Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly ýaşuly watanyna gaýtmak umydy bilen 14 gün bäri Stambulyň aeroportunda otyr


Ibragim Begjanow Stambulyň halkara aeroportunda. 27-nji ýanwar, 2022
Ibragim Begjanow Stambulyň halkara aeroportunda. 27-nji ýanwar, 2022

Türkmenistanly 60 ýaşly Ibragim Begjanow 14 gün bäri Stambulyň howa menzilinde otyr. Ol watanyna dolanmak üçin mümkinçilige garaşýar. Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasynda iki ýyla golaý wagt bäri adaty uçar gatnawy bolmasa-da, türkmen raýaty umydyny ýitirmeýär. Azatlyk Radiosy Ibragim Begjanow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Ibragim Begjanow çykgynsyzlykdan aeroportda bolmaga mejburdygyny aýdýar: "Men ýanwaryň 14-den başlap şu wagta çenli Stambulyň aeroportunda. Gidere ýerim bolmansoň, şu darajyk ýerde otyryn".

Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasynda adaty uçar gatnawy koronawirus pandemiýasy zerarly iki ýyla golaý wagt bäri ýok.

Şeýle-de bolsa, Stambulyň aeroportunda galýan türkmen ýaşulysy umydyny elden bermeýär we öz hereketiniň çykgynsyz ýagdaýdaky beýleki adamlaryň hem öz kynçylygyny açyk beýan etmegine itergi berjegine garaşýar: "Umytly guş käbä ýeter diýilýär. Umydym bar, arzuwym bar, halkym bir toplanyşyp, birleşip, agzybirlikde öz watanymyza dolanmagyň kül-külüne düşüp, her kim bir toplansa, men-ä gidip bolar diýip ynamym bar".

Ibragim Begjanow öz ýagdaýy barada sosial media arkaly habar ýaýradyp, problema köpçüligiň ünsüni çekmäge synanyşýar, şeýdip, hökümetiň öz raýatlarynyň aladasyny edip başlamagyna umyt baglaýar.

Ýaşuly Stambulyň aeroportunda gapdalynda oturan başga döwletleriň raýatlarynyň ýagdaýyny mysal getirýär we olaryň problemasyna resmiler tarapyndan gysga wagtda üns berlendigini aýdýar: "Ine başga döwletleriň, bir-iki gün ýatdylar, gykylyk tutup dur şu ýerde. Doňupdyr, tebigy ýagdaý sebäpli samolýotlaryň uçmaga hiç hili mümkinçiligi bolmansoň, şonda gygyryşyp durlar adamlar, talap edip. Şu döwlet eýýäm şol adamlary köşeşdirip, polisiýa dil bilen şolaryň talaplaryny berjaý etmegi eýýäm ýola goýýarlar".

Ibragim Begjanow Türkiýä iş gözläp 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda barypdyr.

Ol indi agyr işde işlemäge mümkinçiliginiň ýokdugyny gürrüň berdi: "Meniň bir maksadym ýollar açylyp, birlikde, adam iň kynçylykly döwründe watanyny isleýär. Watanyma barmanyma şeýle bir wagt geçdi garaşyp-garaşyp, konsullara-da ynanyp, ynanyp... Ine bolar, şindi bolar, nobatymyz nirä ýitdi, seredilýärmi-seredilmeýärmi? Onam habar alyp bilmänsoň, bar pikirim boýunça, barmaga ýerim bolmansoň, indi işden-güýçden galdym diýse-de boljak agyr iş eder ýaly".

Stambulyň aeroportunda oturan türkmen ýaşulusy gidere ýeriniň ýokdugyny aýdyp, Türkmenistana gaýtmaga mümkinçilik döreýänçä aeroportda oturmakçydygyny mälim etdi.

Türkmenistan ýurduň ilatynyň migrasiýa derejesini görkezýän resmi statistikany çap etmeýär. Şeýle-de bolsa, Türkiýe türkmen raýatlary üçin wizasyz bolany sebäpli türkmenistanlylaryň iň köp barýan ýurduna öwrüldi. Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň resmi statistikasyna görä, 2021-nji ýylda ýurtda kanuny esasda ýaşaýyş rugsady bilen ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany 117 müň 905 adam diýlip görkezildi. Synçylar Türkiýede kanuny ýa-da bikanun esasda ýaşaýan türkmenistanlylaryň hakyky sanynyň ýüzlerçe müňden geçýändigini aýdýarlar.

Türkmenistan daşary ýurtlara adaty howa gatnawyny 2020-nji ýylyň 17-nji martynda bes edensoň, ýarym ýylyň dowamynda ýurduň daşynda galan raýatlar ýurduna gaýtmak mümkinçiliginden doly mahrum boldy. Ýurduň daşynda galan raýatlar üçin Türkmenistana gaýtmak üçin ilkinji mümkinçilik şol ýylyň awgust aýynda döredi, türkmen hökümeti ýörite uçarlary gurap başlady. Emma bir-iki aýda bir gezek guralýan uçarlar bar bolan talaby kanagatlandyrmaýar.

2020-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Russiýadan, Belarusdan, Hindistandan, Özbegistandan, Türkiýeden, Tatarystandan we beýleki ýurtlardan türkmen raýatlaryny getirmek üçin onlarça ýörite uçar gatnawyny gurnady.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlary türkmen hökümetiniň guraýan ýörite uçarlaryna münmek üçin ilçihanalaryň üsti bilen düzülýän sanawlara ýazylmaly. Hususan-da, Türkiýede ýaşaýan türkmen raýatlary konsullygyň üsti bilen ýazylan sanawlaryndaky nobatlarynyň bir ýylyň dowamynda öňe süýşmeýändigini gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň Türkiýedäki we beýleki ýurtlardaky ilçihanalary türkmen raýatlaryny watanyna alyp barmak meselesi we türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlardaky beýleki problemalary barada resmi kommentariýa bermekden saklanýarlar.

Türkiýe: türkmenistanly migrant ýurda dolanmak üçin prezidentden ýardam soraýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:07:33 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG