Aşgabatda ozal petiklenen Russiýanyň kanallarynyň ýaýlymy täzeden ýola goýuldy. Mundan öň, Türkmenistanda Russiýanyň Telewideniýe we radio boýunça döwlet kompaniýasyna (WGTRK) degişli ençeme, şol sanda “Rossiýa 1” we “Zwezda” kanallarynyň elýetersiz bolandygy barada maglumat berildi. Hususanda, Intelsat emeli hemra arkaly Türkmenistana ýaýlym beren WGTRK kanallary petiklenipdi. Bu Moskwanyň Ukrainanyň gündogarynda alyp barýan urşunyň arasynda, Kremliň propogandasyny öňe sürýän rus kanallaryna girizilen sanksiýalaryň çäginde amal edilipdi. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, sebitlerde rus kanallarynyň ýaýlymy bölekleýin dikeldildi.
Aşgabatda ýerli we daşary ýurt telekanallary ýurduň ygtyýarlandyrylan aragatnaşyk operatorlarynyň biri bolan “Aşgabat şäher telefon ulgamy” (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan, IPTV arkaly ýaýlyma berilýärdi.
Geçen hepdäniň ortasynda Aşgabatda we ýurduň beýleki künjeklerinde IPTV we kabel TW arkaly hödürlen WGTRK kanallary, şol sanda “Rossiýa-1”, “Kultura”, “Rossiýa-24” we Russiýanyň Goranmak ministrligine degişli “Zwezda” kanallary elýetersiz bolupdy. Muňa bu kanallaryň daşary ýurt emeli hemralarynda, hususan-da Intelsatda petiklenmegi sebäp boldy.
Habarçylarymyzyň maglumatyna görä, kanallaryň petiklenmegine Türkmenistanyň hiç hili dahyly ýok. Mundan birnäçe gün soň, Russiýanyň Ýamal we Ekspress emeli hemralarynyň signallary arkaly, bu kanallar täzeden ýola goýuldy.
“Kanallaryň ýaýlymy doly ýola goýuldy. Diňe daşary ýurt emeli hemralary arkaly ýaýlyma berlen kanallar petiklenipdi. Häkimiýetler ýurduň üstünden geçýän Russiýanyň ençeme satellitine birigip, emele gelen ýagdaýy çözmek boýunça gyssagly karar kabul etdiler. Häzir ýaýlym Russiýanyň Ýamal satellitler toplumyndan alynýar, olar birnäçe sany. Türkmenistanyň territoriýasyny Ekspress satellitler topary hem örtýär. Bular arkaly IPTV we kabel TW üçin ýaýlym alynýar” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy ýerli hünärmenleriň biriniň sözlerini getirýär.
Habarçymyz kanallaryň ýaýlymy dikeldilenden soňra, olaryň efir wagtynyň iki sagat yza süýşendigini hem anyklaşdyrdy.
Bu aralykda, Azatlygyň sebitlerdäki habarçylary, ozal efirden aýrylan kanallaryň ýaýlymynyň bölekleýin dikeldilendigini aýdýarlar.
“Kanallaryň petiklenmeginden soň, kanallaryň paketini satýanlar diňe ‘Älem TV’ bukjasyny hödürleýärler. Olar ilat arasynda ’85 graduslyk’ atlandyrylýan (Intelsat emeli hemra 85-nji gradus pozisiýasynda ýerleşýär – red.) ‘Telekartadan’ has gymmada satylýar. ’85 graduslygyň’ bukjasynyň ýyllyk tölegi 450-500 manat aralygynda bolup, ol arkaly 270 kanala tomaşa etse bolýardy. ‘Älem TV’ 550-600 manada durýar, emma ol ýerde has az kanal bar. Ol ýerde rus kanallaryndan başga-da, türkmen, özbek we türk kanallary hem bar. ‘Älem TV’ paketiniň düzüminde ozal petiklenen rus kanallarynyň birnäçesi hem goşuldy” diýip, Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň biri 30-njy maýda habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlygyň habarçysy ‘Älem TV’ paketine Russiýanyň Ukraina garşy sebäpsiz başladan urşunyň arasynda, Kremliň propogandasyny öňe sürýän, şol sanda ukrainlara garşy gazaplylygy öjükdirýän “Perwyý kanal”, “Rossiýa-1”, “NTW” kanallarynyň hem bardygyny belledi.
Şol bir wagtda, sebitlerde Russiýanyň Goranmak ministrligine degişli “Zwezda” kanalynyň we WGTRK degişli käbir beýleki kanallaryň ýaýlymy ýola goýulmady. Bu kanallara basylanda “Kanalyň ýaýlymynyň bes edilmegi ‘Telekarta’ bagly bolmaýan sebäplere görä, daşary ýurt emeli hemralarynda ähli rus telekanallarynyň ýaýlyma berilmeginiň çäklendirilmegi sebäpli kesildi. Biz häzirki wagtda ätiýaç ýaýlymy ýola goýmagyň üstünde işleýäris, şondan soň ýaýlym doly dikeldiler” diýen ozalky duýduryş çykýar.
Türkmenistanda garaşsyz maglumat berip biläýjek habar serişdeleri häkimiýetler tarapyndan berk gözegçilikde saklanýar we olaryň ýaýlymy çäklendirilýär.
Mundan öň, türkmen häkimiýetleri ýurtdaky garaşsyz maglumat akymyny çäklendirmek ugrundaky tagallalarynyň çäginde,çanak antennalaryna garşy hem ýiti göreş alyp barypdylar. Munuň netijesinde, Aşgabadyň köp gatly we hususy jaýlarynyň üçeklerinde ýekeje-de çanak antenasy galmady. Emma sebitlerde, esasan hem oba ýerlerinde häkimiýetleriň çanak antenalaryna garşy çäreleri gowşandan soň, raýatlar bukuda saklan antenallaryny täzeden dikýärdiler.
Bu aralykda, Azatlygyň sebitdäki habarçylary çetdäki şäherdir obalarda bu mejbury işleriň ýene gaýtadan güýçlendirilendigini belleýärler.
“Balkanyň şäherdir obalarynda, şol sanda Türkmenbaşyda we Balkanabatda çanak antenalary mejbury aýyrdylýar. Ýerli resmiler diňe döwletiň tassyklan kanallaryna tomaşa etmelidigini aýdýarlar. Raýatlar satellitler arkaly, şol sanda Azatlyk Radiosyny hem diňleýärdiler” diýip, balkanabatly ýaşaýjylaryň biri 30-njy maýda habarçymyza gürrüň berdi.
“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Metbugat azatlygy boýunça çap eden soňky hasabatynda Türkmenistan dünýäniň 180 ýurdunyň arasynda 177-nji orunda ýerleşdirildi.
Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň döwlet baştutany öz geçirýän hökümet mejlislerinde hemişe “işlemek üçin ähli şert döredilen” metbugat wekilleriniň ýurtda “gazanylan ägirt uly üstünlikleri” ýeterlik beýan edip bilmezliginden nägile bolup, ýygy-ýygydan metbugat ýolbaşçylaryny, şol sanda medeniýete we habar serişdelerine gözegçilik edýän orunbasaryny hem täzeläp durýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.