Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Awazada” Merkezi Aziýanyň prezidentleriniň konsultatiw duşuşygy geçirilýär


Maslahatyň öňüsyrasynda türkmen häkimiýetleri “Awaza” syýahatçylyk zolagyny ýerli syýahatçylardan mejbury arassalamak boýunça kampaniýa geçirdi.
Maslahatyň öňüsyrasynda türkmen häkimiýetleri “Awaza” syýahatçylyk zolagyny ýerli syýahatçylardan mejbury arassalamak boýunça kampaniýa geçirdi.

Türkmenistanyň “Awaza” syýahatçylyk zolagynda, goňşy Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň barha ýaramazlaşmagynyň arasynda, Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy geçirilýär. 5-6-njy awgust aralygynda Türkmenistanyň prezidentiniň ýolbaşçylygynda geçjek maslahata Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşýar.

Hasap boýunça üçünji gezek geçirilýän bu maslahat, dünýädäki we sebitdäki koronawirus aladalaryna garamazdan, ýüzbe-ýüz formatda geçirilýär.

“[Maslahatyň] onlaýn görnüşde geçirilmegi barada gürrüň gitmeýär” diýip, maýyň aýagynda özbek prezidentiniň metbugat-wekili Şerzod Asadow belläpdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we resmi habar saýtlarynda duşuşygyň gün tertibi we onuň dowamynda maslahat ediljek meseleleriň jikme-jikleri barada maglumat berilmeýär.

Emma özbek prezidentiniň metbugat-edarasynyň 4-nji awgustda çap eden beýanatynda ýurt baştutanlarynyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Daşkentde geçirilen ozalky konsultatiw duşuşykda gelnen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň netijelerine garajakdygy aýdylýar.

Mundan başga-da, maslahatyň gün tertibine sebitiň ygtybarly we durnukly ösüşi bilen bagly soraglaryň, energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk üçin oňaýly şertleriň döredilmeginiň, transport-kommunikasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, pandemiýa garşy tagallalary utgaşdyrmagyň we beýleki meseleleriň hem goşulandygy bellenilýär.

Şol bir wagtda, sebiti ýakyndan yzarlaýan ekspertler maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýanyň üç ýurdy bilen serhet araçägi bolan Owganystandaky barha ýaramazlaşýan howpsuzlyk ýagdaýlaryna hem aýratyn uly üns beriljekdigini belleýärler. Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Panniýer regiondaky her bir ýurduň bu meselä özboluşly çemeleşýändigini nygtap, maslahatyň netijeleri boýunça umumy sözlerden başga, uly üýtgeşiklere garaşmaýandygyny aýtdy.

“Türkmen prezidenti [Gurbanguly] Berdimuhamedowyň bu meseläniň üstünde köp durmajakdygyny çaklaýaryn. Ol ‘ähli taraplary dialoga çagyrýaryn’, ‘meseläniň parahatçylykly çözülmeginiň tarapynda çykyş edýärin’ ýaly umumy bir beýanat bilen çykyş eder. Emma regionyň beýleki döwletleri Owganystandaky ýagdaýlara düýpgöter başgaça çemeleşýärler, şol sebäpli bu meseläniň üstünde has içgin durlup biler. Aşgabat ‘Talyban’ bilen gönümel gepleşikleri geçirýär, Özbegistan we Täjigistan bolsa Russiýa bilen birlikde owgan serhetleriniň çäginde harby türgenleşikleri geçirýär. Emma gepleşikleriň netijeleri boýunça ‘ähli taraplary gepleşiklere çagyrýarys’ äheňdäki juda aram beýanat ýaýradylar” diýip, Panniýer belledi.

Ol duşuşygyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryna, COVID-19-a garşy durmak çärelerine hem uly ünsüň beriljekdigini aýtdy.

“Garaz, bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bir şowhuny bolar. Bu ýurtlar [garaşsyzlygyna eýe bolanyndan] tas 20 ýyl soňra, 2018-nji ýylda bir ara gelip, ilkinji özara maslahatyny geçirdiler. Ähli bäş prezidentiň bir ýerde jemlenip, bar bolan meseleleri, özara hyzmatdaşlygy maslahat etmeginiň özi hem duşuşygyň möhümliligini artdyrýar. Ýeke bolandan, bilelikde hereket etmek has gowy” diýip, Panniýer sözüne goşdy.

Mundan başga-da, konsultatiw duşuşygyň çäginde prezidentleriň ikiçäk duşuşyklary hem geçirmegine garaşylýar. 4-nji awgustda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň täjik kärdeşi Emomali Rahmon bilen duşuşyp, resmi beýanata laýlylykda, beýleki meseleler bilen bir hatarda Owganystandaky ýagdaýlary hem maslahat etdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleriniň birinji konsultatiw duşuşygy 2018-nji ýylda Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda, ikinjisi hem 2019-njy ýylda özbek paýtagty Daşkentde geçirilipdi. Liderleriň üçünji duşuşygyny ilki başda 2020-nji ýylyň awgustynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçirmek göz öňünde tutulupdy. Emma koronawirus aladalary sebäpli onuň ýeri we wagty üýtgedildi.

Türkmen metbugatyna görä, “Awazadaky” maslahatyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlar Dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň konserti we nahar sergisi bilen birlikde ençeme çäräniň geçirilmegine garaşylýar. Ähli çäreleriň şol günüň içinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmen hökümeti ýurduň çäginde geçirilýän halkara çäreleri özüniň “halkara abraýynyň ykrarnamasy” hökmünde wagyz etmäge synanyşýar.

Ýöne ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar türkmen hökümetini öz ilatyna basyş etmekde, ýurt raýatlaryny esasy azatlyklardan gözçykgynç mahrum etmekde yzygiderli tankyt edýärler.

Galyberse-de, maslahatyň öňüsyrasynda türkmen häkimiýetleri “Awaza” syýahatçylyk zolagyny ýerli syýahatçylardan mejbury arassalamak boýunça kampaniýa geçiripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG