Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň mekdeplerinde ‘mobil telefon gadagançylygy’ güýçlendi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň mekdeplerine mobil telefonlary getirmegi we ulanmagy çäklendirýän gadagançylyk täzeden güýçlendi. Öňki ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl bu gadagançylygy berjaý etmek diňe okuwçylardan däl, eýse mekdep mugallymlaryndan hem talap edilýär.

“13-nji noýabrda şäheriň mekdeplerinde, şol sanda 15-nji mekdepde sagat 15:00-da ene-atalar ýygnagy geçirildi. Şonda mugallymlar okuwçylaryň mekdebe mobil telefonlary getirmeginiň gadagandygyny duýdurdylar. Olar bu talabyň güýçlenendigini aýdyp, mobil telefon gadagançylygy barada prezidentiň kararyny okadylar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren habarçy 14-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Aşgabatly ene-atalaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçynyň sözüne görä, klas ýolbaşçylar bu gadagançylygyň diňe okuwçylara däl, eýse özlerine hem degişlidigini aýtdylar.

“Klas ýolbaşçylar ‘Şu günden başlap mugallymlar hem mekdebe gelende, irden öz mobil telefonlaryny mekdep ýolbaşçylaryna tabşyrmaly we okuw güni tamamlanandan soňra alyp gitmeli edildi’ diýdiler. Ene-atalar duýduryş bilen tanyşandyklary hakynda resminama gol çekdiler. Şeýle-de, ene-atalara okuwçy telefon bilen tutulsa, onuň elinden alynjakdygyny we yzyna berilmän, Bilim ministrligine tabşyryljakdygyny hem duýdurdylar” diýip, habarçy anonim şertde söhbetdeş bolan aşgabatly ene-atlaryň biriniň sözüni getirdi.

Aýdylmagyna görä, klas we mekdep ýolbaşçylary bu gadagançylygyň güýçlenmeginiň sebäpleri barada anyk düşündiriş bermeýärler. Ýöne Azatlygyň habarçylary we ene-atalaryň ençemesi munuň sebäplerini “türkmen häkimiýetleriniň hakykatyň aýan bolmagyndan gorkýandygy” bilen düşündirýärler.

“YouTube saýtynda mobil telefonlar bilen surata düşürilen wideolaryň ençemesi peýda boldy. Mekdeplerde dürli köpçülikleýin çäreler, abatlaýyş işleri we beýlekiler üçin yzygiderli pul ýygnalýar. Olar bu zatlaryň mobil telefonlar arkaly surata ýa wideo düşürilmeginiň öňüni almaga synanyşýarlar. Mysal üçin, prezident saýlawlary bolanda, telewideniýede çykyş edýänler ähli kandidatlaryň deň hukukly, deň derejededigini aýtdylar. Ýöne hakykatda, ähli edara-kärhanalarda diýen ýaly raýatlaryň kime ses bermelidigi we nirä bellik etmelidigi öňünden aýdyldy” diýip, aşgabatly ene-atalaryň biri aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda aýdylanlar barada paýtagtyň 15-nji orta mekdebinden we şäheriň Baş bilim müdirliginden kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi. Şeýle-de, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gürrüňi edilýän karary barada-da ýurduň resmi websaýtlarynda ýa-da Internetde maglumat tapyp bolmady.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň mekdeplerinde ýa-da ýokary okuw jaýlarynda studentleriň we okuwçylaryň mobil telefonlary ulanmagyny çäklendirýän gadagançylyklar barada mundan öň hem habar beripdi.

Geçen ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň studentlerinden gyşky dynç alyş möwsümi döwründe mobil telefonlary ulanmajakdyklary we Internetden peýdalanmajakdyklary hakynda dil haty alyndy. Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda studentlere diňe gyşky dynç alyş möwsümi döwründe däl, eýse tutuş okuw ýylynyň dowamynda mobil telefonlary ulanmak gadagan edilýär.

Geçen ýylyň 1-nji fewralynda bolsa, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň duýdansyz Aşgabadyň mekdeplerine aýlanyp, okuwçylaryň mobil telefonlarynyň barlaýandygyny, Azatlygyň habarçylary habar berdiler.

Şonda habarçy ene-atalara we okuwçylara salgylanyp, Aşgabadyň Gaudan “W” etrapçasyndaky 18-nji mekdepde telefonyndan Fransiýada protestleri geçiren sary keltekçelileriň suraty çykan okuwçylaryň biriniň ýüzüne şarpyk çalynandygyny hem aýdypdy.

Halkara guramalarynyň adam hukuklary, metbugat we internet azatlygy boýunça çap edýän ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistan ýylyň-ýylyna tankyt edilip, dünýäde iň ýaramaz görkezijilere eýe ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG