Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bütindünýä banky Türkmenistany hasabatyndan çykardy, ýene-de


"Bütindünýä banky türkmen häkimiýetleriniň öňe sürýän ösüş sanlarynyň ygtybarly däldigini açyk beýan etdi”
"Bütindünýä banky türkmen häkimiýetleriniň öňe sürýän ösüş sanlarynyň ygtybarly däldigini açyk beýan etdi”

Bütindünýä banky Türkmenistany, ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, şu ýylyň ýanwarynda tapgyr ikinji gezek özüniň “Global ykdysady perspektiwalar” hasabatyndan çykardy. Ykdysadyýetiniň dowam ösýändigini aýdýan Türkmenistan geçen ýyl hem şu kesgitleme esasynda bu abraýly guramanyň hasabatyna goşulmandy.

“Esaslandyrylan hildäki ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, Bütindünýä banky häzirki wagtda Türkmenistan we Wenesuella boýunça ykdysady önüm, girdeji ýa-da ösüş maglumatlaryny çap etmeýär. Türkmenistan we Wenesuella makroykdysady agregatlardan aýrylýar” diýip, Bütindünýä bankynyň hasabatynda aýdylýar.

Ýatlatsak, mundan ozal, Halkara walýuta fondy hem geçen aprelde türkmen hökümetiniň resmi statistiki sanlaryny ulanmagy bes edipdi. Pul gaznasy “Dünýä ykdysadyýetiniň ösüş perspektiwalary” atly soňky hasabatynda Jemi Içerki Önümiň ösüş derejesi boýunça Türkmenistanyň hödürleýän sanlaryny ulanmandy.

Bilermenler munuň ýokarky iri halkara maliýe guramalarynyň Türkmenistanyň hödürleýän resmi ykdysady sanlaryny alga almaýandygyny aňladýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistany ýakyndan yzarlaýan Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Panniýer ýurduň tapgyr ikinji ýyl “Global ykdysady perspektiwalar” hasabatyndan çykarylmagynyň onuň sermaýa mümkinçiliklerine ‘ýaramaz täsir’ ýetirjekdigini belledi.

Brýus Panniýer
Brýus Panniýer

“Bütindünýä banky Türkmenistandan we Wensueladan başga hiç bir ýurdy özüniň sanawyndan çykarmady. Bu daşary ýurt sermaýaçylary üçin maliýe serişdelerini bu ýurtlara ýatyrmaly däl diýen manyny berýär. Elbetde türkmen häkimiýetleri dowamly ykdysady ösüş sanlaryny getirýärler. Ýöne Bütindünýä banky bularyň ygtybarly däldigini açyk beýan etdi” diýip, Panniýer belledi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri ýurduň hödürleýän statistiki sanlarynyň halkara guramalarynyň hasabatlaryndan çykarylmagy barada habar bermeýärler. Hökümet halkara guramalaryň ýurt boýunça hödürleýän ykdysady görkezijilerini boýun almaýar.

Muňa derek, häkimiýetler ýurtdaky ençeme ýyl bäri dowam edýän ýiti ykdysady çökgünligiň arasynda hem türkmen ykdysadyýetiniň dowamly özgerýändigini öňe sürüp, muňa mysal hökmünde ösüş sanlaryny getirýärler.

26-njy ýanwarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady ösüşiň ýeterlik derejede ýokary we durnukly bolmagy üpjün edilýändigini aýdyp, bu görkezijiniň geçen ýylyň netijeleri boýunça 6,2%-e deň bolandygyny öňe sürdi.

Munuň bilen baglylykda, Panniýer Türkmenistanyň iri halkara maliýe guramalarynyň ýurduň hödürleýän resmi sanlaryna ynamsyzlyk bildirmeginiň, ýurduň içindäki biznes pudagyna hem täsir ýetirip biljekdigini duýdurdy.

“Munuň bilen, Türkmenistanyň öz telekeçileriniň hem daşardan sermaýa çekmek ýa-da daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy gurmak mümkinçilikleri çäklenýär. Bu olara garşy işlär. Sebäbi, ýurduň halkara maliýe hasabatlaryndan çykarylmagy, onuň ygtybarly hyzmatdaş däldigini aňladýar. Bu hökümetiň hödürleýän statistikasyna ýa ýene beýleki sanlaryna bil baglap bolmaýandygyny görkezýär. Munuň bilen, Türkmenistan oňa pul ýatyrmak isleýänler üçin juda oňaýsyz bir ýurda öwrülýär” diýip, bilermen sözüne goşdy.

Kommersant.ru neşiriniň 2017-nji ýylyň martyndaky maglumatyna görä, Türkmenistan öňki sowet respublikalarynyň arasynda maýa ýatyrylmagyna döredilen şertler boýunça iň soňky derejä mynasyp boldy.

Türkmenistanyň öz maliýe edaralaryndan onuň abraýly halkara maliýe hasabatlaryndan çykarylmagy, şeýle-de munuň ýurduň ykdysadyýetine ýetirmegi mümkin netijeleri boýunça düşündiriş ýa kommentariýa almak başartmady.

Türkmenistan soňky birnäçe ýyl bäri ýiti ykdysady çökgünlikden ejir çekýär. Ýöne hökümet bu kynçylyklaryň takyk gerimini aç-açan boýun almaýar.

Bütindünýä bankynyň soňky hasabatynda COVID-19 wirusynyň dowam edýän ýagdaýlarynyň arasynda dünýä ykdysadyýetiniň dikelişiniň haýal bolmagyna garaşylýandygy bellenilýär. Perespektiwalara dürli töwekgelçilikleriň, şol sanda wirusyň täze ştammlarynyň, üýtgäp durýan inflýasiýa çaklamalarynyň we maliýe stressiniň hem kölege salýandygy bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG