. Bu çäre ýene býujet işgärleriniň, ýa-da mekdep okuwçylarynyň we çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň hasabyna amal edilýär.
"Prezidentiň portretini, gerbiň we baýdagyň suratlaryny çalyşmak üçin fewral aýynyň başyna çenli möhlet berildi. Edara-kärhanalaryň işgärleri azyndan 100-150 manat çykarmaly bolýarlar" diýip, maryly bir mugallym anonimlik şertinde 19-njy ýanwarda gürrüň berdi.
Býujet işgärleri dekabr aýynda iki aýlygy birden alandyklaryny we onuň aglabasyny baýramçylyk günlerinde sarp edendiklerini belläp, köp işgärde bu serişdäni bermäge puluň ýokdugyny aýdýarlar.
"Ýygnalýan pullaryň sany her aý artýar. Aýlygymyzy doly görnüşinde elimize alyp görmedik" diýip, mugallym her alty aýda bir gezek çalşylýan "portretlerde we suratlarda üýtgeýän zadyň ýokdugyny, onuň diňe ýagtylygynyň sähel üýtgäp bilýändigini" hem belledi.
Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda prezidentiň portretlerini, döwlet baýdagynyň we gerbiniň suratlaryny, döwlet baştutanynyň aýdan sözlerinden käbir bölekleri asmak tejribesi ýurt garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri dowam edýär.
Häkimiýetler prezidentiň edara-kärhanalardaky portretlerini ýylda azyndan iki gezek çalyşmagy talap edýärler. Bu çäräniň dowamynda portretde prezidentiň eşikleriniň ýa-da saçynyň reňki üýtgeýär, käte-de onuň keşbinde üýtgeşiklik bolýar. Portretleri, suratlary, şygarlary çalyşmak çäresi býujet işgärleriniň, talyplaryň, okuwçylaryň we körpeleriň hasabyna amal edilýär.
Häzirki wagtda hem, maryly käbir mugallymlar we çagalar baglarynyň terbiýeçileri özlerinden talap edilýän bu serişdäni okuwçylaryň we körpeleriň ene-atalaryndan ýygnamaga çalyşýarlar. Ýöne bu hem köplenç başa barmaýar.
"Ene-atalaryň her birinden 5 manat tabşyrmagy soradyk. Käbir ene-atalar berdiler. Ýöne köpüsi 'biz çagalar bagyna töleg töleýäris' diýip, puly bermekden ýüz öwürdiler" diýip, maryly terbiýeçi aýtdy.
Mugallymlar we terbiýeçiler portretler we suratlar çalşylmasa, mekdeplere hem-de çagalar baglaryna gelýän barlagçylaryň özlerine jerime ýazýandygyny hem sözüne goşdular.
Türkmenistanda býujet işgärleri bag nahallaryny satyn almak, pagtanyň çürtüm işleri, pagta ýygymy, pile önümçiligi, synplary abatlamak, Täze ýyl bezegleri ýaly dürli maksatlar üçin ýylyň dowamynda onlarça gezek pul goşmaga mejbur bolýarlar.
Mundan başga-da, ýurtda ýylyň dowamynda iki gezek býujet işgärlerinden gazet-žurnallara mejbury abuna ýazylmak talap edilýär. Olar bu çäre üçin-de azyndan 100 manat bermeli bolýarlar.
Häkimiýetleriň býujetçilerden pul ýygnamak kampaniýalary barada ne ýurt resmileri, ne-de metbugat serişdeleri mesele gozgaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum