Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatdan buýruk geldi: pensionerleriň internet talaplary 'sypaýyja' ret edilýär


Balkanabat. Internet kafesiniň öňünden geçip barýan eneli-gyz. Bezeg suraty
Balkanabat. Internet kafesiniň öňünden geçip barýan eneli-gyz. Bezeg suraty

Türkmen häkimiýetleri pensiýa pullaryna internet çekdirip, daşary ýurtlardaky çagalarynyň halyndan habar almak isleýän ene-atalaryň öňündäki 'bolanok diwaryny' has-da beýgeltmek kararyna gelene meňzeýär, telegraf işgäri 'häzir internet çekmegiň gadagandygyny', buýrugyň Aşgabatdan gelendigini aýdýar.

Azatlygyň Marydaky habarçysy bilen gürleşen ýolötenli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, olar indi birnäçe aý bäri “öýlerinde WiFi internet arabaglanyşygyny gurnadyp bilmeýärler”. Bu maglumaty Ýolötende başga adamlar hem tassyk etdi.

“Birnäçe aý mundan öň "Türkmentelekoma" arza ýazyp, öýmüzde WiFI internet arabaglanyşygyny gurup beriň diýdik. Her aýda birki gezek baryp soraýarys, emma her baranymyzda şol bir jogaby - häzir bizde nokat ýok” diýen sözleri eşidýäris” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň biri aýtdy.

Öýlerinde internet arabaglanyşygyny edinmek isleýän adamlar daşary ýurtlarda okaýan, işleýän çagalary bilen gepleşip, olaryň ýüzlerini görmek, hal-ýagdaýlaryny bilmek isleýändiklerini aýdýarlar.

“Eger öýlerinde internet baglanyşygy bolan adamlardan soramasak, biziň köpimiz çagalarymyzyň hal-ýagdaýyny, öli-diridigini hem bilip bilmeýäris. Onsoň olaryň ýanlarynda gezip ýören ýoldaşlarynyň bärdäki ene-atasyndan ‘çagaňyz oňatmy, biziň çagamyz hem ýanyndamy, bir-birini görýärmi?’ diýip soraýarys. Olar ‘hawa’ diýse, begenýäris” diýip, radionyň söhbetdeşi daşarky dünýäniň ösen tehnologiýasyna ymsynyp ýaşamaly bolandygyny hem sözüne goşdy.

Azatlyk soňky ýyllarda daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentleriň ýüzbe-ýüz bolýan maliýe kynçylyklary barada hem yzygiderli habar berýär. Yzlaryndan gelýän puldan kesilen studentler dürli işlerde işläp, käte saglyklaryny, janlaryny hem howp astyna salýarlar.

Ýerli habarçy bilen gürleşen ene-atalar okuwa giden çagalarynyň çekýän maliýe kynçylyklaryny tassyklap, ‘haçan gepleşjek bolsak, çagamyz ýa o taýda işleýär, ýa bu taýda işleýär’ diýen habary alýarys” diýdiler.

“Çagam okuwyna hiç üns berip bilenok, tapan işinde işläp, iýjek çöregini ylgap gazanmaly bolýar” diýip, ýolötenli ýaşaýjy aýtdy.

“Biz çagamyzyň sesini öz gulagymyz bilen eşitmek, ýüzüni öz gözümiz bilen görmek isleýäris, bular bolsa biz ýaly garry ene-atalary öz çagasyny görmekden we eşitmekden mahrum edýärler, biz bu hökümetden gaty nägile” diýip, bir-birinden bihabar ýaşaýjylar şol bir mazmundaky zeýrençli sözleri gaýtaladylar.

Pensiýa pullaryndan tygşytlap, internet arabaglanyşygyny edinjek bolýan ene-atalar diňe Ýolöten etrabynda däl, Mary sebitiniň ähli ýerinde köpelýär diýip, radio bilen anonimlik şertinde gepleşen telegraf işgäri aýtdy.

“Başlygymyz mundan üç öň ýygnak edip, häzir hiç kime internet arabaglanyşygyny gurup bermäň, Aşgabatdan buýruk berdiler” diýip, ol häzir gaty az adamyň internet çekdirip bilýändigini, bu ýagdaýyň näçe wagta çekjegini bilmeýändigini gürrüň berdi.

Hünärmeniň tassyklamagyna görä, internet çekdirmekçi bolýan adamyň hojalygynda biri daşary ýurtlarda işleýän, okaýan bolsa, munuň ýaly hojalyklara internet çekmek düýpden gadagan edildi.

Biz çagamyzyň sesini öz gulagymyz bilen eşitmek, ýüzüni öz gözümiz bilen görmek isleýäris, bular bolsa biz ýaly garry ene-atalary öz çagasyny görmekden we eşitmekden mahrum edýärler, biz bu hökümetden gaty nägile.
Ýolötenli ýaşaýjy

“Bu hili adamlara ‘häzir öýjük nokady ýok, bolsa açyp bereris’ diýip, olary sypaýyçylyk bilen ugratmak tabşyryldy. Eger-de başlygyň özi biriniň adyny tutup, “şu adama internet çekiň diýip aýtsa, çekip bermeli, bolmasa gadagan” diýip, telegraf işgäri habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Bu gadaganlyk bir tarapdan adamlaryň internete baglanyp, hökümeti tankytlaýan adamlaryň çykyşlaryny diňlemezlikleri üçin girizilse, ikinji tarapdan daşary ýurtlarda okaýan studentler ene-atalary bilen gepleşip, olara öz görýän kynçylyklaryny aýtmasynlar diýip girizilýär diýip, aragatnaşyk pudagynyň başga bir işgäri hem öz pikirini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, “häzir daşary ýurtlarda okaýan, işleýän adamlary ýuwaşjadan çagyryp, ýekelikde leksiýa geçip başladylar; ‘men VPN ulanmajakdygym barada sizi ynandyrýaryn’ diýip, hukuk goraýjylar adamlara dilhaty ýazdyrýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran resmi Azatlygyň ýerli habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Häkimiýet başyna gelende giň bilim özgertmelerini we internet mümkinçiliklerini wada beren Gurbanguly Berdmuhamedow soňky ýyllarda “internetiň ganym duşmany” hökmünde hem tanalýar we geçen ýylyň başynda ol ýurduň kanun çykaryjylarynyň öňünde eden çykyşynda kompýuteriň, telefonyň we planşetiň ‘zyýanlary’ barada ilkinji gezek açyk gürrüň etdi.

Emma döwlet habarlarynda "özüni öwdürmekden ýadamazlykda" tankytlanýan prezident öz ‘aladasyny’ adamlaryň garaşsyz maglumat almak, aňsat aragatnaşyk gurmak mümkinçiliklerini azaltmak niýeti bilen däl-de, ýurt ilatynyň saglygyny goramak islegi bilen düşündirmäge çalyşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG