Türkmenabat şäheriniň we töwereginiň infrastrukturasy özgerýär. Soňky alýarda bu ýerde täze magistral ýollar gurulýar, transport desgalary işe girizildi. Munuň bilen bir wagtda öňki desgalar söküldi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri köne aeroportuň sökülmegi bilen bagly käbir galplyklaryň ýüze çykarylandygyny, binanyň gurluşyk materiallarynyň söwdasy sebäpli birnäçe adamyň tutulandygyny habar berýärler.
Köne aeroport Türkmenabadyň ýakynda işe girizilen täze awtobus stansiýasynyň ýerleşýän ýerindedi. Täze desga sentýabrda garaşsyzlygyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylypdy.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenabatdaky habarçysy köne aeroport ýykylanda onuň gurluşyk materiallarynyň satylmagy boýunça derňew geçirlýändigini, azyndan 3 adamyň tussag edilendigini 25-nji oktýabrda habar berdi.
"Prokuratura häzir barlag işini geçirýär we 3 sany raýat kazyýetiň hokümine garaşýar. Bu awtomenzil gurulup başlamazdan öň, bu köne aeroporty ýykmak üçin halaçly bir telekeçi 200 mün manada şol aeroportyň binasyny satyn alyp, ýykyp gerekli gurluşyk harytlaryny soküp almak barada ylalaşypdyr" diýip, habarçymyz aýtdy.
Ýagdaýdan habarly ýerli çeşmeleriň sözlerine görä, şäher häkimliginiň balansynda bolan köne aeroportuň binasy üç aýyň içinde doly sökülipdir.
"Binany 3 aýyň içinde öz işgärleri bilen doly söküp alan telekeçiniň 200 müň manady kimi bereni anyk däl. Emma onuň üsti bilen Aşgabadaky ministirlikde howandarlygy bolan bir adamyň muny satyn alandygy barada maglumat bar" diýip anonim gürleşen çeşme aýdýar.
Habarçymyz köne aeroportuň binasyny ýykyp dürli gurluşyk materiallarynyň ýerli hyrydarlara giňden satylandygyny we hatda özüniň-de şondan käbir zatlary satyn alandygyny gürrüň berdi. Olaryň arasynda plastik aýnalar, demir şiferler, beton plitalar, kerpiç, hatda aeroportuň uçar durýan uly meýdanynyň betonlary döwlüp satylypdyr.
"Aeroportyň ýykylan binasyndan dörän gurluşyk materiallardan döwlete uçypsyz pul gelip, agzalan telekeçi ençeme esse köp puly öz hasabyna geçiripdir. Bu aeroportuň binasyny ýykmaga kimiň rugsat berendigini anyklamak üçin köp ýolbaşçylary häzir derňewe çekdiler we jenaýat işlerini gozgadylar" diýip, habarçymyz aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenabadyň häkimliginden we kanun goraýjy resmilerinden derňew barada resmi maglumat almak synanyşygy netije bermedi.
Türkmenabadyň ýykylan köne aeroportunyň giňişliginde häzir täze awtobus stansiýasy ýerleşýär. Sentýabrda açylan bu desga Aşgabat-Türkmenabat awtoulag ýoluna degişli infrastruktura girýär. Onuň gurluşygy üçin 2019-njy ýylda býujetden 2,3 milliard amerikan dollary bölünip berilipdi.
Türkmen hökümeti ýurduň ulag transport infrastrukturasyny döwrebap ögertmek arkaly ilat üçin ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagy maksat edinýändigini aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçlary täze awtobus stansiýasy işe girizilip, Türkmenabatdan etraplara we Ahal welaýatynyň Änew şaherine çenli awtobuslaryň gatnaýandygyny habar berýär. Emma awtowokzalyň şäheriň çetinde ýerleşmeginiň ýerli ilat üçin ençeme oňaýsyzlyklary döredýändigini belleýär.
"Awtomenziliň gurluşygy başlanmanka türkmenabatlylaryň köpüsi gurluşygyň alynyp baryljak ýerini eştip haýran galypdy, sebäbi Türkmenabat şäherinde boş ýatan ýer köp, şonda-da ol has çet ýerde guruldy. Aeroportyň gowy binasy bardy, ol ýykylman başga bir edara berilse ol taýyn bir desga bolardy" diýip türkmenabatly çeşme aýýdar.
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna gabatlap, Türkmenabatda gurlan täze awtobus stansiýasynyň iki gatly binasynda ýolagçylara ýokary derejede hyzmat etmek üçin ähli şertleriň bardygyny döwlet media serişdeleri habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum